Ylym-bilimiň hak howandary, Arkadag Prezidentimiziň Baştutanlygynda şu ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet hünär bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek, hünär bilimiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, “Döwlet hünär-tehniki bilim edralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda ” Düzgünnamalar kabul edildi.
Bu resminamalaryň mazmunyna hünär bilimi ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilimi dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalaryň, düzgünleriň, döwlet syýasatynyň ýörelgeleridir hünär bilimine bildirilýän häzirki zaman talaplarynyň girizilmegi Döwlet ýokary hünär bilimi edaralarynyň işiniň has-da kämilleşmegine itergi berýär.
Düzgünnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň şu aşakdaky esasy wesipeleri;
Birinjiden: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary we hünärleri boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan;
Ikinjiden: Ýaş nesliň ylmy-pedagogik hünär derejesini çuňlaşdyrmaga, giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan;
Üçünjiden: Hünärmenleriň, ýolbaşçy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan hem-de olary gaýtadan taýýarlamakdan;
Dördünjiden: Ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkyna, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemekden ybarat bolmagy biz mugallymlaryň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrýandygy kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly; “Ýaşlar baradaky şu günüň aladasy geljekki ösüşi kepillendiriji iň amatly çözgütdir. Häzirki döwürde gazanylýan ähli üstünlikler ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejelerine baglydyr”
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryna, Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň çözgütlerine, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna esaslanýan ýokary okuw mekdepleri kadalaşdyryjy hukuknamalar bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.
Munuň şeýledigine, şu ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen 12 bapdan hem-de 60 maddadan ybarat bolan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň täze, rejelenen görnüşi hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda ” Düzgünnamasy boýunça ýokary okuw mekdepleri özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetirýän wezipelerine laýyklykda umumy döwlet bilim edaralaryna hem-de sebit ähmiýetli bilim edaralaryna bölünýär.
Umumydöwlet ähmiýetli ýokary okuw mekdeplerine uniwersitetler, akademiýalar, koserwatoriýalar degişli bolup, olar öz işlerini okatmagyň hili boýunça halkara talaplaryna, ylmy barlaglaryň hiline, ylmy-barlaglardan alynýan girdejilerine, halkara hyzmatdaşlyga, halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerine bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrýarlar.
Sebit ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri bolsa, institutlardan ybarat bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerinde has zerur bolan köpçülikleýin hünärler (pedagoglar, ykdysadçylar, oba hojalyk we jemagat hojalygy) boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesini ýerine ýetirýärler.
Şeýle hem ýokary hünär bilimini özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletiniň Bakalawr Maksatnamasy üçin 4 okuw ýylyna, Magister Maksatnamasy üçin 1(bir) okuw ýylyndan 2(iki) okuw ýylyna, hünärmen Maksatnamasy üçin 5(bäş) okuw ýylyndan 6(alty) okuw ýylyna çenli möhlete deň bolmalydygy kepillendirilýär. Mundan başga-da, ikinji orta hünär bilimi ýa-da, ikinji ýokary hünär bilimi derejesini almaga bolan islegleri kanagatlandyrmak babatynda hem raýatlar üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigi buýsandyryjydyr.
Daşary döwletlerde bilimiň belli bir derejesini, ýagny orta hünär bilimi edaralaryny tamamlanlar ýa-da ikinji gezek hünär biliminiň şol bir derejesini almak isleýänler ozal dersleriň birnäçesini özleşdirip, dersler boýunça synag tabşyrandyklary sebäpli ýokary hünär bilimini özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletinden az okaýarlar.
“Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda ” Düzgünnamanyň 36-njy bölegine laýyklykda, orta hünär bilim hakynda resminamasy bolan raýatlaryň Türkmenistanyň Minstrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertip boýunça, gysgaldylan Maksatnama esasynda ugurdaş hünär boýunça okuwyny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etmäge bolan hukuklarynyň kepillendirilmegi,şu düzgünnamanyň 37-nji böleginde ýokary hünär bilimi hakynda resminamasy bolan raýatlaryň degişli hünär babatda Bakalawr Maksatnamasy ýa-da ikinji ýokary bilimi almak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde, gysgaldylan Maksatnama boýunça okuwyny ýokary okuw mekdebinde dowam etmek hukugyndan peýdalanmaga ygtyýar berilýändigi guwandyryjydyr.
Şeýle hem “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamada Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen okuwda, jemgyýetçilik işlerinde gazanýan ýokary netijeleri üçin altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolan uçurymlara berilýän ýeňillikler hem öz beýanyny tapýar. Şu Düzgünnamanyň 32-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerini altyn, kümüş, bürünç medallar bilen tamamlan uçurymlary üçin birnäçe ýeňillikli şertleriň göz öňünde tutlandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Ders bäsleşiklerinde birinji oruna mynasyp bolup, altyn medal bilen sylaglanan uçurymlar, eger-de olar ozal geçirilen ders bäsleşiklerinde döwlet derejesinde birinji orun alan bolsa, şeýle hem halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan uçurymlaryň ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna giriş synaglaryna gatnaşmazdan kabul edilýändigi kepillendirilýär. Kümüş medal bilen sylaglananlar, eger-de olar döwlet derejesinde birinji ýa-da ikinji orun, şeýle hem halkara bäsleşigine gatnaşyjy uçurymlar ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna degişli ders boýunça bir sany giriş synagyny üstünlikli tabşyran halatynda kabul edilýändigi, bürünç medal bilen sylaglananlar döwletde ýeňiji, halkara bäsleşigine gatnaşyjy uçurymlar bolsa ders bäsleşikleriniň ugry boýun-ça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna degişli ders boýunça iki giriş synagyny üstünlikli tabşyran halatynda kabul edilýändigi kepillendirilýär. Şeýle hem, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamanyň 14-nji böleginde şeýle diýilýär; “Türkmenistanynyň umumy bilim berýän edaralarynyň altyn altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary orta hünär okuw mekdeplerine ders bäsleşikleriniň ugry boýunça giriş synaglaryna gatnaşmazdan kabul edilýär”.
Mundan başga-da, täze kabul edilen Düzgünnamalar boýunça giriş synaglaryndan üstünlikli geçen, köp çagaly maşgalada terbiýelenen çagalar, ýetim çagalar, III derejeli maýyplygy bolan çagalar , gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň çagalary, okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, çagyryş boýunça harby gullugy geçen adamlar, saýlan ugry boýunça azyndan 2(iki) ýyldan az bolmadyk iş hyzmaty bolan adamlaryň we ş.m, bäsleşiksiz kabul edilýändigi kepillendirilýär.
“Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda ” Düzgünnamanyň 35-nji böleginde şeýle diýilýär;“ Ýokary okuw mekdeplerinde az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlary okuwa kabul etmek maksatlaýyn taýýarlamak esasynda amala aşyrylyp biliner”. Düzgünnamanyň 24-nji böleginde bolsa, “Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga bolan hukuklary “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, şeýle hem degişli kadalaşdyryjy hukunamalaryna, halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar”-diýip bellenilýär.
Düzgünnamanyň 40-43-nji böleklerinde bolsa bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň kadalary elektron okuw, uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly düzgünleşdirilýär.Hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň terbiýeçilik işi baradaky kadalar bolsa, şol düzgünnamanyň 64-67-nji böleklerinde öz beýanyny tapýar.Olarda talyplary terbiýelemegiň esasy ugurlary bolan; ruhy-ahlak, watançylyk, harby-watançylyk, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi anyk kesgitlenilýär. Şeýle hem talyplar bilen terbiýeçilik işleri amala aşyrylanda pedagogik işgärleriň borçlary, hukuklary anyk kadalaşdyrylýar.
Düzgünnamanyň 38-nji böleginden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň lybasy, daşky görnüşiniň beýleki görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasy bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji oktýbryndaky 2487 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Ýokary we orta hünär mekdeplerine” ýollan şu ýylyň 29-njy oktýabrdaky 10/7535 belgili gözükdiriji haty esasynda biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda hem bildirilýän talaplary önümçilige ornaşdyrmak boýunça birnäçe degişli işler alnyp barylýar. Olardan dersler boýunça audio, wideo şekilli elektron sapak ýazgylaryny taýýarlamak, olary bilim portalynda ýerleşdirmek, elekton kitaphanadan peýdalanmak, şeýle hem Jemgyýetde zähmet bazaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, 1-nji ýyllyk talyplar bilen 3(üç) ugur boýnça; ýagny Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetinde Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy hünäri boýunça, Himiýa tehnologiýasy fakultetinde Himiýa tehnologiýasy, Ýol gurluşygy fakultetinde Kartografiýa we geoinformatika hünäri boýunça okatmagyň ýokary hünär biliminiň birinji derejesi bolan Bakalawr maksatnamasy esasynda okadylyp başlandy. Şeýle hem biziň institutymyzda Türkmenistanyñ Bilim Ministrliginiñ gözükdirmelerine laýyklykda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanşykly işler dowam etdirilýär. Biz mugallymlara ýaş nesili terbiýelemekde, nusgalyk mekdep bolup durýan ylym bilimiñ Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyñ jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

01 12.2021
Züleýha Orazowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir