Türkmenistanda ýanwar aýynyň ilkinji günleri maýyl howa boldy, emma howa maglumaty gullugy eýýäm 8-nji ýanwardan howanyň birden sowap başlajakdygyny duýdurýar diýip, Meteožurnal habar berýär. Maýyl siklon demirgazyk-gündogara gider, onuň yzysüre gelýän arktika howasy Russiýanyň ýewropa böleginiň çäginden we Gazagystanyň günbataryndan geçip, 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň demirgazygyna geler. 7-nji ýanwarda Daşoguz welaýatynda + 8 °… + 13 ° bolar, ýöne 8-nji ýanwarda günortan eýýäm 0… -5 ° bolar. Agşam temperatura -3 °… -8 ° çenli peseler. 7-nji ýanwarda Aşgabatda temperature + 16… + 19 dereje bolsa, 8-nji ýanwarda + 3 °… + 6 ° çenli sowar. Sowuk arktik howa günorta tarap süýşmegini dowam eder we deslapky çaklamalara görä, Türkmenistanyň demirgazygynda aýaz -15 ° ... -20 ° derejelere ýetmegi mümkin. Şol bir wagtyň özünde, ýagyş ýagsa-da, esasan, günorta sebitlerde ýagar diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir