Dünýädäki iň uly kriptowalýuta biržasynyň operatory Binance Holdings Ltd. ýylyň başyndan bäri 1,4 trln dollar töweregi ýitiren kriptowalýuta bazaryny dikeltmegi maksat edinýän gaznany döretdi. Industry Recovery Initiative (IRI) adyny alan gazna maýadarlar üçin açyk bolup, 6 aý töweregi hereket eder. Şol bir wagtyň özünde Binance munuň maýa goýum gaznasy däldigini belleýär diýip, interfax.ru habar berýär. IRI gaznasyna elýeterli bolmak üçin her bir maýadar gaznanyň aç-açanlygyny üpjün eder ýaly açyk salgylanmalary peýdalanyp, kriptowalýuta görnüşinde kapital bermeli bolar. Binance-yň özi IRI-ne 1 mlrd dollar berdi we geljekde zerur bolan ýagdaýynda bu mukdary 2 mlrd dollara çenli artdyryp biler. Binance-yň başlygy Çanpen Çžao Twitter akkauntynda kompaniýanyň serişdeleriniň üç tokene – bitkoinlere, Binance USD-e we Binance Coin-e bölünendigini habar berdi. IRI ýapylan wagtynda maýadarlar ulanylmadyk serişdelerini yzyna alyp bilerler. Kapital bermegi eýýäm wada beren gatnaşyjylaryň arasynda birža Jump Crypto, Polygon Ventures, Aptos Labs, Animoca Brands, GSR, Kronos we Brooker Group ýaly kriptowalýuta kompaniýalaryny agzap geçdi. Olar umumylykda 50 mln dollar bermäge söz berdiler. IRI pullary kriptowalýuta pudagyndaky dürli taslamalara gönükdirer. Oňa eýýäm serişde almak üçin 150 töweregi arza gelip gowuşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir