Türkmenistan bilen Hytaý «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan–Hytaý» gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler. Bu barada Si Szinpin bilen Serdar Berdimuhamedowyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar. Beýannamada bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygy möhümdigini belleýärler. Taraplar bu ugurda toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň bu ugrunda – önümçilikde, turbageçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde ülňüsi döredilendigini belleýärler. Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, akýüreklilik, açyklyk we özara bähbitli ýörelgelere eýerip, Taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler,