6-njy ýanwarda Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Umumy pikire görä, häzirki günde Aşgabat hem-de Pekin döwletara gatnaşyklarynyň has oňyn görnüşini işläp taýýarladylar. Gatnaşyklaryň bu görnüşi Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýan türkmen hem-de hytaý halklarynyň dünýägaraýşyny we taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak bilen öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.