Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama tasssyklandy we şol Düzgünnama bilen Bu habar-analizimizde bolsa bu barada has anyk maglumatlary Size ýetirýäris.
Düzgünnamanyň esasy maksady toýlarda ýokary hilli medeni hyzmatlaryň edilmegi üçin bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünlleşdirmek we toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny guramak bolup durýar.
Eýsem bu Düzgünnama kimlere degişli? Ilki bilen bu Düzgünnamada berilýän artistler diýen düşünjäni aýdyňlaşdyraýlyň! Şonda artistler diýmek, medeniýet (döredijilik) işgärleriniň derejelerine degişli bolan sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk žokeýler), tansçylar, medeni çäreleriň alyp baryjylary, sahna oýunlaryny ýerine ýetirýänler, sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler düşünilýär.
Toýlarda amala aşyrylýan medeni hyzmatlar diýmek bolsa, toý tutýan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň sargytlary boýunça artistleriň toýlardaky tölegli hyzmatlary düşünilýär.
Toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslar bolsa, toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrmak barada toý tutýan fiziki we ýuridik şahslaryň sargytlaryny kabul edýän hem-de bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýuridik we fiziki şahslara kabul edilýär.
Eýsem toýlar diýen düşünjeden biz näme düşünmeli? Düzgünnama laýyklykda toýlar ol biriniň ýa-da bir zadyň şanyna edilýän uly mejlis, şagalaň, dabara geçirilýän çäre (nika toýy, çaga toýy, jaý toýy, ýaş toýy we haýsam bolsa bir şanly waka bagyşlanýan beýleki dabaralardyr.
Toýlarda hyzmat berýän artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Başgaça aýdanymyzda, artistler bellige alynmazdan şeýle hyzmatlary berip bilmezler. Şonda bu hyzmatlary amala aşyrýanlar, fiziki şahslar we ýuridik şahslar aýry-aýry bellige alynmaga degişlidir.
Kimler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir?
Eger-de toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan artistler şeýle hyzmatlary özleriniň adyndan amala aşyrýan bolsa, onda olar döwlet tarapyndan bellige alynmalydyr. Emma, artistler bu hyzmatlary özleriniň adyndan däl-de, ýuridik şahsyň adyndan amala aşyrýan bolsa onda şol artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däldir. Şonda, bu hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik şahslaryň bellige alynmagy hökmanydyr.
Bellige almak nirede amala aşyrylýar?
Bellige alynmak ýuridiki we fiziki şahsyň arzasy esasynda amala aşyrylýar. Arzalar ýuridik şahslaryň hukuk salgysy boýunça, fiziki şahsyň bolsa, ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alnan ýeri boýunça degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde amala aşyrylýar.
Eger bu habar-analizimiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa, bu barada geljekde has giňişleýin maglumatlary Size ýetirmegi meýilleşdirýäris. Toý dabaralarynda artistleriň hyzmatlarynyň hukuk ýagdaýy kesgitlendi.
Mister X 2 years ago- Minnetdar