Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder. Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.