Dünýäniň kino pudagy kem-kemden pandemiýadan öňki önümçilik derejesine gaýdyp gelýär we koronawirus sebäpli goýberilmegi gijikdirilen ähli taslamalary tomaşaçylara görkezmäge howlugýar. Şu ýyl köp sanly ilkinji görkezilişleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň käbiriniň entek goýberiljek senesi hem belli däl, mysal üçin, Martin Skorsezäň Leonardo Di Kaprio bilen Robert De Niro-nyň oýnamagynda “Gül aýynyň ganymlary”, Maýkl Mannyň Adam Draýweriň oýnamagynda “Ferrari” filmleri we Disneýiň giň göwrümli “Piter Pen we Wendi” filmi. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda “Amal edip bolmajak missiýa” filminiň ýedinji bölümi, “Jon Wik”-iň pajygaly soňlamasyny we ýaş Willi Wonkanyň keşbinde Timoti Şalameni görjekdigimize doly ynam bar. "Jon Wik - 4" 24-nji martda çykmagy meýilleşdirilýär "Gallaktikanyň goragçylary. 3 bölüm" 5-nji maýda çykmagy meýilleşdirilýär "Suwperisi" 26-njy maýda çykmagy meýilleşdirilýär "Möý-adam: Älemler içre - 2" 2-nji iýunda çykmagy meýilleşdirilýär "Fleş" 16-njy iýunda çykmagy meýilleşdirilýär "Indiana Jons we ykbal sagady" 30-njy iýunda çykmagy meýilleşdirilýär "Amal edip bolmajak missiýa. Ölüm howply haklaşyk. 1-nji bölüm" 14-nji iýulda çykmagy meýilleşdirilýär "Barbi" 21-nji iýulda çykmagy meýilleşdirilýär "Oppengeýmer" 21-nji iýulda çykmagy meýilleşdirilýär "Dýuna-2" 3-nji noýabrda çykmagy meýilleşdirilýär "Willi Wonka" 15-nji dekabrda çykmagy meýilleşdirilýär "Holop-2" 21-nji dekabrda çykmagy meýilleşdirilýär "Akwamen we ýitirilen patyşalyk" 25-nji dekabrda çykmagy meýilleşdirilýär "Ýene ýüz ýyldan" 28-nji dekabrda çykmagy meýilleşdirilýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir