Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 30-njy noýabrda «Raşid» lunohodyny ABŞ-daky Kanaweral burnundan uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Muhammed ben Raşidiň Kosmiki merkezi habar berdi. “BAE-niň birinji aý missiýasyny ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmiki güýçleriniň bazasyndan goýbermegiň täze senesi 30-njy noýabra bellendi” – diýip, merkeziň Twitterde ýerleşdiren habarynda aýdylýar. Şol bir wagtda apparatyň goýberiljek senesi howa şertleri we beýleki ýagdaýlar bilen bagly üýtgedilip bilner. Öň roweri Aýa 28-nji noýabrda ugratmak meýilleşdirilipdi. 13-nji oktýabrda merkez roweri synagdan geçirmegiň tapgyrlarynyň tamamlanandygy we onuň uçuşa taýýardygy hakynda habar beripdi. GulfNews gazetiniň berýän habaryna görä, Muhammed ben Raşidiň Kosmiki merkeziniň hünärmenleriniň topary eýýäm Florida ştatynyň Jon Kennedi adyndaky Kosmiki merkezine geldi. Apparat Aýa söwda maksatly we hökümet ýükleriniň bir toparyny, şol sanda iki sany roweri eltmeli. Aýa çenli uçuş bäş aý töweregi wagt alar diýip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir