Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pekiniň merkezinde ýerleşýän Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Týananmen meýdançasynyň günbatar böleginde ýerleşýän bu desga dünýäde iň gelim-gidimli muzeýleriň biri hasaplanýar diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar. Nygtalyşy ýaly, bu ýerde döwlet Baştutany muzeýiň käbir ekspozisiýa zallaryna aýlanyp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyna muzeýiň aýratynlyklary hem-de onda saklanýan täsin gymmatlyklar barada gürrüň berildi. Bu ýerde ýurduň taryhynyň iň gadymy döwürlerinden başlap, häzirki gününe çenli gaýybana syýahat etmek bolýar. Mundan başga-da, muzeýde hytaý sungatynyň sergileri, häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalaryň gazananlary görkezilýär. Neolit döwründen galan eksponatlary bilen haýran galdyrýan muzeýde bürünçden, keramikadan, farfordan, nefritden, altyndyr kümüşden ýasalan täsin tapyndylar bar. Bu ýere gelýänler gadymy hytaý suratlary, kalligrafiýa eserleriniň täsin nusgalary bilen hem tanşyp bilýärler.