28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatlarda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini degişli derejede geçirmek, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.