Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna barabar bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 8 million 956 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.