Zamana üýtgedi, ynsan üýtgedi,
Etden ýüreklermiz daş bolup barýar,
Namartlar köpeldi, mertler azalyp,
Düýşde görenlerim huş bolup barýar.
Namysyn satýan ba mugtyna, keýpe,
Şerap içmelimiş şagalaň, toýda,
Zemin beýle haly götärmi heýde,
Akylsyz göwreler läş bolup barýar.
Meslige çydaman ejizi kösap,
Arzuwmyz köpeldi amalmyz pesäp,
Dili uzynlardan soralman hasap,
Iýilýän haramlar noş bolup barýar.
Sag bolsun ýerine edilýär minnet,
käşkä dört heleýli bolmakmyş sünnet,
Sorasaň näme ol diýýän bar "Jennet",
Gussaly gözlerim ýaş bolup barýar.
Bilmedim, niçik bor bu işiň soňy,
Haçan ereşerkä ýürekleň doňy,
"Men" diýip özinden gözleman kemi,
Her kim öz-özinden hoş bolup barýar.
Ýalan soz hiç haçan bürenmez dona,
Geljege ymtylyp unduldy köne,
Eginleň üstünde kelle bar, ýöne,
Beýniler gitdik-çe boş bolup barýar.
Awtory: Baýram Bejidow
loveee_@ 3 years ago- 👍👍👍