Şu gün Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.
Mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki möhüm soraglaryna garamak meseleleri girizildi.
Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar bar. Sanly ulgam arkaly mejlise Ahal welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerinde ýygnanan ähli welaýatlaryň wekilleri hem goşuldylar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girýär, parlament ulgamynda geçirilen bu özgertme ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň taryhynda täze eýýamy açdy. 2021-nji ýylyň mart aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen demokratik gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
...Ir bilen milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör tutup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşiň we abadançylygyň täze belentligine tarap ynamly barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, geljekki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň gatnaşýandygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa ýygnananlaryň ählisi hem uly ruhubelentlik bilen goşulýarlar.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onuň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleriniň jemleniljekdigini, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlarynyň diňleniljekdigini hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha beriljekdigini, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa söz berdi. Ol ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan 2021-nji ýylda meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň parasatly we oýlanyşykly strategiýasy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarynyň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etdi. Durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.
Ýylyň netijeleri boýunça 83,773 million kub metr tebigy gaz çykaryldy, onuň eksporty, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 34,8 göterim, elektrik energiýasynyň önümçiligi 11,6 göterim, onuň eksporty bolsa 36,4 göterim köpeldi. Şu döwürde benziniň öndürilişi 0,5 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,8 göterim, sementiň öndürilişi 4,5 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 6,3 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 2,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 9,8 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 4,1 göterim, nah ýüplükleriň öndürilişi 24,8 göterim, nah matalaryň öndürilişi 6,4 göterim artdy.
2021-nji ýylyň netijeleri boýunça ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýerine ýetirilen ýük dolanyşygy 50 335,7 million tonna-kilometre, ýolagçy dolanyşygy bolsa 28 236,9 million ýolagçy-kilometre deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberi 10,4 göterim ýokarlandy.
Oba hojalygynda-da oňyn ýagdaýlar hasaba alyndy. Geçen ýyl öndürilen gök önümler, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi 2,6 göterim, ýeralmanyň öndürilişi 9,2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,9 göterim, süýdüň öndürilişi 0,9 göterim artdy.
Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamlarynda hem ösüşler gazanyldy. Şunda unaş önümleriniň öndürilişi 12,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 9,1 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 8 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 33,2 göterim, gök önümleriň öndürilişi 5,2 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi 7,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 1,2 göterim köpeldi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň meýilnamasyna» laýyklykda, 2021-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly synaglaýyn ilat ýazuwynyň geçirilendigi barada hem hasabat berdi. Häzirki wagtda bu çäräni üstünlikli geçirmek boýunça zerur guramaçylyk we taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi.
Ýerli býujetiň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň 177, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 142 sany mejlisi geçirildi.
Geçen ýyl döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 95-si hususylaşdyryldy.
2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirildi ýa-da bu görkeziji jemi içerki önümiň 18,1 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Ministr Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2021-nji ýylda 2 424,4 million manadyň özleşdirilendigini habar berdi. Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde 1 hassahana, 1 saglyk öýi, 7 sany orta mekdep, 1 dik guýy, 293,3 kilometr inženerçilik ulgamlary, 529,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, 597,6 kilometr aragatnaşyk ulgamlary guruldy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 101 sany durmuş we medeni maksatly binalaryň, 35 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 2366,9 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 104,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň galyndysynyň umumy möçberi 2021-nji ýylyň başyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 7,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň galyndysy 32,1 göterim, ýeňillikli bank karzlarynyň galyndysy 4,6 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 82 göterim, uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdeleriniň galyndysynyň möçberi 8,2 göterim artdy. Kiçi we orta telekeçiligiň maliýeleşdirilen taslamalarynyň möçberi 1874-e barabar boldy, döredilen iş ýerleriniň sany bolsa 16 610-a deň boldy ýa-da 1,7 göterim köpeldi.
Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň döwlet we hususy ulgamyny ösdürmek üçin ABŞ-nyň 300 million dollaryna golaý möçberde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada karz ylalaşyklary baglaşyldy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, şol sanda hususy ýaşaýyş jaýlaryny edinmek we öý hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdelerini bermek boýunça işler dowam edýär.
Edaralardan, kärhanalardan we raýatlardan çekilen maliýe serişdeleriniň möçberi 52,1 milliard manada barabar boldy.
2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim köpeldi. Banklaryň jebislendirilen aktiwleriniň möçberi 138,8 milliard manada deň boldy.
2021-nji ýylda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokary boldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň netijeleri, şeýle hem 2022-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagyna ýardam berýär.
Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär, hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe boldy, bu babatdaky görkeziji, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat toplumynda bu görkeziji 9,2 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,3 göterim, söwdada 8,8 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,8 göterim boldy.
2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 20,5 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 276 desganyň 42-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 167-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçen we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli üstünliklere beslenen ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurluşygy tamamlanylmagy hem-de ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanylmagy bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanyldy hem-de ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 73-si ulanmaga berildi.
Hasabatyň çäklerinde degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada hem hasabat berildi. Bu maksatnamada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak hem-de durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, çäreler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri anyk kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, pudaklary depginli ösdürmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.
Şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini azyndan 6 göterime ýetirmegiň hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň aýratyn gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady hem-de içerki bazary ösdürmegi we ýurdumyzyň eksporta bagly bolmagyny azaltmagy dowam etmek barada görkezme berdi.
Şu ýyl biz ençeme ileri tutulýan ugurlara köp möçberde maýa goýumlary gönükdirmelidiris, esasy pudaklarymyzy tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga milliardlarça manat bolan serişdeleri maýa goýmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu ugurlar ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek we kompýuter tehnikalary, gurluşyk senagaty, deňiz we demir ýol ulaglary, oba hojalygy we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, şeýle hem ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny, täze, ýaş ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin olara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, işewürligi alyp barmak üçin, amatly şertleri döretmek arkaly, hususy telekeçiligiň ösüşini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.
Bank ulgamynyň esasy wezipeleri, ozalkysy ýaly, puluň hümmetsizlenmegini çaklanylýandan ýokary bolmadyk derejede saklap galmakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny gyşarnyksyz ösdürmelidigini, maliýe serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmalydygyny, milli pulumyzyň çalşylýan hümmetiniň durnukly bolmagyny gazanmalydygyny, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirilýän karz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we berlen bank karzlarynyň wagtynda üzülmegini üpjün etmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamasyny hem taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin mümkinçilige görä, has köp maýa goýumlary goýulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz, mälim bolşy ýaly, sebitleri ösdürmegiň strategiýasy islendik döwleti durnukly ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. Bu mesele çäkleriň tebigy-serişde mümkinçiligi we olary gaýtadan öndürmek, demografiýa hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuşynyň derejesi we hili ýaly örän möhüm soraglary öz içine alýar.
Işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň soraglaryny çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleri döretmek boýunça çäreler döwlet syýasatynda uly orun eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bu möhüm resminamanyň kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmek boýunça meýilnama 105 göterim, bitum öndürmek boýunça 142,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça 105,9 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 120,1 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnama 129,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri barada hasabat berildi.
Wise-premýer 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijiniň gazanylandygy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gazyň çykarylandygy barada hasabat berdi.
Şeýle hem geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biriniň nebitgaz pudagyny ösdürmekden we ony döwrebap ýagdaýa getirmekden ybaratdygyny belledi.
Şeýle hem uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmekden, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny emele getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilmelidir, täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary köp çekilmelidir.
Milli Liderimiz nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känleriniň işjeň ösdürilmelidigini, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebitiň düýpli gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasy bolan täze önümleri öndürmek boýunça-da zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslama işjeň amala aşyrylmalydyr, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler hem dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde 2021-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 130,9 göterim amal edildi.
Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,9 göterim ýerine ýetirildi.
Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 111,5 göterime, ony eksport etmegiň ösüş depgini 136,4 göterime deň boldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 143,9 göterim berjaý edildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-si ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar. Ak mermerli Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy açyldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanandygyny aýtdy, oňa laýyklykda, uly möçberli maýa goýum serişdeleri senagat hem-de önümçilik däl maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we gaz elektrik geçirijileriniň hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Purçekowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere we ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, şu ýyla meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bu maksatnamasynyň çäklerinde köp işleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, dolandyryş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş toplumlaryny gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem örän möhüm desgalaryň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny dünýä derejeli tehnologiýalary hasaba almak bilen gurmagyň taslamasyny düzmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy hem işjeň alnyp barylmalydyr. Şeýle hem gurluşyk serişdelerini, şol sanda sement, demir önümlerini, inert we timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly pudagy döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.
Ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan, gurluşykda döwlet çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek çaltlandyrylmalydyr.
Biz energetika toplumynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda hem öňde uly wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak we elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmek işini tamamlamak hem-de goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak meselelerini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Öňde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň halkara taslamasyny tamamlamak boýunça hem uly işler durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, himiýa senagatyny ösdürmek hem üns merkezinde saklanylar. Şunuň bilen baglylykda, himiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge köp möçberde daşary ýurt maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Durkuny täzelemek we döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň önümçilik kuwwaty hem artdyrylmalydyr.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy agrotehniki möhletlere laýyklykda zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz oba hojalyk pudagy üçin daşary ýurtlardan getirilýän mineral dökünleriň önümçiligini özümizde ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow bu möhüm resminama gol çekendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüniň hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň öňlerinde goýlan wajyp wezipeleri ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratlaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 2021-nji ýylda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan hyzmatlar we önüm öndürmek boýunça meýilnama 107,4 göterim, maýa goýumlar boýunça 104,8 göterim berjaý edildi.
Ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýükleri daşamak boýunça meýilnama 112,8 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 107,1 göterim ýerine ýetirildi.
«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 119,2 göterime deň boldy. Demir ýol ulagynda daşary ýurtlara ugradylan ýükler 138,7 göterim, ýurdumyza getirilen ýükler 126,1 göterim we ýurdumyzdan üstaşyr geçirilen ýükler 166,2 göterim artdy.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 142,3 göterime deň boldy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyza gelen daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň möçberi 207,6 göterime, türkmen awtoulag serişdeleriniň daşary ýurtlara çykarylan möçberiniň ösüş depgini 163,5 göterime barabar boldy.
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça hasabat döwründe ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça 103,4 göterim ösüş depgini, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşary ýurtlara ýükleri ugratmak boýunça 110,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 2021-nji ýylda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 110,4 göterime deň boldy.
Agentligiň Baş direktory hasabatynyň dowamynda geçen ýylda Owganystanyň çäginde Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýoluň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aragatnaşygyň optiki-süýümli halkara ulgamynyň ulanylmaga berlendigini, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurlandygyny, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulandygyny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berlendigini habar berdi.
Hasabat döwründe täze «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy howa gämisi, «Ansat» we «MI-17-1W» kysymly lukmançylyk dikuçarlary, «Rahat» atly täze ýokary tizlikli ýolagçy gämisi, «Hyundai» kysymly şäheriçi awtobuslary, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglary, bir sany ýük magistral we bir sany ýolagçy teplowozy satyn alyndy.
«Türkmentel — 2021» atly halkara ylmy maslahatynyň, halkara çäreleriň we duşuşyklaryň geçirilendigi barada habar berildi. Şolaryň dowamynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag ulgamy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agentligiň direktoryna we onuň garamagyndaky düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, biziň ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işiň başyny başlandygymyzy hem-de pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly soraglaryň amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalar bütin dünýäde uly orny eýeleýär we döwleti dolandyrmagy gowulandyrmaga ýardam berip, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär diýip belledi hem-de täze tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň adaty pudaklaryny özgerdýändigini, işewürligi amatly ýagdaýda alyp barmaga hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam edýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kärhanalary sanly ulgama goşmagyň, «Bitewi penjire» elektron görnüşinde ilata dürli döwlet hyzmatlarynyň edilmegini çaltlandyrmagyň, şeýle hem sanly ulgam üçin ýaş, zehinli hünärmenleri okatmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2022» halkara sergisini hem-de maslahaty ýokary derejede guramaly.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini dowam etmek, maýa goýumlary tapyp, howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmak, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz raýat howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygyna başlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ähli agzalan desgalar boýunça zerur bolan işgärleri taýýarlamaly hem-de halkara güwänamalary almaly, Halkara deňiz portumyzyň doly güýjünde ulanylmagyny gazanmaly, ulag-logistik merkezleri döretmegiň üstünde işlemeli diýip, sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz Aşgabat ylalaşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça işler amala aşyrylanda döwrebap ýagdaýa getirilen ulag ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň hem zerur bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, beýleki döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmek, şeýle hem daşary ýurt harytlaryny örän gysga we amatly möhletlerde ýurdumyza getirmek üçin ulag ýollaryny netijeli peýdalanmaly.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döredilen häzirki zaman ulag, aragatnaşyk we logistika pudaklarynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletimiziň ykdysady we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şonuň ýaly-da, telekeçilik ulgamynyň 2021-nji ýyldaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 118,8 göterime, öndürilen önümleriň möçberi 111,6 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini 125 göterime deň boldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly dokma toplumlary açylyp, işe girizildi. Olar pudagyň öňünde eksporta niýetlenen önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça wezipelere laýyk gelýär.
Şeýle hem pudagyň hereket edýän kärhanalaryny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işler amala aşyryldy we netijede, dokma önümleriniň eksportynyň ösüş depgini 138,4 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, geçen ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda täze haly önümçilik kärhanalary gurlup, işe girizildi. Netijede, birleşigiň kärhanalary tarapyndan 28351 inedördül metr haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky meýilnama 110,7 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olara 159 sany daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2021-nji ýylda 9 sany sergi we 49 maslahat guraldy. Şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçirilen halkara sergi, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölümi gurnaldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, paýtagtymyzdaky “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezi, şonuň ýaly-da ýyladyşhanalar hem-de senagat ugurly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Netijede, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 115,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 117,8 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de onuň gözegçilik edýän edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, azyk harytlarynyň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini artdyrmagy dowam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içerki bazary azyk harytlary we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen bolelin üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, ähli ýerde elektron söwdany we harytlary eltip bermegi ýola goýmak, şonuň ýaly-da bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmak babatynda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň dokma we haly pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçiliginiň netijeli hem-de girdejili bolmagyny ýokarlandyrmalydygyny belledi.
Önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda we telekeçilik ugurlaryna degişli pudaklarda sanly ulgamy toplumlaýyn ornaşdyrmak dowam etdirilmelidir.
Şunuň bilen birlikde, innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, şol sanda elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, köpdürlüligini gazanmak boýunça tabşyryklar berildi.
Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, sebitlerde we Aşgabat şäherinde ýerleşen bazarlary, söwda merkezlerini we dükanlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, meýilnamalaýyn tertipde döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen el halyçylyk sungatyny ösdürmek, milli el halylarymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda dabaralar we çäreler, maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, brifingler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwaly, “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly kinofilmleriň hepdeligi geçirildi. Şeýle hem bu birleşik tarapyndan doly we gysga göwrümli çeper, çeper-publisistik, hronikal-dokumental filmleri hem-de multfilmi surata düşürmek işleri tamamlandy.
Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi hem-de onuň çäklerinde “Gül — Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly medeni çäreler guraldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sergiler we medeni çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy, şeýle hem bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi we çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylyň ahyrynda estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy, bu ýerde geçen ýylyň 27-nji sentýabrynda baýramçylyk dabaralary guraldy.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” we “Garaşsyzlyk — bagtymyz” kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanyp “Arkadagyň parahatlyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Geçen ýyl teleradioýaýlymlarda döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler giňden beýan edildi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna, milli däp-dessurlara bagyşlanan gepleşikler taýýarlanyldy.
Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümleri döredildi. Toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamada göz öňünde tutulan çäreleri kadalaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.
Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri dowam etdirildi.
Sanly ulgam arkaly dürli duşuşyklar, maslahatlar guraldy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Medeniýet ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bäsleşiklere onlaýn görnüşinde gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Halkara onlaýn çäreleriň hatarynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny, “Dünýä dursun parahat!” atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiň tanyşdyrylyş dabarasyny, Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konsertini görkezmek bolar.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi boldy.
Taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar ylmy seljermeler we degişli rejeleýiş işleri geçirilenden soň, ýurdumyzyň degişli döwlet muzeýlerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Gazet-žurnallary elektron görnüşinde ilata ýetirmek, şeýle hem olaryň käbirini birleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi.
Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, şeýle hem ozal baglaşylan resminamalara laýyklykda, sanly ulgam arkaly mediaforumlar we beýleki çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de ulgamyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän we Konstitusiýamyzyň 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän şu ýylda köp ugurlar, şol sanda ykdysadyýet, syýasat we taryh boýunça işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz telewideniýäniň programmalaryny, teatrlaryň repertuaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny artdyrmak hem-de dürli çeperçilik sergilerini guramak boýunça köp işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz baýramçylyklara bagyşlanan, täsirli çykyşlarynyň we gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny, teatrlarda täze sahna eserleriniň, pýesalaryň goýulmalydygyny we aýdym-saz çykyşlaryň guralmalydygyny aýtdy. Şeýle hem Watanymyzy hem-de merdana halkymyzy wasp edýän döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, teatrlaşdyrylan sahnalardyr aýdym-sazly baýramçylyklary köp guramak gerek.
Teleradioýaýlymlarda goýberilýän habarlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilmelidir. Bu habarlar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmelidir. Ýylyň şygaryna laýyklykda, geçen 30 ýylda ata Watanymyzyň gazanan uly üstünliklerini we belent sepgitlerini giňden ýaýmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda bolup geçen şanly wakany — halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň biziň üçin uly abraýdygyny, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegini aňladýandygyny nygtap, ýygnananlary hem-de olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy bu şatlykly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, milli medeni mirasymyzy ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamagyň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, bu ugurda degişli edaralar bilen zerur işler alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Döwlet habarlar agentligi bilen dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini belledi.
Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek, gazanan üstünliklerimizi wagyz etmek, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmak hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň beýleki döwletlerde, beýleki döwletleriň bolsa ýurdumyzda Medeniýet günlerini ýygy-ýygydan geçirmek barada görkezme berdi.
Ýurdumyzda dürli halkara medeni çäreleri guramaly hem-de degişli wekillerimizi, döredijilik toparlarymyzy, artistlerimizi halkara medeni çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlara ibermeli diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda tabşyryk berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň iri merkezleriniň we uniwersitetleriniň arasynda gol çekilen Ylalaşyklara laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşen taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we barlag işlerini geçirmek dowam etdirilmelidir.
Biziň bütin dünýäde parahatçylygy we ýurdumyzyň Bitaraplygyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy, şeýle hem içeri we daşary syýasatymyzyň möhüm wakalaryny giňden wagyz edip, olaryň netijeli amala aşyrylmagyna ýardam bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem şahsy arassaçylygyň soraglaryny, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda görülýän çäreleri ilata ýetirmek üçin giňden düşündiriş işlerini alyp barmak barada hem aýratyn görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýyl ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly işler amala aşyryldy. Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürjek ylymly-bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek babatda belent ösüşler gazanyldy. Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bilim bermegiň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirildi.
Döwlet hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnamalaryň tassyklanylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi bilen ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda berk binýat döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy okuwçy hem-de talyp ýaşlar üçin watançylyk dersine, okuwlary guramakda nusgalyk tejribä öwrüldi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, täze döwrebap mekdepleriň açylmagy bilimler baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Hasabat döwründe umumybilim edaralarynda esasy okuw dersleri boýunça olimpiadalar geçirildi. Talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallary, dürli derejeli diplomlary gazandylar.
Hasabat döwründe täze kitaplar we okuw gollanmalary neşir edildi, ýaş alymlar aspiranturalara kabul edildi. Zehinli ýaş alymlaryň we talyplaryň 57-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Milli Liderimiziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakyndaky başlangyjy halkara ylmy jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Milli Strategiýa tassyklanyldy.
Geçen ýyl tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyklary dowam etdirildi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrap Köpugurly hassahanasy dabaraly açyldy.
(Dowamy bar ...)