«Ajaýyp asyr (Великолепный век)» teleserialyny görenleriňiz bar bolsa bilýänsiňiz, soltan Süleýmanyň Mahydöwrandan bolan ogly Mustapa temasyna aýratyn orun berilen. Serialda şazada batyr, akgöwün, dogry sözli we mähriban ynsan hökmünde suratlandyrylýar. Taryhda bolsa munuň tersi bolupdyr. Mustapa hiç wagtam mähriban ynsan däldi. Sowukgan, rehimsiz, häkimýet, tagt üçin hemme zada taýýar, egoist we gaharjaňdy. Şol häsiýetleri sebäpli birnäçe gezek soltan Süleýmanyň gaharyny getirýär. Enesi Mahydöwran oglunyň häsiýetini bilýänligi üçin hemişe ony goramaklyga, ýalan sözläp hem bolsa patyşanyň gazabyndan saklamaklyga çalşypdyr.
Şazada Mustapa Hürrem soltan hem-de Mehrimah bilen umuman gatnaşyk saklamandyr. Göýäki sanjagy dolandyrmak bilen meşgul bolupdyr.
Onsoňam serialda Mustapanyň ölüminde Hürrem soltan we Mehrimahy günäkär edip görkezýärler. Dogry, bir tarapdan seredeňde her bir ene öz perzendiniň şowlulyga ýetmegni isleýär. Hatda Hürrem hem ogullaryndan biriniň mirasdüşer bolmagyny isländigi tebigy ýagdaý. Ýöne aç-açan garşylyklaýyn hereket etmändir. Mustapanyň özi öz ölümine sebäpkär bolýar. Manisa häkim edip bellenensoň,daşary döwletleriň ilçileri ilki Mustapa bilen duşuşmagy,gepleşikler geçirmegi Süleýmanyň gaharyny getirýärdi. Şu hereketleri bilen atasynyň hökümdarlygyna saýa salyp başlapdy. Has'am, Mustapanyň sefewiler şasy bilen gizlin ýazyşmasy äşgär bolandan soň Süleýman belli karara geldi. Ana şol sebäpli Mustapany öldürtdi. Serialda görkezilende göýä Mehrimah Mustapa degişli möhüri ogurlandan soň Rüstem paşanyň tagallasy bilen ýazyşma gurnalýar. Emma taryhçylaryň ýazmagna görä, Mustapanyň möhürini ogurlamak asla mümkin däldi. Çünki ol möhüri elmydama ýanynda alyp gezipdir. Diýmek, ol haty öz islegi bilen ýazan bolup çykýar.
Näme hem diýerdik. Teleserialyň awtorlary hem esere ýagtylyk çaýmak, gapma-garşylykdan ybarat sahnalar köpräk bolmagy üçin hereket edipdirler. Näme bolanda-da serial dünýäni haýrana goýany weli hakykat.
*Şazada Mustapa hakykatda nähili şahs bolduka?
*****
-
Panturkist
2 years ago
- @Mr. Wunderkind, şazada Mustapa edil erbet gylykly şazada diýibä menem okamadym, hatda gowy häsiýetleri bilen tanalýan eken, ýöne onuň kakasynyň arkasyndan politiki ikilikler edendigi Osmanly arhiwlerinde bar zat. Halk ony daşyndan tanap halan bolup biler ýöne içerki politikada nämeler edýändigini diňe içindäkiler biler, ýagny Soltan we köşkdäki elitler.
Mr. Wunderkind 2 years ago- Şazada Mustapa hakykatdan hem ýaman häsiýetli şazada bolan bolsa, onda näme üçin
1) Halkyň arasynda, şahyrlaryň arasynda Soltan Süleýmany näletleýän goşgular, elegiýalar köp döredilipdir???
2) Mustapa öldürilenden soň näme üçin şol wagtky goşun ýanyçarylar aýaga galyp garşylyk görkezýär. Soltan Süleýman hem Weziri Rüstemi wezipesinden boşadýar???