ABŞ-da geçirilen CES 2023 elektronika we tehnologiýa sergisinde Sony we Honda bilelikde döredilen Afeela markasynyň awtomobiliniň ilkinji prototipini görkezdiler. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Bilelikdäki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, “Afeela” sözi iňlis dilindäki “feel” – “duýmak” sözünden gelip çykyp, awtomobil bilen adamyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejesini alamatlandyrmalydyr. Bu elektromobilde bir wagtyň özünde sürüjä kömek bermek we güýmenje mazmuny üçin ulanyp boljak awtomobil prosessoryny çykaran Qualcomm kompaniýasynyň önümleri we tehnologiýalary ulanylar. Sergide hödürlenen Afeela prototipi 40-dan gowrak datçikler we kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ilkinji Afeela ABŞ-da, Honda-nyň Ogaýodaky kärhanasynda ýygnalar. Ilkinji sargytlar 2025-nji ýylda kabul edilip başlanar, hakyky satuw bolsa 2026-njy ýylda başlar. Kompaniýanyň dilerlerden ýüz öwürmegi hem ähtimal, sebäbi öň Sony Honda Mobility-nyň awtoulaglary onlaýn satjakdygy habar berlipdi.