Öňümizdäki hepde Türkmenistanda temperatura ortaça +35 derejeden ýokary bolar, käbir günlerde bolsa howanyň +44 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär. Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň aňrybaş temperaturasy +35 derejede saklanar. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +37 derejä galar. Penşenbede howanyň +44 derejä çenli gyzmagy mümkin. Howa maglumaty gullugy anna güni +36 dereje, şenbe güni bolsa +38 dereje yssy bolar diýip çaklaýar. Ýekşenbe güni howa +41 derejä çenli gyzar. Balkan welaýatynda howanyň gyzgynlygy duşenbe güni +36 derejä çenli, sişenbe güni bolsa +37 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe we penşenbe günleri özi bilen +40 dereje gyzgynlygy getirer we şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Anna güni gyzgynlyk az-kem düşüşip, termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer. Şenbe güni +40 derejä, ýekşenbe güni bolsa +43 derejä çenli yssy bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howanyň +33 dereje bolmagyna, sişenbe güni termometriň sütünjiginiň +34 derejä, çarşenbe güni bolsa +37 derejä çenli galmagyna garaşylýar. Penşenbede howanyň yssylygy +40 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy anna güni aňrybaş temperatura +38 derejä çenli düşüşer diýip çaklaýar. Şenbe güni howanyň +39 dereje, ýekşenbe güni bolsa +42 dereje bolmagyna garaşylýar. Mary welaýatynda duşenbe güni howa +35 dereje, sişenbede bolsa +33 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni howanyň gyzgynlygy ýokarlanyp, +37 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni yssy +44 derejä ýeter diýip çaklaýar. Anna gününden ýekşenbä çenli temperatura +42 - +43 dereje aralygynda bolar. Şeýle-de, anna güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemalyň öwüsmegi mümkin. Lebap welaýatynda duşenbe güni temperatura +33 dereje bolup, az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Sişenbe we çarşenbe günleri özi bilen +34 - +45 dereje aralygyndaky temperaturany getirer. Penşenbe güni howanyň yssylygy artyp, +39 derejä çenli gyzar. Anna güni termometriň sütünjigi +42 derejä çenli galar. Dynç günlerinde +43 dereje yssy bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir