Günorta Koreýanyň monopoliýa garşy edaralary Tesla kompaniýasyna 2,2 million dollar möçberinde jerime saldylar. Amerikan awtoulag öndürijisi galp mahabatda aýyplandy diýip, Automotive News ýazýar. Teslanyň mahabatda birbada birnäçe nädogrulyklary görkezendiginiň üsti açyldy. Ol nädogrulyklar potensial alyjylary ýalňyş pikirlere iterip, goşmaça çykdajylara we ulaglary ulanýarka oňaýsyz ýagdaýa sezewar edip bilerler. Koreýanyň düzgünleşdiriji edaralarynyň pikiriçe, Tesla bir zarýad bilen geçýän aralygyny aşa uly görkezdi we şol bir wagtyň özünde akkumulýatoryň zarýad alyş wagtyny azaldyp aýtdy. Mundan başga-da, kompaniýa, içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen deňeşdirilende, näçe tygşytlap boljagynyň mukdaryny hakykatda bolmalysyndan has ýokary görkezýär. Derňew 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär we ýüze çykarylan düzgün bozmalar 2019-njy ýyldan bäri dowam edýän eken. Kazyýet işine seredilýän mahaly Tesla eýýäm hakyky sanlar arzada görkezilenlere gabat gelmese, jogapkärçilikden boýun gaçyrjakdygy baradaky jümläni öz günorta koreý saýtyna goşdy. Emma munuň peýdasy bolmady.