Bäş ýurt - Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şweýsariýa - sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişdi. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, forbes.kz habar berýär. Olaryň ikiýyllyk ygtyýarlyk möhleti resmi taýdan 1-nji ýanwardan başlady, ýöne ilkinji iş güni sişenbe güni, 3-nji ýanwarda başlady. Olaryň işe girişmekleri mynasybetli 2018-nji ýylda Gazagystan tarapyndan başlanan baýdak dikmek dabarasy geçirildi. Gazagystanyň BMG-däki hemişelik wekili Akan Rahmetullin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl täze bäş agzasynyň global parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meselelerine ünsi gönükdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. "Biz täze ýyla başladyk, ýöne global ýagdaýyň henizem dowam edýän dawalardan we ynsanperwer betbagtçylyklardan başlap, howanyň üýtgemeginiň we pandemiýanyň ýaramaz netijelerine çenli köp sanly kynçylyklar we çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdyňdyr" - diýip, ol belleýär. Onuň aýdyşy ýaly, bu möhüm meseleleriň çözgüdi hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy, şeýle-de BMG-niň ähli agza döwletleriniň ygrarlylygyny talap edýär. Saýlanan bäş ýurt Hindistanyň, Irlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň ornuny çalyşdy. Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine hemişelik bäş agza we iki ýyl möhlet bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan saýlanýan hemişelik däl 10 agza girýär. Hemişelik däl bäş agza her ýyl çalşylýar. Albaniýa, Braziliýa, Gabon, Gana we BAE hemişelik däl agzalar hökmünde özleriniň ikiýyllyk möhletiniň ortasyndadyr.