Italiýanyň sport awtomobillerini öndürijisi Ferrari N.V şu ýylyň güýzünde özüniň häsiýetnamasy boýunça krossoweri (SUV, sport-utility vehicle) ýada salýan täze awtomobili hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada interfax.ru habar berýär. Purosangue atly täze model eýýäm uzak wagt bäri işlenilýär we hatda KHBS-de prototipiniň suratlary-da peýda boldy. Indi Ferrari awtomobiliň tanyşdyrylyş dabarasynyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda boljakdygyny habar berdi. Superkrossoweriň satuwynyň 2023-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Soňky ýyllarda krossowerler awtomobil bazarynyň ösüşine itergi berdiler. Hatda ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobilleri çykarmaga ýöriteleşmedik kompaniýalar hem öz parketniklerini çykarmaga başlady. Olaryň hataryna sportkar segmentinde Ferrari-niň esasy bäsdeşi Bentley bilen Lamborghini-de girýär. Şeýle-de, maýadarlar üçin geçirilen çärede Ferrari-niň ýolbaşçylygy 2025-nji ýylda awtomobiliň ilkinji doly derejede elektrik modeliniň peýda boljakdygyny anons etdi. Häzirki wagtda kompaniýa dört gibrid modeli, şol sanda SF90 Stradale flagman modelini çykarýar. Ferrari 2026-njy ýyla çenli satylýan awtomobilleriň 40%-iniň adaty içerki ýangyç hereketlendirijili, 55%-iniň gibrid, 5%-iniň elektrik hereketlendirijili awtomobil bolmagyna garaşýar. 2030-njy ýyla çenli kompaniýa elektrokarlaryň satuw paýyny 40%-e çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.