Britaniýadan Flossi atly pişik dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan iň garry pişik diýlip ykrar edildi. Häzir onuň ýaşy 26 ýyl we 316 gün. Bu barada moya-planeta.ru habar berýär. Flossi 1995-nji ýylda Mersisaýdda doguldy. Ilkibaşda onuň öýi hem ýokdy we ol ýerli hassahananyň golaýyndaky pişikleriň “koloniýasynda” ýaşaýardy. Flossini köçeden bir işçi alýar. Pişik hojaýyny bilen 10 ýyl ýaşaýar, soň hojaýyn aradan çykýar. Onuň aýal dogany Flossini özi bilen alyp gidýär we ol täze hojaýyny bilen 14 ýyl ýaşaýar. Ahyrynda pişiklere ideg etmek boýunça hünärmen Wiki Griniň eline düşýär we ol Flossiniň ýaşyny takyk kesgitleýär. “Men Flossiniň üýtgeşik pişikdigini ilkibaşdan bilýärdim. Ýöne men öýümi Ginnesiň rekordlar kitabynyň rekord eýesi bilen paýlaşaryn diýip pikir etmändim. Ol, aýratynam, onuň näçe ýaşyndadygyny bilseň, şeýle bir mähirli, oýunçy we eýjejik” – diýip, NDTV Wikiniň sözlerini getirýär. Häzirki wagtda Flossi eşitmeýär diýen ýaly, onuň görşi hem gowşak. Şeýle-de bolsa, bu onuň özüni alada goýmaýar. Hojaýynyň aýtmagyna görä, onuň işdäsi örän gowy. Wiki Flossiniň taryhynyň adamlar üçin gowy motiwasiýa boljakdygyna we olaryň garry pişikleri ýygy-ýygydan özlerine seretmäge aljakdyklaryna umyt bildirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir