Maña seniñ gözleriñden gitme ýok./ maña seniñ sözleriñden gitme ýok./ dü$ün,bu dünýäde soñky güne çen/ seniñ $atlyk hem gülkiñe bagly men. *** seniñ ýüpek gijeleñden gitme ýok,/ seniñ aýdyñ gündizleñden gitme ýok. *** bu garagol jahyllykdan giderin./ ol hasaly gojalykdan giderin./ çünki,men olardan gitmän bilemok,/ emma seniñ ykbalyñdan gitme ýok! *** men-zemin,sen bolsañ ullakan asman,/ saçyñy nur edip üstüme dökýäñ./ emma dü$ün,läläm,$eýle gün dogar-/ saçlaryñ gar bolup üstüme ýagar./ $onda ak saçyñy sylyp ýüzüme,/ gararyn belentden ýeriñ ýüzüne. *** men bir gyzda gözleriñi görerin,/ men bir gyzda sözleriñi görerin./ $apakda görerin ýañagyñ alyn,/ gijede görerin ýañagyñ halyn./ synlap ýapraklaryñ ýüzünde derin,/ onda seniñ garaý$yñy görerin. *** zemin aýlanyp dur.oñatlyk örän!/ hiç bir güýje oñ ýerini tutma ýok./ dünýäñ her gülünde men seni görýän,/ $onuñ üçin bu dünýäden gitme ýok!!!
"Maña seniñ gözleriñden gitme ýok..."
-
AHAL
13 years ago
- shu aydymy nirden yapyp bolar gardashlam???
-
nomerBIR
13 years ago
- men bir gyzda gozlerini gorerin men bir gyzda sozlerini gorerin shapakda gorerin yanagyn alyn gijede gorerin yanagyn halyn synlap yapraklaryn yuzinde derin, onda senin gozyashyny gorerin....
yerlikli aydylan soz yok
zeynap 13 years ago- ajayyp goshgy sagbol