Hytaýyň Sidian uniwersiteti kosmos Gün energiýasynyň ýerüsti synaglary üçin dünýädäki ilkinji toplumlaýyn ulgamyň gurluşygyny tamamlady. Hytaýyň demirgazygyndaky Sian şäherindäki Sidian uniwersitetiniň günorta şäherçesinde ýerleşen beýikligi 75 metr bolan polat gurluşy kosmos Gün energiýasynyň (space-based solar power, SBSP) konsepsiýalaryny barlamak üçin goşmaça ulgamlary özünde jemleýär. Uniwersitetiň habaryna görä, ol 5-nji iýunda, meýilleşdirilen möhletden üç ýyl ir kabul ediş synagyndan geçdi diýip, ixbt.com habar berýär. Bu desga gün energiýasyny ýygnamak we ony elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenendir. Soňra elektrik energiýasy 55 metr aralyga antenna arkaly geçirmek üçin mikrotolkunlara öwrülýär. Ulgam ýagtylygy we fotoelektrik öwrülişigini jemlemek, energiýany mikrotolkunlara öwürmek, mikrotolkunlary geçirmek we tolkunlaryň şekilini optimizirlemek, mikrotolkun şöhlesiniň ugruny ölçemek we dolandyrmak, şeýle-de mikrotolkunlary kabul etmek we düzetmek ýaly tehnologiýalary öz içine alýar. Bu işe Hytaýyň SBSP boýunça abraýly hünärmeni, akademik Duan Baoýan ýolbaşçylyk etdi. Hytaýyň Sidian uniwersiteti geostasionar orbitada elektrik energiýasyny öndürmek we geçirmek üçin Orb-Shape Membrane Energy Gathering Array (SSPS OMEGA) hususy konsepsiýasyny taýýarlaýar. Geçen ýyl Hytaýyň kosmos tehnologiýalarynyň akademiýasy kiçi dirižablyň bortundaky peýdaly ýüki we deňizdäki gözleg gämisiniň bortundaky kabul edijileri ulanyp, mikrotolkun energiýalaryny 300 metr aralyga geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir