TUTANHAMON



Hakyky ady Tutanhaton bolan Müsüriň meşhur hökümdarlarynyň biri hem Tutanhamondyr. Ol b.e.öňki (b.e.öň 1342-b.e.öň 1325 ý.ý.) 1332-b.e.öňki 1323-nji ýyllar aralygynda 18-nji patyşalygyň faraony bolýar.
Ol Müsürde ilkinji gezek ýeketäk Taňryly Aten dinini guran Amenotep IV ogludyr. Soňra kakasy dünýeden ötensoň beýleki ejesinden bolan gyz jigsi Ankhesenamena öýlenip tagta çykdy. Faraonlygynyň ilkinji ýyllarynda Müsüriň öňki köptaňryly dini ýurda ýene ýaýrap başlaýar. Şonda ol öz adyna Tutanhamon diýdirip başlaýar. Şeýdip Amenhotepiň esaslandyran Aten dini aradan aýrylyp ugraýar.
Ýaşlygynda ölen bu faraondan soň kakasyna wezirlik eden, özüne hem egindeş bolan Aý dul galan şa aýalyna öýlenip tagta çykdy. Ölüminiň sebäbi köplenç ýagdaýda näbelliligine galýar. Çaklamalar bolsa köp.
1922-nji ýylda Howard Karter tarapyndan faraon Tutanhamonyň mazary tapylýar. Tutanhamonyň mumiýasy bilen mazardan çykarylan eserler Kair muzeýinde ýerleşdirildi. Mazary ilki 1972-nji ýylda Londonda, soň bolsa ABŞ-da sergilenýär.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir