Germaniýanyň Deutsche Telekom tellekommunikasiýa kompaniýasy 142 ýyl ulanyşdan soň ýurtda taksofonlaryň ulanylyş döwrüniň tamamlanýandygyny mälim etdi. Häzirki wagtda ýurtda 12 müň taksofon henizem işleýär, ýöne olarda nagt töleg ulgamy ýatyryldy we adamlar olary diňe telefon kartynyň kömegi bilen ulanyp bilýärler. Ýöne bu funksiýa hem 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda işlemegini bes eder. Bu barada euro-pulse.ru habar berýär. Öýjagazlary doly söküp aýyrmak işlerini 2025-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Ýurtda diňe 3 müň öýjagaz galdyrylyp, olar hem mobil gurşawyny güýçlendirmek üçin öýjükli aragatnaşyk wyşkalaryna öwrüler. Söküp aýrylan öýjagazlar muzeýlere we hususy kolleksionerlere satylar. Germaniýada ilkinji “telefon kiosky” 1881-nji ýylda Berlinde açyldy. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda taksofonlar giňden ýaýrady we şol wagt ýurtda 160 müň töweregi telefon öýjagazy bardy. 2015-nji ýylda taksofon döwri Belgiýada, 2017-nji ýylda Daniýada tamamlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir