Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, welaýatyň Farap we Döwletli etrap häkimliklerini ýatyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer. Lebap welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir