20th Century Pictures «Awatar 2: Suwuň ýoly» (Avatar: The Way of Water) filminiň üstünde işlemekligiň resmi taýdan tamamlanandygyny resmi görnüşde mälim etdi. Film prokata 16-njy dekabrda çykar. Mundan başga-da, kompaniýa soňky treýlerini we mahabat posterini goýberdi. Mälim bolşy ýaly, bu filmiň sýužeti hemişekisi ýaly Pandora saýýarynda we Na'wi halkynda jemlenendir. Baş gahrymanlary – Jeýk bilen Neýtiriniň maşgalasy. Wakalar birinji filmiň sýužeti tamamlanandan 14 ýyl geçensoň ýaýbaňlanýar. Filmdäki täze keşpleri Keýt Uinslet we Mişel Ýeo ýerine ýetiripdir, şol bir wagtda Sem Uortington, Zoi Saldana, Sigurni Uiwer we beýleki aktýorlar filme täzeden gaýdyp gelipdirler. Bu filmde esasy üns suwasty sahnalara berilýär. Owadan suwasty dünýäni döretmek üçin, ençeme tehniki kynçylyklary ýeňip geçip, suwastynda esli zatlary surata düşürmeli boldy diýip, režissýor Jeýms Kemeron gürrüň berýär. Aglaba tehnologiýalar we 3D hakynda gürrüň berýän geçen gezekki filmden tapawutlylykda, sikwel esasan gahrymanlary we emosiýalary köpräk beýan eder. Kemeron şeýle diýýär: “Biziň maksadymyz – emosional esasda adatdan daşary ynandyryjy bir taryhy gürrrüň bermek”. Myş-myşlara görä, “Awatar 2”-ni çykarmak 250 million dollara düşüpdir. Ýöne Jeýms Kemeron “Awatar 2”-niň kinonyň taryhynda iň erbet taslama bolandygyny aýdýar. Çykdajysynyň öwezini dolmak üçin oňa ABŞ-da azyndan 800 mln dollar we tutuş dünýä boýunça 2 mlrd dollar ýygnamak gerek bolar. Eger film prokatda özüni erbet görkezse, onda “Awatar 3” seriýanyň soňkusy bolar. Eger ol meşhurlyk gazansa welin, onda “Awatar 4” bilen “Awatar 5” hem çykar. Birinji “Awatar” baryp-ha 2009-njy ýylda çykypdy we taryhda iň girdejili filmleriniň biri bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir