Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Daşoguz welaýatynyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer. Daşoguz welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.