«Ýylyň awtoulagy» (Car of the Year 2022) baýragynyň guramaçylary ýedi ýeňijini yglan etdiler. Şort-liste bäş sany elektromobil we içinden otlandyrylýan hereketlendirijili modeliň ikisi girdi. Renault Austral bilen Peugeot 408, şeýle-de doly elektrikleşdirilen Jeep Avenger, Nissan Ariya, furgon Volkswagen ID. Buzz, Kia Niro we platformadaş Subaru/Toyota bZ4X ýeňiji boldular. Ses berlişigiň jemleri 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Brýusseldäki awtosalonda jemlener. Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan bir topar žurnalistler girýär. Baýragyň jemleýli tapgyryna çykmak üçin 45 model dalaş etdi. Ýatlatsak, Kia EV6 elektrokary "2022-nji ýylyň awtoulagy" diýip yglan edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir