Ford 3,3 mln awtoulagy (2,9 milliondan gowrak ABŞ-dan we 394 müň sany Kanadadan) yzyna ýygnap alýandygyny mälim etdi. Gürrüň 2013-2019-njy ýyllarda goýberilen Escape, 2013-2018-nji ýyllaryň C-Max-i, 2013-2016-njy ýyllaryň Fusion-y, 2013-2021-nji ýyllaryň Transit Connect-i we 2015-2018-nji ýyllarda goýberilen Edge barada barýar. Häzirlikçe çagyryş kampaniýasy diňe Demirgazyk Amerikanyň bazaryna degişli, ýöne biraz soňrak onuň beýleki satyş bazarlaryny hem öz içine aljagy ikuçsuz. Ulaglaryň yzyna ýygnalmagynyň asyl sebäbi — sürüji ulagy duralgada goýup gidenden soň, olaryň öz-özünden sürlüp gidiberýän halatlary hem bolýan eken. Ondan hem başga, hereket wagty korobka degişli peredaça geçip bilmän, heläkçilikli ýagdaýa getirmegi mümkin eken. Ford emläge zyýan ýetmegi bilen bagly alty ýagdaýyň özüne mälimdigini, üstesine, transmissiýanyň nädogry işlemegi netijesinde alnan şikesler hakynda hem habar gelendigini aýtdy. Bu eýýäm şu hepdäniň içinde Forduň üçünji çagyryşy — ozal Ford 2020-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2022-nji ýylyň 24-nji maýy aralygynda 48 924 sany Mustang Mach-E-niň yzyna çagyrylandygyny mälim edipdi. Görlüp oturylsa, krossowerlerde gös-göni hereket wagty birden kuwwatyny ýitirmek ýagdaýy ýüze çykyp bilýän eken. Käbir ýagdaýlarda bolsa awtoulag, arasynda aşa gyzybam bilýän batareýanyň birleşdirilişinde ýüze çykýan näsazlyk zerarly, hatda herekete-de gelip bilmän durýan eken. Şeýle-de, gapy gulpunyň işleýşindäki näsazlyk sebäpli, 2021-2022-nji ýyllarda goýberilen Bronco wnedorožniginiň 51 103 sanysy hyzmat ediş merkezine getirilmeli.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir