Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda milli Liderimiz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda gazanylýan üstünliklerde, ýaşlary milli däp-dessurlara laýyklykda terbiýelemekde türkmenistanlylaryň ýaşuly nesliniň uly hyzmatlaryny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýynyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çagalar bölüminiň diş lukmany-terapewti Gurbannazar Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak kararyna gelendigini aýtdy.
Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda degişli döşe dakylýan nyşany gowşurdy hem-de mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda oňa däp bolan türkmen donuny we ak telpegi geýdirip, bu şanly waka bilen gutlady.
Uly hormat-sarpasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we munuň özi üçin aýratyn jogapkärçilikdigini nygtap, G.Ataýew mundan beýläk hem döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan oňyn özgertmelerini hem-de milletiň agzybirligini we jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Ýurdumyz üçin uly ähmiýetli çözgütleri kabul edýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň arakesme wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň başlyklygynda maslahat geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň wekilleri, döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy we milli Liderimiziň taryhy çykyşynda öňe sürlen başlangyçlara hem-de 2022 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we onda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Bu gün Türkmenistanda şan-şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy milli däp-dessurlar mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Milli Liderimiziň başyny başlan oňyn syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan meseleleri bu strategiýanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynda öz beýanyny tapýar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilleriniň çykyşlarynda beýan ediljek teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag Prezidentimiziň jogapkärli wezipelere Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden pikiriniň wajypdygy bellenildi. Ýaşuly nesil bu başlangyjy doly goldaýar. Şol başlangyçda bolsa döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan halypaçylyk ýörelgeleriniň asylly däpleri öz beýanyny tapýar.
Maslahatyň dowamynda garalan meseleler baradaky pikir alyşmalar soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda dowam etdirildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň geljekki ösüş döwrüniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny belledi. Şol esasda hem Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy taýýarlandy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň bu maksatnama bilen tanşandygy bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzir ýene-de bu barada maslahatlaşsak, dogry bolar diýdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň esasy hünärmeni Döwletgeldi Gurbanow çykyş etdi. Ol Arkadag Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini we ýatdan çykmajak taryhy wakadygyny belläp, bu mejlisde döwlet ähmiýetli meselelere garalýandygyny aýtdy.
Obasenagat toplumynyň wekili ýurdumyzyň ekerançylarynyň adyndan milli Liderimize döredilen şeýle mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlary hem-de giň gerimli işleri netijesinde yhlasly zähmet çekmäge oba zähmetkeşleri üçin iň amatly şertleriň döredilýändigini nygtady. Türkmen daýhanlary bu alada jogap edip, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny yzygiderli artdyrýarlar.
Watanymyzda obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagy sanlylaşdyrmak, onuň möhüm meselelerini oňyn çözmek üçin uly tagallalar edilýär. Soňky ýyllarda zähmetsöýer ekerançylar pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny alýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynyň işjeň ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Daýhanlara yzygiderli goldaw berilýär. Şonuň bilen birlikde, täze kuwwatly gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany artdyrylýar. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurulýan hem-de ulanmaga berilýän ýyladyşhanalar, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, sowadyjy ammarlar oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna, ýurdumyzyň bazarlarynyň ýylyň ähli paslynda harytlar bilen doly üpjün edilmegine ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary yhlasly we netijeli zähmet çekýärler. Olaryň ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmegi, ýeňillikli bahadan tohum hem-de dökün bilen üpjün edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň giňeldilmegi bol hasyl almaga mümkinçilik berýär diýip, D.Gurbanow belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän şu ýylyň başynda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlary ekerançylary, maldarlary we balykçylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Oba zähmetkeşleri döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen, öz öňlerinde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin ähli tagallalary edýärler. Olar Gahryman Arkadagymyza hem-de adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren gülläp ösýän Watanymyza tüýs ýürekden buýsanýarlar hem-de halal zähmetiniň miwesini we eşretini görmäge mümkinçilik alýarlar.
Bu gün türkmen obasynyň keşbi düýpgöter özgerýär, barha ajaýyp keşbe eýe bolýar, ähli ýerlerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş we beýleki degişli düzümler kemala gelýär. Bularyň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň oňyn netijesidir. Türkmen ekerançylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyz we halkymyz baradaky atalyk aladasyna ýugrulan ähli asylly başlangyçlaryny hem-de tekliplerini tüýs ýürekden we doly goldaýarlar.
D.Gurbanowyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu günki mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşynda ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň Milli maksatnamasy beýan edildi. Daýhanlar halkymyza nurana geljege ynam döredýän bu maksatnamanyň bäsdeşlige ukyply, halkara ölçeglere kybap gelýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga, gaýtadan işleýän kärhanalaryň sanyny köpeltmäge, Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.
D.Gurbanow obasenagat işgärleriniň geljekde hem güýç-gaýratlaryny aýaman yhlasly zähmet çekip, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerini aýdyp, çykyşyny berkarar Watanymyzy, bagtly döwrümizi hem-de amala aşyrylýan ähli beýik işleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy bolan Arkadag Prezidentimizi wasp edýän goşgy setirleri bilen jemledi.
Soňra “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Rowaç” ýolagçy gämisiniň matrosy Eziz Matdyýewe söz berildi. Ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň belent münberinden ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladalary netijesinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän ýylyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýändigi nygtaldy. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, ata Watanymyzda asudalyk, agzybirlik, jebislik höküm sürüp, bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär.
Täze taryhy döwürde Türkmenistanda köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sebit we halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýollaryň müňlerçe kilometri, täze köprüler, halkara howa menzilleri, şeýle hem «Orta Aziýanyň deňiz derwezesi» diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty gurlup ulanmaga berildi.
Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça Pekinde geçirilen ikinji ählumumy maslahatynda sanly ulgam arkaly eden taryhy çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan ulag diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan nusgalyk işleriniň aýdyň subutnamasydyr diýip, foruma gatnaşyjy belledi.
Şunuň bilen birlikde, amala aşyrylýan beýik işler, halkara ähmiýetli başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, E.Matdyýew Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup ulanylmaga berlendigini, şeýle hem Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulandygyny aýtdy.
Geçmişde ata-babalarymyz ýol çekmegi, köpri gurmagy sogap iş hasap edipdirler. Şan-şöhraty müňýyllyklardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten Beýik Ýüpek ýolunyň has kämil görnüşde gaýtadan dikeldilmeginiň subutnamasy bolan ýurdumyzda gurulýan polat ýollary türkmeniň dünýe malyna deňeýän arwana düýeleriniň kerwen gurap geçip barşyny ýatladyp duran, otly düzüminiň sazlaşykly sesleri biziň — ulag toplumynyň işgärleriniň kalbynda şirin mukam bolup ýaňlanýar. Hut şol pursatda ata Watanymyza bolan söýgimiz hormatly Prezidentimiz, Size bolan guwanjymyz has-da artýar diýip, foruma gatnaşýan wekil nygtady.
Çykyş edýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň bu taryhy mejlisine gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşyny uly üns bilen diňländiklerini aýdyp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan geljek 30 ýylda ösdürmegiň Milli maksatnamasyny doly we tüýs ýürekden goldaýandyklaryny aýtdy. Bu maksatnamada döwletimiziň beýik ösüşlerine gönükdirilen anyk wezipeleriň, has takygy, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda amala aşyryljak işleriň netijesinde ulaglaryň ähli görnüşlerini peýdalanmak arkaly amatly we howpsuz geçelgeler dörediler.
Ol ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, onda enjamlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyklygynyň üpjün ediljekdigini, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ulag-kommunikasiýa ulgamynda zähmet öndürijiliginiň ýokarlanjakdygyny, ulgamyň depginli ösüşiniň üpjün ediljekdigini belledi.
E.Matdyýew ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet ösüşiniň täze zamanasyna gadam basylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de öz çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.
Soňra çykyş eden Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy Täzegül Aramedowa ýaş mugallym hökmünde şeýle wekilçilikli foruma gatnaşmak hormatyna buýsanýandygyny we şatdygyny belledi.
T.Aramedowa milli Liderimiziň: “Islendik ýurduň ösüşi ylymly, bilimli ýaş nesilleriň kemala gelmegine berk baglydyr” diýen sözlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim syýasatyna şaýatlyk edýän birnäçe mysallary getirdi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri, elleri ýan kompýuterli ak mekdebe gadam basýan körpeler baradaky alada, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bar.
Ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuş ýoly ýaşlarymyza görelde mekdebidir diýip, mugallym sözüni dowam etdi. Köşgi ýadyňa salýan ak mekdeplere baryp, gözleri bagtdan, buýsançdan doly çagalary, hormatly Prezidentimizi alkyşlaýan ata-eneleri görenimde, mugallym bolup zähmet çekýändigime buýsanýaryn diýip, T.Aramedowa aýtdy.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde döwlet Baştutanymyzyň kitaplarynyň ähmiýetini nygtap, “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitabynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu kitap mugallymlaryň ýankitabyna öwrüldi.
Çykyşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz, ussat mugallym, professor, akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Maslahat köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýen sözleri getirildi. Biz ýaşlarymyzyň bu pähimli jümleleri uly hoşallyk bilen kabul edip, oňa mynasyp bolmaga çalyşjakdyklaryna ynanýarys diýip, çykyş eden aýtdy.
Mugallym şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda medeni mirasymyzy geljekki nesillerimize geçirmekde milli däp-dessurlarymyzyň täzeçe röwüşde gaýtadan dikeldilip, olaryň many-mazmunynyň has-da baýlaşdyrylýandygyny belledi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sanawa girizilen milli gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirdi.
Biz gyzlarymyza bilim bermek bilen bir hatarda, olary millilik ruhunda terbiýelemekde milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň görüm-göreldesinden, sungata öwrülen çeper el işlerinden, oglanlary terbiýelemekde Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolundan ugur alýarys diýip, ýaş mugallym aýtdy.
T.Aramedowa bilim işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda Garaşsyz Watanymyzy geljekki durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda beýan edilen teklipleri doly goldaýandyklaryny aýtdy. Bu maksatnamada bilim ulgamynda bilim kadalarynyň kämilleşdirilmegi bilen, okatmakda sanly tehnologiýalaryň giňden ulanyljakdygy, uzak aralykdan bilim bermegiň, maglumat alyşmagyň ýola goýuljakdygy, mugallymçylyk käriniň kämilleşdiriljekdigi baradaky göz öňünde tutulan anyk wezipeler milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde möhüm orna eýe bolar.
Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine täze badalga berjek, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamany durmuşa geçirmek bagtyýar ýaşlaryň paýyna düşýär. Hut şonuň üçin hem ylymly, bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, bilimli, zähmetsöýer, ýokary tehnologiýadan oňat baş çykarýan ýaşlary, hakyky watançylary terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar.
Ýaş mugallym bilim ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi, öňde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, üstünlik gazanjakdyklaryna ynandyrdy hem-de çykyşyny Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip tamamlady.
Goý, “Halkyň Arkadagly zamanasy” dowamat-dowam bolsun!” diýip, mugallym aýtdy we joşgunly goşgy setirlerini getirdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek maksady bilen, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” hakynda Kararyň kabul ediljekdigini belledi.
Milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar astynda degişli resminama gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde orta atylan başlangyçlar boýunça oňa gatnaşyjylaryň oý-pikirlerini diňledi.
Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy Gurbangeldi Aýlyýew ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belläp, “Maksatly il myrada ýeter” diýen halk pähimini getirdi.
Bu wajyp resminamanyň taslamasy ilat arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ulgamlarda işleýän watandaşlarymyzyň pikirleri we teklipleri diňlenildi diýip ol aýtdy.
G.Aýlyýewiň nygtaýşy ýaly, täze maksatnama her birimiziň ýürek sözümizdir. Ol Watanymyzyň has-da ösen döwlete öwrülmegini nazarlaýar. Bu maksatnama bilen täze döwür — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy başlanýar.
Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty hem, halkymyzyň gujur-gaýraty hem ýeterlikdir. Döwletimiziň garaşsyz ösüşiniň 30 ýyllyk tejribesi geljekki işleriň ygtybarly binýadydyr.
Çykyş eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşsyz ösüş ýyllarynda milli ruhda, döwrebap pikirlenmegi başarýan täze nesliň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň ýetişendigi baradaky sözlerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, milli Liderimiziň ýaşlara ýol bermek, ösüşiň täze tapgyrynda olara möhüm döwlet işlerini ynanmak baradaky wajyp başlangyjyna ähli ýaşulularyň adyndan goldawyny beýan etdi.
Ýaşlara bildirilýän uly ynam döwlet Baştutanymyzyň syýasy edermenligiň nyşanydyr. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýörelgesiniň döwlet derejesinde dabaralanmasydyr.
G.Aýlyýew sözüni dowam edip, türkmenleriň “Dowamatyň dowam bolsun!” diýen däbe ygrarlydygyny aýdyp, täze ýolbaşçylaryň öňe çykmagynyň, olaryň döwlet durmuşy, halkyň ykbaly bilen bagly uly jogapkärçiligi öz üstüne alyp, öňde goýlan maksatlary amal etmeginiň döwletlilikden nyşandygyny, döwrüň, durmuşyň talabydygyny, kada-kanunydygyny belledi. Munuň özi pederleriň öňündäki parz, nesilleriň öňündäki mukaddes borçdur diýip, hormatly ýaşuly nygtady.
Ýaşlara jogapkärli işleriň ynanylmagy, ýaşulularyň bolsa olara öwüt-ündew berip, halypalyk edip, dogry ýola ugrukdyrmagy, ýakyndan goldaw berip durmagy öňden gelýän türkmençilik dessurymyz bilen baglydyr diýip, ol sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly il ýaşulusy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesinde işläp gelýän tutuş döwründe adam hakyndaky aladany esasy ýörelge edinendigini hem-de halkymyza özüni aldyrandygyny, görnükli syýasy işgär abraýyna eýe bolandygyny nygtady.
G.Aýlyýew hormatly Prezidentimize ýüzlenip, ýaş ýolbaşçylary döwlet işine çekmek bilen, mundan beýläk-de olaryň ýanynda boljakdygyňyza, olara ýaşululyk edip, syýasy goldawyňyzy, maslahatlaryňyzy berip, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine ugrukdyrjakdygyňyza berk ynanýarys diýip aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda Hormatly il ýaşulusy ýene-de bir gezek halk pähimine ýüzlenip, “Ýörän ýoluň sogapdan, haýyrdan bolsun!” diýen sözleri getirdi.
Çykyş edeniň belleýşi ýaly, milli Liderimiz döwletliligiň gadymy köklerine daýanyp, il-halkymyza täze gülläp-ösüşleri bagyş edýär, taryha daýanyp, geljegi döredýär. Munuň özi diňe kuwwatly döwlete, ýüregi “Ilim, ýurdum!” diýip urýan parasatly Baştutana başardýan işdir diýip, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür we belent maksatlarynyň rowaç almagyny arzuw etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy Dursun Begçerowa söz sözläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýurdumyzy geljekki 30 ýyla niýetlenen döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze maksatnamasynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenen syýasatyň mynasyp dowamy boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar biziň geljegimizdir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlar üçin has amatly şertler döredilýär we täze mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa täzeçe pikirlenýän, işlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini ulanýan nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär.
Biz belent borjy abraý bilen berjaý edip biljek, ähli ukyp-başarnyklaryny açyp biljek ýaş ýolbaşçylara jogapkärli wezipeleri ynanmak barada döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny doly goldaýarys diýip, D.Begçerowa aýtdy.
Bu möhüm başlangyç täze maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar. Döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýan ýaşlar döwletlilik ýörelgelerini dowam etmek bilen, öňde goýlan Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili bolmak baradaky wezipäni üstünlikli çözüp biler.
Ählihalk Liderimiz, täze garaýyşly syýasatçy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet işlerindäki baý tejribesiniň ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda Diýarymyzy gülledip ösdürmäge hem-de raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler Watanymyza, halkymyza söýginiň belent nusgasydyr.
Kyblasy — watançy we ynsanperwer Mälikguly aganyň hem-de käbesi Ogulabat ejäniň belent göreldesi esasynda terbiýelenen Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde bu gün halkymyzyň we tutuş adamzadyň nurana geljeginiň bähbidine beýik işler amala aşyrylýar.
D.Begçerowa türkmenistanlylar baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş ýurdumyzyň eneleriniň adyndan olaryň çagalarynyň — ýaş nesilleriň wekilleriniň mähriban Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdy.
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň bagtyýar geljeginiň we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra çykyş eden Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy, pensioner Henip Zahyrow mejlise gatnaşyjylaryň döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşyny uly üns hem-de ruhubelentlik bilen diňländiklerini nygtady.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň asyrlara barabar ösüş ýoluny geçendigi bellenildi. Döwleti dolandyrmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň baý tejribesi toplanyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan geljekki 30 ýyly nazarlaýan maksatnama Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarar. Ýaşuly nesliň wekilleri “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän şu ýylda uzak möhlete niýetlenen, her bir maşgalanyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjek bu maksatnamanyň kabul edilmegini tüýs ýürekden goldaýarlar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyna ýokary baha berlendigi nygtaldy. Ýaşulular ýaşlara örän jogapkärli wezipeleri ynanmak baradaky milli Liderimiziň başlangyjyny doly goldaýarlar. Döwlet Baştutanymyz ähli babatda ösüp gelýän nesle nusgalyk görelde görkezmek bilen, ýaşlaryň parasatly halypasy bolup durýar, olara öz ukyp-başarnyklaryny we zehinlerini açmaga, şahsyýet hökmünde kämilleşmeklerine, okuwda we zähmetde üstünlik gazanmaklaryna ýardam berýär.
Häzirki döwürde türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan asylly halypa-şägirtlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ata-babalarymyz ýaşlara jogapkärli wezipeleri ynanmak bilen, baý zähmet we durmuş tejribesine eýe bolan halypalaryň öwüt-ündewlerine we maslahatlaryna uly ähmiýet beripdirler.
Hormatly ýaşulynyň belleýşi ýaly, Arkadag Prezidentimiz biziň halkymyzyň ygtybarly daýanjydyr. Milli Liderimiziň — meşhur döwlet işgäriniň, dünýä derejesindäki görnükli syýasatçynyň belent abraýy Watanymyzyň abraýydyr.
Ýaşuly nesliň wekili hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiliginiň, ýaş ýolbaşçylara berýän hemmetaraplaýyn goldawynyň halkymyzyň hem-de Watanymyzyň bähbidine öňde durýan giň gerimli işlere kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 7-nji “Diýar” çagalar bagynyň müdiri Annagül Kullyýewa öz çykyşynda ähli ýygnananlaryň Garaşsyz Watanymyzyň iň täze ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň işine gatnaşýandyklaryna tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny nygtady.
Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze maksatnamasynyň iň nurana arzuwlary hem-de anyk wezipeleri özünde jemleýändigi bellenildi.
Maksatnamanyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” diýlip atlandyrylmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň, rowaçlygyň täze döwrüne gadam basýandygyny aňlatmak bilen, her birimizde uly ruhubelentlik döredýär diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy aýtdy.
A.Kullyýewa milli Liderimize hoşallyk sözleri bilen ýüzlenip, berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň, her bir maşgalasynyň bagtyýarlyk döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýandygyny belledi. Ýurdumyzda Döwlet býujetiniň 70 göteriminden gowragy durmuş ugruna gönükdirilýär. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary her ýylyň başynda ýokarlandyrylýar. Köp çagaly maşgalalar döwlet tarapyndan goldanylýar.
Ynsanperwerligiň belent göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy boýunça Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz halal gazanjyndan bu gazna yzygiderli gatanç geçirýär. Şeýlelikde, näsag çagalar mugt bejergi alýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, çagalar bagynyň müdiri döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ähli eneleriniň adyndan hoşallygyny beýan edip, uly umyt baglanýan ýaş neslimizi terbiýelemekde milli Liderimiziň şahsy göreldesiniň ägirt uly ähmiýetini belledi.
“Häzirki wagtda döwrüň talaplaryna ussatlyk bilen hötde gelýän ýaş ýolbaşçylaryň ýetişendigi, olara ýol bermek baradaky başlangyjyňyz döwletimiziň durmuşynda düýpli özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Döwlet işlerinde täze ýolbaşçylara ýol berilmeginiň öňde goýulýan belent maksatlar, häzirki zamanyň ösen talaplary bilen baglydygyny belleýärsiňiz. Biz muny tüýs ýürekden goldaýarys” diýip, mejlise gatnaşyjy milli Liderimize ýüzlendi.
Edil maşgalada bolşy ýaly, döwletiň, il-halkyň geljegi hem ýaş nesil bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçin hem geljek üçin belent maksatlarymyz, iň nurana arzuw-niýetlerimiz ýaşlar bilen baglanyşyklydyr.
Ýaşuly nesliň baý tejribesi ýaşlaryň täzeçilligi, gujur-gaýraty bilen utgaşanda, ýetilmejek sepgit ýokdur. Şoňa görä-de, biz — eneler ýaş ýolbaşçylaryň ýokary döwlet işine çekilmegi bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň olara paýhasly ýaşululyk etjekdigine, paýhas-parasatly, baý tejribeli halypa hökmünde kämillige ugrukdyrjakdygyna berk ynanýarys.
Annagül Kullyýewa bütin zähmet ýoluny bilim ulgamyna bagyşlan mugallym, perzentleriniň, agtyk-çowluklarynyň bagtyna guwanýan ene hem-de häzirki döwrüň-durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenan hökmünde bu işlere buýsanjynyň, alkyşynyň çäginiň ýokdugyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak geljege niýetlän beýik maksatlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Hormatly il ýaşulusy, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Hezretguly Öwlüýägulyýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň şu günki taryhy çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda ýurdumyzda gazanylan, dünýäni haýran edýän sepgitleriň ýene bir gezek içgin seljerilendigini belledi.
Ýaşulularyň, bütin türkmen iliniň Watanymyzda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri, buýsançly ösüş-özgerişleri milli Liderimiziň ady, giň gerimli işleri we pähim-paýhasly baştutanlygy bilen baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan 30 ýyllyk maksatnama Türkmenistany ösüşiň täze, has belent derejesine çykarar.
Çykyş edýän Arkadag Prezidentimiziň her bir tutumly işiň başyny mähriban halkymyzyň bähbidine, geljek nesilleriniň rowaç, bagtyýar, abadan ýaşaýşyna hyzmat etmegi baradaky maksat bilen tutýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň ýurdumyzy ynamly alyp barýan ýoly dana ata-babalarymyzdan, merdana pederlerimiziň köňül isleglerinden gözbaş alýan ýoldur. Bu ýol parahatçylygyň, abadan durmuşyň, birek-birege sarpanyň ýoludyr.
Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetişen täze, döwrebap watansöýüji nesliň tutuş ýurdumyzyň guwanjydygy bellenildi.
Ýaşuly nesil hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eýýamda täze ýolbaşçylaryň öňe çykmagy hem-de il-ýurt, döwlet ykbaly üçin jogapkärçiligi öz egnine almagy barada orta atan başlangyjyny makullaýar.
30 ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlara, olaryň tutanýerli zähmetine bagly bolar. Şeýlelikde, türkmeniň taryhyň synagyndan kemsiz geçen, halypadan şägirde durmuş tejribesini we bilimleri bermegi özünde jemleýän bu ýol-ýörelgesi häzirki wagtda öz mynasyp dowamyny tapýar.
H.Öwlüýägulyýew halkymyzyň jogapkärli döwlet işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň baý tejribesine, çuňňur pähim-parasadyna we syýasy goldawyna bil baglaýandygyny nygtap, eziz Watanymyzyň abadan, milli Liderimiziň janynyň sag bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Çaryguly Ataýew söz sözledi. Ol halkymyz bilen sala salyşmagyň nyşany bolan şu taryhy mejlisiň geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erk-isleginiň we parasatlylygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Ç.Ataýew ýaşuly nesliň adyndan döwletimizi geljek 30 ýylda ösdürmek baradaky maksatnamany goldap, ýurdumyzy täzeden galkyndyrmakda we täze ösüşlerde, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde onuň ähmiýetini nygtady.
Garaşsyzlyk mähriban topragymyzyň baý serişdelerine eýe bolan Watanymyzyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň eýesi bolmak, dünýä ykrarnamasyny almak, agzybir we bagtyýar maşgala bolup ýaşamak bagtdyr. Hormatly Prezidentimiziň berkarar eden türkmen döwleti häzir bütin dünýäde ykrar edildi. “Halkymyz döwlet Baştutanymyzy öz Lideri, Arkadagy diýip atlandyrdy, dünýäde bolsa milli Liderimiz ajaýyp syýasatçynyň abraýyna eýe boldy” diýip, Ç.Ataýew aýtdy.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy milli Liderimiziň çykyşynda beýan edilen teklibiniň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet işlerine ýaşlary işjeň çekmek baradaky bu çözgüdiň örän dogrudygyny nygtady hem-de ýaşuly nesliň adyndan bu teklibi doly goldaýandygyny aýtdy. Bu çözgüdiň özeninde döwlet derejesine çenli belende göterilen halypaçylyk ýörelgesi goýlandyr. Iri möçberli döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Watanyň bähbidine durky bilen berlen, ýeterlik tejribesi bolan ýaş, gujurly, bilimli adam zerurdyr, şoňa görä-de, biz Siziň mynasyp dowam etdirijileriňiziň bardygyna ynanýarys diýip, Ç.Ataýew aýtdy.
Şunda çykyş eden dünýäniň dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýändigini, sanly ykdysadyýetiň hem-de bio-nano-neýro tehnologiýanyň barha ösýändigini göz öňünde tutup, aň-düşünje taýdan ösen ýaşlary döwlet dolandyryş işine çekmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen halkyna mahsus bolan halypaçylyk ýörelgesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şol ýörelge Watana söýgini, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlylygy, şol sanda öz gözbaşlaryňa hormat goýmagy, parasatly, çalasyn, adalatly, üstünlikli, abraýly, terbiýeli bolmaga ymtylmagy jemleýär. Çykyş edeniň belleýşi ýaly, döwlet işlerine çekilýän ýaşlar üçin milli Liderimiziň halypaçylygy, parasatly nesihatlary hem-de gözegçiligi örän möhümdir.
Hemme taryhy döwürlerde türkmen halkynyň özboluşly häsiýetiniň esasynda parahatçylyga hem-de milletara dostluga ygrarlylyk goýlandyr. Şoňa görä-de, häzir islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek baradaky maksatnamada häzirki zaman şertlerinde aýratyn wajyp bolan bu ýörelgeler jemlenilýär. Maksatnama ýurdumyzyň kuwwatynyň binýadynda duran döwletimiziň, halkymyzyň, jemgyýetimiziň, her bir adamyň bähbitlerine esaslanandyr. Ol parahatçylygyň we agzybirligiň, jebisligiň we abadançylygyň sazlaşygyny özünde jemleýär. Şol ýörelgeler mukaddeslikler — mähriban ojak, tamdyr, saçak, çörek, ahlak gymmatlyklary baradaky düşünjeleri emele getirýär. Şolary biz gorap saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge borçludyrys diýip, Ç.Ataýew belledi.
Aşgabadyň ýaşaýjysy çykyşynyň ahyrynda ýaşuly nesilleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynda beýan edilen çözgütleri goldaýandygyny ýene-de bir gezek aýtdy hem-de özleriniň şol çözgütleri durmuşa geçirmek üçin ähli güýç-kuwwatlaryny we durmuş tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Çykyş eden milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiziň: «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen meşhur setirlerini getirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, forumyň barşynda ýaşlaryň geljekde ýurdumyzy dolandyrmaga gatnaşmak baradaky teklibiniň makullanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza jemleýji sözi bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gün ýene bir gezek ata-babalarymyzyň aňyrdan gelýän däp-dessurlaryna laýyklykda, halk bolup, agzybirlikde döwlet ähmiýetli maslahat geçirdik. Ýurdumyzyň geljekki ykbalynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglygyny, rowaçlygy, maşgala abadançylygyny, mundan beýläk-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Belentden ýaňlanan Türkmenistanyň Döwlet senasy forumyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Döwlet senasynyň belent owazlary ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly barýan eziz Watanymyza hakyky buýsanç duýgusyny döredýär.