05.12.2021

Milli Liderimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek arkaly halkara giňişliginde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýlelikde, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirmäge bolan çagyryşlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek wezipeleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesi esasynda sebitdäki döwletler bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy. Bu bolsa hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalary bilen döwrebap gatnaşyklary guramagyna esas hökmünde garaýan Türkmenistan döwletiniň  işjeň bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, jebisleşdiriji hem-de halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirimäge uly üns berýändigini ýene bir gezek subut edýär. Hormatly Prezidentimiz “Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda “Bitaraplygyň peýdasyna ädilen ädim biziň ýaş döwletimiziň diňe bir öz halkynyň däl, eýsem, zeminiň ähli ynsanlarynyň ykballaryna-da jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklady” diýip, örän jaýdar belleýär. Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirmek babatynda alyp barýan  çäksiz aladalary üçin Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza  köp-köp sag bolsun aýdýaryn. Alym Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt ähmiýetli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri üstünliklere beslensin.

Atajan Nyýazow
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir