Jennetileriň Käbir Ýagdaýlary

Rowaýatda aýdylyşyna görä, Jennete ilkinji bolup giren jemagatyň ýüzi on dördi gijäniň aýy kimin nur saçar durar. Olardan soň girenler hem iň ýiti şöhle saçýan ýyldyzlar ýalydyr. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ymmatyndan ýetmiş müň kişi hasaba çekilmän we azap görmän, ilkinji bolup Jennete girer.

Hadyslardan bilşimize görä, Jennete iň soňky bolup girjek kişä bu dünýäniň iki essesi (başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä on essesi) ýaly Jennet berler. Rowaýatlaryň köpüsinde aýdylyp geçilişi ýaly, adam bu dünýäden gaýtmanka, kelemesini öwürse, ol Jenneti bolar. Bu ýagdaýy hadysçylar şeýle düşündirýärler: Diňe ”Lä ilähe illalla” diýen adama musulman diýip bolmaz, ol munuň yzyna ”Muhammedür-Resululla” diýen sözi-de goşmalydyr. Hatda ol Yslam dininden başga dinleriň ählisinden uzak durmalydyr. Eger bir musulman uly günä iş etse, ol Jähennemde eden günäsine barabar jeza çekeninden soň, Jennete girer. Hakykatdanam, Muaz bin Jebeliň (radyýallahu anh) Serwerimizden (s.a.w) rowaýat eden şu hadysy muny has aýdyňlaşdyrýar: ”Alladan başga ylahyň ýokdugyna we Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) Allanyň bendesi we resulydygyna ýürekden ynanyp, şahadat getiren kişä Alla Jähennemi haram edendir.”

”Lä ilähe illalla Muhammedün Resululla” diýen we şoňa laýyklykda iman getirip, salyh amal eden her bir adam Allanyň rugsady bilen, hökman, Jennete girer. Jennetiler hassalyk, ýaralanmak, garrylyk, erbet häsiýet ýaly ýagdaýlardan daşda bolarlar.

Öňem belläp geçişimiz ýaly, Jennete girmek ýeňil-ýelpaý iş däldir. Ol ýer ebedi sagadat ýurdudyr. Şonuň üçinem, şol sagadata eýe bolmak üçin, ugrunda ylgamak gerek. Has takygy, şol Ylahy peşgeşe laýyk bolmaga çalyşmaly. Bu dünýäde şeýle bolmaga jan edýän, hemişe Hakyň ryzasyny isleýän salyh we takwa kişileriň Jennetdäki ýagdaýlary bolsa, söz bilen beýan ederden has ýokardadyr. Allatagala ”Zuhruf” süresinde şeýle diýýär: ”Olar şeýle bagtyýar kişilerdir: aýatlarymyza ynanyp, Alla boýun boldular. Hany, siz we jübütleriňiz hoşal bolup Jennete giriň! Olara altyndan tabaklar we bulgurlar bilen hödür-kerem ediler. Ol ýerde göwünleriniň küýseýän, gözleriniň lezzet aljak ähli zatlary bardyr. Siz ol ýerde ebedi galarsyňyz. Olara: ”Ine, bu eden amallaryňyzyň ýerine miras edilip berlen Jennet! Ol ýerde siziň üçin köp miweler bardyr, olardan iýiň!” diýlip aýdylar.” (”Zuhruf”, 43/69-73). Bu aýatda agzalan ”göwünleriniň küýseýän” sözi bilen maddy, magnewi, fiziologik, psihologik, şahsy, jemgyýetçilik taýdan göz öňüne gelip biljek her görnüşdäki we ynsany hemme taraplaýyn gyzyklandyrýan nygmatlar aýdyljak bolunýar.

Müslimiň rowaýat edýän bir hadysynda, Serwerimiz (s.a.w) kyýamat güni Jennetiň gapysyny ilki özüniň kakjakdygyny, şondan öň bolsa bu gapynyň hiç kime açylmajakdygyny aýdypdyr. Jennete girilýän wagty, müminleriň hemmesi bellenen perişdeler tarapyndan garşy alnar we perişdeler: ”Size salam bolsun! Siz päklik bilen geldiňiz! Ebedilik galmak üçin ol (ýere) giriň!” (”Zümer”, 39/73) diýerler.

Jennetdäki sansyz nygmatlaryň käbiri hadyslarda şeýle beýan edilýär: Hezreti Büreýde (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Biri Resululla (aleýhissalatu wesselam) ýüzlenip: ”Jennetde at barmy?” diýip sorady. Aleýhissalatu wesselam hem: ”Allatagala seni Jennete salan ýagdaýynda, seniň ýakutdan bir atyň üstünde gezim edesiň gelse, ol seni islän ýeriňe uçurar” diýdi. Şonda başga bir adam: ”Jennetde düýe barmy?” diýip sorady. Emma Aleýhissalatu wesselam ol adama öňkä jogap berşi ýaly jogap bermedi. Ol (s.a.w) şeýle diýdi: ”Eger Alla seni Jennetlik eýlese, ol ýerde göwnüň islän zady, gözüň hoşuna gelýän her zat tapylar.”

Hezreti Aly (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennetde gara gözlüleriň (hüýrleriň) üýşýän ýeri bardyr. Olar ol ýerde öň adamzadyň, janly-jandaryň hiç wagt eşidip görmedik ýakymly owazy bilen aýdym aýdarlar we şeýle diýerler: ”Biz ebedidiris, asla ölmeris! Biz nygmatlara miýesser bolduk, mätäçlik çekmeris! Öz Rabbymyzdan razydyrys, gaýgy-gam bize ýatdyr! Biziň ýan-ýoldaşlarymyz, gör, nähili bagtly adamlar!”.

Hezreti Enes (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennet ähliniň bir bazary bardyr. Olar her anna güni şol ýere ýygnanşarlar. Birdenkä demirgazyk ýeli öwsüp, olaryň eşiklerini we ýüzüni sypalar. Şonuň täsiri bilen olaryň görklerine görk goşular. Şeýlelikde, olar maşgalalarynyň arasyna owadanlaşyp bararlar. Olaryň aýallary:

– ”Walla, bärden gidensoň siziň görküňize görk goşulypdyr!” – diýerler. Erkekler bolsa:

– ”Alladan ant içýän, sizem biz gidenimizden soňra hasam owadanlaşypsyňyz” – diýerler.”

Hezreti Aly (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennetde bir bazar bardyr. Emma ol ýerde hiç zat satylmaýar, hiç zadam satyn alynmaýar. Diňe erkek we aýallaryň keşpleri bardyr. Erkek kişi bulardan birine öwrülmek islese, şol islän keşbine öwrüler.”

Jennetiň sagadat ýurdy bolmagynyň esasy sebäpleriniň ýene biri-de, Jennete girjek ynsanlaryň, ýagny jennetileriň hem dünýäde, hem-de gabyr, haşyr, hasap, mizan terezisi, syrat ýaly kynçylykly döwürleri başdan geçirýärkä, saýlanyp-seçilip belli bir derejä ýetmegidir. Şeýlelik bilen, olaryň kalby öýke-kine, ýigrenç, ýadawlyk, görüplik, göwniýetmezçilik ýaly duýgulardan saplanar. Şeýlelikde, hiç kim biri-birine göripçilik etmez, biri-biriniň derejesine ýa-da nygmatlaryna göz dikmez. Kuran munuň bilen baglanyşykly: ”Göwünlerindäki ýigrenji goparyp taşlarys” (”Araf”, 7/43) diýýär. Ynançly we dogruçyl ynsanlar şol äleme baranlarynda, bulara şol ýeriň ýaşaýjylary bolan perişdeler hyzmat ederler, olaryň täze ýaşaýşa öwrenişýän döwründe gorkmazlygyny, gynanmazlygyny gazanmak üçin olara şeýle diýerler: ”Biz dünýä ýaşaýşynda-da, ahyretde-de siziň dostuňyzdyrys. Bu ýerde siz näme isleseňiz bardyr. Bularyň hemmesi merhemet ediji we bagyşlaýjy Allanyň peşgeşidir” (”Fussylet”, 41/30-32).

Jennetiler özlerini ynjalykdan gaçyrjak zatlary islemezler, olaryň dünýädekä eden erbet işleri-de ýadyna düşmez. Bu bolsa Allanyň olara bolan merhemetinden habar berýändir. Hatda dünýädekä gowy görýän adamlarynyň içinde Jähenneme düşenleriň bardygyny bilse-de, hamala, oňa öý eýesi ýaly çemeleşer: Eger Rabbym ony bagyşlamadyk, Jennetine salmadyk bolsa, onda ol adam muňa laýykdyr. Jennetiler ”Şeýle adamlar jezasyny çekmelidir” diýen düşünjede bolarlar ýa-da gussa batyrýan bu zatlary unudarlar. Şunlukda, olaryň çekýän azabyna gyýylmazlar, bu zatlar sebäpli ynjalykdan gaçmazlar.

Sehl Ibnüs-Sad (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennet ähli otaglarda galanlara serederler, siziň asmandaky ýyldyzlara seredişiňiz ýaly.”

Ebu Said (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdiler: ”Jennet ähli otaglarda galanlary (ähli-guraf) görerler. Edil gözýetimde gündogardan günbatara uzalyp gidýän dür ýaly şuglaly ýyldyzlary görşüňiz ýaly. Öz aralaryndaky fazylat taýdan tapawutlylyk (otag ählini) şeýle belentde görkezer.”

Şonda Serwerimiziň egindeşleri: ”Eý, Allanyň Resuly! Bu aýdýanyňyz, ýalňyşmasak, pygamberleriň derejesi bolmaly, başga kişiler ol ýere ýetip bilmese gerek!” diýdi. Ol (aleýhissalatu wesselam): ”Ýok! Ruhumy gudrat elinde saklaýan Alla kasam bolsun! Otaglarda galýanlar (pygamber däl kişiler) Alla, Onuň pygamberlerine ynanan kişilerdir!” diýdi”.

Hezreti Ebu Hureýräniň rowaýat eden başga bir hadysynda Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennete ilkinji bolup girjek toparyň ýüzi on dördi gijäniň aýy ýaly nurana bolar. Olaryň yzyndan girjek topar aýdyňlyk taýdan asmandaky iň uly ýyldyza çalym eder. Jennetiler kiçi täredem etmezler, uly täredem, tüýkürmezlerem, sümgirinmezlerem. Daraklary altyndan, derleri müşkdendir. Tütedýän tütünleri öt agajyndan, aýallary gara gözli hüýrlerden bolar. Olar öz atalary Adamyň ýaradylyşy ýaly, altmyş tirsek boýy12 uzynlykda ýeke adam keşbinde bolarlar.”

Hezreti Jabir Allanyň Resulynyň (s.a.w) şeýle diýendigini rowaýat edýär: ”Jennet ähli Jennetde iýerler, içerler, emma tüýkürmezler, kiçi we uly täret etmezler, sümgürinmezler!” Egindeşleri:

– Ýeri, iýen zatlary nädip daşary çykar? – diýip soradylar. Resuly Ekrem (aleýhissalatu wesselam):

– Gägirmek arkaly ýa-da müşk ysly der bilen! Olara dem almak ylhamy gelşi ýaly, tesbih sanamak we şükür etmek ylhamy hem geler.”

Jennetiler Jennetde ýaş bolup direldilerler we nygmatlardan iň amatly ýagdaýda peýdalanarlar. Ebu Said el-Hudri (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Bir adam jenneti bolup ölse, uly ýa-da kiçi – näçe ýaşynda bolsa-da, otuz ýaşly bolup Jennete girer we bu ýaş hiç haçan üýtgemez. Jähennemlikler üçin hem ýagdaý şeýledir.”

Olarda şekil we daşky görnüş taýdanam birnäçe üýtgeşmeler bolup geçer. Hezreti Ebu Hureýre (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennet ähliniň endamynda tüý, ýüzünde sakgal ýokdur, gözleri sürmelidir, ýaşlygy harap bolmaz, eşikleri könelmez”.

Tirmiziniň bir rowaýatynda şeýle diýilýär: ”Jennetileriň başlarynda täçler bardyr. Şol täçdäki ýekeje dür maşryk bilen magryp aralygyna ýagty saçar.”

Ebu Said el-Hudri (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Kyýamat güni ýer ýeke çörek bolar. Jepbar (bolan Allatagala) ony jennetilere azyk edip, elinde pyrlar, edil, siziň sapardakaňyz çöregiňizi pyrlaýşyňyz ýaly!” Şol wagt bir ýewreý gelip:

– Eý, Ebel-Kasym! Rahman (bolan Alla) seni mübärek etsin! Kyýamat güni Jennet ähliniň (işdä açyjy) hödür-kereminiň nämedigini habar bereýinmi? – diýdi. Serwerimiz (s.a.w):

– Aýt, bakaly! – diýdi. Ol kişi edil, Aleýhissalatu wesselamyň aýdyşy ýaly:

– Ýer ýeke çörek bolar! – diýdi. Resululla (aleýhissalatu wesselam) bize garady. Soňra azy dişleri görünýänçä gülümsiräp:

– Ýeri, saňa Jennet ähliniň gatyklaryndan habar bereýinmi?– diýdi. Ol kişi:

– Aýdyň!– diýdi. Aleýhissalatu wesselam:

– Balam we nun! – diýdi. Ol kişi:

– Bu näme? – diýip sorady. Aleýhissalatu wesselam:

– Öküz we balykdyr. Olaryň ýürekleriniň gyrasyndan ýetmiş müň kişi iýer – diýdi.”

Ebu Hureýre (radyýallahy anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Maňa Jennete giren ilkinji üç kişi habar berildi. Olaryň biri şehit, biri namysjaň we (aza kanagat edip) namysyny goran, ýene biri hem Allatagalanyň öňünde ybadatyny birkemsiz ýerine ýetiren we hojaýynlaryna haýyrly bolan hyzmatkärdi.”

Bu dünýädekä erbetliklerden daşda durup, hemişe haýyr iş bilen gümra bolan, takwa halkasynda ýaşan müminler Jennete girjek wagtlary şeýle diýerler: ”Bize beren ähtinde durup, islendik ýerine ýerleşmäge rugsat berlen Jennete bizi mirasdüşer eden Allatagala şükürler bolsun!” (”Zümer”, 39/74). Aýatda beýan edilişine görä, müminler ýerleşme jähetinden erkin ýagdaýdadyr. ”Rahman” süresinde gürrüňi edilýän iki ýa-da dört Jennetiň bir manysy hem şu bolmaly. Jennet mesgenlerindäki halyça, düşek we ş.m. ýaly hojalyk esbaplarynyň diýseň ýerbe-ýer, bezelen bolmagy bilen bir hatarda, ir-iýmişdir içilýän suwlaryň, galyberse-de, eşikleriň adatdan daşary lezzet beriji aýratynlyklara, arassaçylyk we nepislige eýe boljakdygy dürli aýatlarda ýygy-ýygydan gaýtalanyp, jikme-jik suratlandyrylýar.

Hadyslarda aýdylyşyna görä, Jennet ähline hödür ediljek tagamlaryň ilkinjisi balygyň ýüreginden taýýarlanylan nahardyr. Jennetde çörek, et, ir-iýmiş, süýji tagamlar (süýjüli kökäniň görnüşleri), aýratynam, suw, süýt, şerap ýaly tagamlar bar bolmak bilen bir hatarda, olaryň bu dünýädäkisine adyndan başga meňzeşliginiň ýokdugy alymlar tarapyndan bellenip geçilýär. Hakykatdanam, öňem takyklanyp geçilişi ýaly, aşa lezzet berýän Jennetiň şerbetinden badalar dolduryp içilse-de, serhoş edip, başyňy aýlamaz. Jennetiň nygmatlarynyň içinde ir-iýmişleriň möhüm orun tutýandygy birnäçe aýatlaryň beýanlaryndan mälim bolýar.

Ahyretde öňi bilen, kitaplar paýlanar, mizan terezisi gurlar, hasap berler, syratdan geçiler we iň soňunda Jennet we Jähenneme giriler. Kapyrlar göni Jähenneme gider, emma müminleriň ýagdaýy birneme üýtgeşik bolar. Allanyň magfyretine we ryzasyna miýesser bolan saýlanan bendeler, pygamberler, belki-de syddyklar (sadyklar), şehitler, alymlar, salyh bendeler göni Jennete girerler, mizan terezisinde günäsi sogabyndan agyr gelen ýa-da haýsydyr bir rehim-şepagat we umumy ýalkanma miýesser etmedik bir bölek müminler bolsa, ilki Jähenneme girer. Eden etmişlerine görä azap çekerler. Soňra imanlary sebäpli günleriň birinde Jähennemden çykarylyp, Jennete giriziler.

Hezreti Ebu Said el-Hudriniň (r.a) rowaýat eden bir hadysynda Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Müminler Jähennemden halas edilende, Jennet bilen Jähennemiň arasyndaky köprüde bir müddet saklanar. Şol aralykda dünýädekä biri-birlerine eden adalatsyzlyklaryny özaralarynda razylaşarlar. Şeýlelikde, günälerden saplanyp, päklenensoň, olara Jennete girmäge rugsat berler. Nebsimi gudratly elinde saklaýan Zaty-Züljelaldan kasam edýärin, olaryň her biri dünýädäki öýünden Jennetdäki öýüne has gowy beletdir.”

Imran Ibnu Husaýn (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Ynsanlar Muhammediň (aleýhissalatu wesselam) rehim-şepagaty bilen Jähennemden çykyp, Jennete girerler. Bulara ”dowzahylar” diýler.”

Ibnu Mesudyň rowaýatynda bolsa, Jennete iň soňky bolup giren müminiň ýagdaýy beýan edilýär: Resululla Serwerimiz (s.a.w) şeýle diýdi: ”Jennete iň soňky bolup giren kişi käte ýörär, käte-de aglar. Arasynda bolsa ot daglar. Ol Jähennemden ymykly geçensoň, yzyna garap, bir meýdan oňa syn edip durar we: ”Senden meni halas eden Alla münezzehdir!13 Allatagala maňa öňki we soňkulardan hiç kime bermedik zadyny berdi!” diýer. Şol wagt oňa bir agaç görkeziler. Ol:

– Eý, Rabbym! Meni şu agajyň ýanyna ýakynlaşdyr, men onuň aşagynda saýalaýyn, suwundan içeýin!– diýer. Allatagala:

– Eý, ynsan! Şu dilegiňi bitirsem, Menden başga zat dilemersiň gerek? – diýer. Ol kişi:

– Hawa, başga zat dilemerin! – diýip, başga zat dilemejekdigine söz berer. Allatagala hem onuň haýyşyny kabul eder. Sebäbi ynsan sabyr edip bilmejek zadyny (agajy) gördi ahyryn. Haktagala ony agaja golaýlaşdyrýar. Ynsan onuň saýasynda saýalar, suwundan içer. Soňra oňa öňküden has owadan agaç görkeziler. Ol çydap bilmän:

– Eý, Rabbym! Meni şoňa ýakynlaşdyr, şonuň kölegesinde kölegeläýin, suwundan içeýin, Senden gaýdyp zat dilejek däl! – diýer. Allatagala:

– Eý, ynsan! Maňa ýaňam başga zat dilejek däl diýip söz beripdiň ahyryn? Eger Seni muňa ýakynlaşdyrsam, ýene başga zatlaram dilärsiň! – diýer. Ynsan başga zat dilemejekdigine söz berer. Allatagala hem onuň ýazygyny geçer. Sebäbi ol sabyr edip bilmejek zadyny gördi ahyryn. Ynsany oňa ýakynlaşdyrar. Ynsan onuň kölegesinde kölegeläp, suwundan içer.

Soňra oňa Jennetiň gapysynyň ýanyndaky bir agaç görkeziler. Bu agaç beýeki ikisinden has owadandyr. Ynsan ýene:

– Eý, Rabbym! Meni şuňa ýakynlaşdyr, men onuň kölegesinde kölegeläp, suwundan ganaýyn, Senden başga zat dilemerin! – diýer. Allatagala:

– Eý, ynsan! Sen hälki agaçdan başga zat dilemejekdigiňe söz bermänmidiň? – diýer. Ynsan:

– Hawa, söz beripdir. Ýöne gaýdyp başga zat islemerin! – diýer. Allatagala onuň ýazygyny geçer. Sebäbi ol sabyr edip bilmejek zadyny gördi ahyryn. Ynsany oňa ýakynlaşdyrar. Ynsan oňa ýakynlaşanda, Jennet ähliniň sesini eşder. Ol (çydap bilmän):

– Eý, Rabbym! Meni Jennete giriz! – diýip ýalbarar. Allatagala:

– Eý, ynsan! Meni senden näme halas edip biler?! Dünýäni bersem, üstesine onuňam iki essesini bersem razy bolarmyň? – diýip sorar. Ynsan:

– Eý, Rabbym! Aýdýanyň näme? Sen älemleriň Rabby ahyryn!” – diýer.

Ibn Mesud şonda gülüp:

– Näme üçin gülenimi soramadyňyz-la? – diýdi.

– Näme üçin güldüň? – diýip soradylar. Ol:

– Resululla (aleýhissalatu wesselam) hem şeýdip gülüpdi. ”Näme üçin güldüňiz?” diýip soralanda: ”Rebbülaleminiň ynsanyň ”Aýdýanyň näme, Sen älemleriň Rabby ahyryn!” diýenine gülmegine gülýärin” – diýdi. Allatagala:

– Men seniň bilen oýun edemok. Sebäbi men Azimüşşandyryn, islän zadymy etmäge güýjüm ýetýändir! – diýdi.”

Jennet ähliniň Allanyň huzurynda wagty duýýan bagtyýarlygy, belki-de, olara bagyş edilen iň beýik nygmatlaryň biridir. Olaryň bu bagtyýarlygy şeýle beýan edilýär: ”Jennet ähli Allanyň huzuryna iki gezek barar... Olaryň her biri şol mejlisde amallaryna görä, dür, ýakut, zümrüt, altyn we kümüşden kürsülerde oturarlar. Olaryň gözleriniň şuglasy hiç haçan beýle ýiti bolan däldir.... Olar bu ýagdaýy gaýtadan başdan geçireris diýen tama bilen, ertiriň gelerine garaşmak üçin, öňki ýerlerine gaýdarlar.”

Müminleriň Jennetde hemme taraplaýyn hoşal boljakdygy bolsa, Kuranyň şu aýatlarynda aýdylýar:

”Eý, mutmaýyn (kanagatlanan) nebis, Rabbyňa hoşal ediji we hoşal edilen bolup dolan. Indi bendelerimiň arasyna goşul, Jennetime gir.” (”Fejr”, 89/27-30).

”Olara özleriniň Rabbynyň berjek sowgatlary, içinde ebedi galmak şerti bilen, aşagyndan derýalar akýan ”Adn” jennetleridir. Alla olardan razy bolandyr, olar hem Ondan razy bolandyrlar. Ine, bu öz Rabbyndan ”süňňi galpyldap gorkýan kişi” üçindir.” (”Beýýine”, 98/8).

Şübhesiz, Jennet nygmatlarynyň her biri has bereketli hem gymmatlydyr. Aýratynam, Jähennemiň bardygy Jennet ähliniň şol nygmatlardan alýan lezzetini ep-esli artdyrar. Sebäbi ahyretde ynsanlaryň Jennet we Jähennemden başga gitjek ýeri ýok ýokdur. Ine, şu sebäpli hem, Allanyň öz Jennetine kabul etmedik kişisiniň barjak ýeri Jähennemdir. Alla dünýäde wagty ynsanlara bir wagtyň özünde gowy bilen erbedi, owadan bilen betnyşany, oňyn bilen tersini görkezýär. Bu bolsa iman getirenleriň deňeşdirip görmegine we ajaýyplykdan alýan lezzetiniň artmagyna sebäp bolýar. Jennet ähliniň Jähennem azabyndan Allanyň rahmeti bilen halas bolandyklaryna begenişleri, in, şu hadysda şeýle beýan edilýär: ”Jennet ählinden hemme kişi Jähennemdäki ornuny görüp: ”Eger Alla maňa hidaýat (dogry ýol) bermedik bolsa neneň bordy?” diýer. Bu bolsa olaryň eden şüküri hasaplanar.” Serwerimiz (s.a.w) başga bir hadysynda: ”Jennete girip, Jähennemden halas bolmak nygmatyň iň beýigidir” diýmek bilen, bu beýik nygmatyň gadyryny bilmegi ündeýär.

Jennet ähliniň bu şatlygy Kuranda şeýle habar berilýär: ”... Şeýle diýerler: Bizi muňa ýetiren Allatagala şükürler bolsun! Eger Alla bize hidaýat bermedik bolsa, biz dogry ýoldan ýöremezdik. Kasam edýärin, Rabbymyzyň ilçileri hak bilen geldiler”. Olara: ”Ine, bu – eden işiňize laýyklykda miras berlen Jennetiňizdir” diýip seslenerler.” (”Araf”, 7/43).

Galyberse-de, müminler islän wagty Jähennem ähliniň gözgyny ýagdaýyny, olaryň dünýäde eden işlerine nähili garaw alýandygyny görmäge mümkinçilik tapar. Allatagala Kuranda Jennet ähli bilen Jähennem ähliniň özara gürrüňdeşligini şeýle mälim edýär: ”Olar, hökman, Jennetlerde günäkärleriň hal-ýagdaýlaryny sorarlar: ”Sizi Jähenneme iteklän zat näme?” Olar şeýle jogap bererler: ”Biz namaz okamazdyk. Garyplary doýurmazdyk, olaryň nämä mätäçdigi bilen gyzyklanmazdyk. Boş gürrüň edip oturanlaryň arasyna bizem goşulardyk. Bu hasap gününiň bardygyna ynanmazdyk. Ajal biziň ýakamyzdan tutýança, hemişe şeýledik.” (”Müddessir”, 74/40-47).

Jennetileriň hemmesi birmeňzeş derejede bolmaz. Kuranyň ”Olar Allanyň huzurynda dereje derejedir...” (”Ali-Imran”, 3/163) diýen aýatyndan-da mälim bolşy ýaly, Jennete girmeli kişiler takwalarynyň derejesine görä hormat görerler. Bu ýagdaý barada hadyslaryň birinde şeýle diýilýär: ”... Jenneti hem amallara görä paýlarlar (Köp amaly bolan köp paý alar).”

Elbetde, bir kişi Jennetiň haýsy derejesinde bolanda-da, şondan hökman göwni hoş bolar. Sebäbi Allatagala Jennetdäki bendeleriniň ählisine hoşallyk wada berendir. Rabbymyz ýüregi päk bendeleriniň Özünden razy bolup, Jennete girjekdigini habar berýär. Ýöne dünýäde şol bir nygmatdan her kimiň özüçe lezzet alşy ýaly, ahyretdäki nygmatlardan alynýan lezzet hem dürliçe bolar. Allatagala has ýakyn bolan, Ony hakyky bolmalysy ýaly tanan adamlar bu gözellikden has köp lezzet alar. Allatagala belent derejelere mynasyp boljak bendeleriniň aýratynlyklaryny bir aýatynda, ine, şeýle mälim edýär: ”Iman edenler, hijret edenler we Alla ýolunda mal we janlary bilen güýç sarp edenleriň Allanyň huzurynda beýik derejeleri bardyr. Ine, halas bolanlar we bagta ýetenler – şolardyr.” (”Toba”, 9/20).

Mugire Ibnu Şubäniň (radyýallahu anh) habar berýän hadysynda Älemleriň Buýsanjy Serwerimiz (s.a.w) şeýle diýýär: ”Hezreti Musa (aleýhissalam) Rabbyndan sorady:

– Derejesi babatda Jennet ähliniň iň pesi nähilikä? – Allatagala jogap berdi:

– Jennet ähli Jennete salnandan soň geljek adamdyr. Oňa: ”Jennete gir!” diýler. Ol: ”Eý, Rabbym, men nädip gireýin?! Her kim öz ýerine ýerleşdi, ornuny eýeledi!” diýer. Oňa şeýle diýler: ”Sen özüňe dünýäni sorap oturan patyşalardan biriniň mülküçe mülk berilmegine razymyň?” Ol hem: ”Hawa, razydyryn!” diýer. Allatagala: ”Saňa şol mülk berlendir. Şonuň iki essesi, onuňam iki essesi, onuňam iki essesi, onuňam iki essesi berlendir...” Ol adam bäşinjide: ”Eý, Rabbym, boldy, razy boldum” diýer. Allatagala: ”Bu saňa berildi, ýene on essesi berildi. Ýene-de göwnüň näme küýsese, gözüň nämeden lezzet alýan bolsa, saňa şolaň hemmesi berlendir!” diýer. Ol adam: ”Boldy, men Senden razy, Rabbym!” diýer. Hezreti Musa sorag bermegini dowam etdirdi:

– Derejesi iň belent bolan nähilidir?

– Ine, höküm edenim şulardy. Olaryň keramat nahallaryny öz elim bilen oturtdym we üstüne möhür basdym. Olara taýynlan zatlarymy ne göz görendir, ne-de gulak eşdendir, ne-de kimdir biriniň kellesine gelendir.”

Hezreti Ebu Hureýre (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Allatagala: ”Men – Azimuş-Şan, salyh bendelerim üçin gözüň görmedik, gulagyň eşitmedik, ynsanyň kellesine gelmedik nygmatlary taýýarlap goýdum” diýip yglan etdi.”

Ebu Hureýre hadysy aýdyp bolansoň, diňleýänlere ýüzlenip şeýle diýdi:

– Isleseňiz, şu aýaty-kerimäni okaň: ”Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (Jennetde) gözleri nurlandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir.” (”Sežde”, 32/17).

Başga bir hadysda-da ”Olar juma günleri hoşboý ys çaýýan şemalyň öwüsýän bazaryna aýlanarlar, şeýlelikde, olaryň görküne görk goşular” diýlipdir.

Sehl Ibnu Sad bu hadysy edil şolar ýaly edip aýdansoň: ”Muhammed Ibnu Kab şeýle diýdi: ”Olar Alla üçin eden amallaryny gizlin sakladylar. Alla hem olaryň sogabyny gizlin saklady. Öz bendeleri ýanyna gelende, olary nygmata gark eder.”

Harise Ibnu Wehb (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam):

– Size Jennet ählinden habar bereýinmi? – diýdi. Onuň egindeşleri:

– Hawa, eý, Allanyň Resuly – diýişdiler. Aleýhissalatu wesselam:

– Ol biçäre hasap edilen ejiz adamdyr. Ol adam bir meselede Alladan kasam etse, Allatagala onuň arzuwlaryny hasyl eder, sözüni ýalana çykarmaz – diýdi we gaýtadan sorady:

– Size Jähennem ählinden habar bereýinmi? Olar gödek, husyt we ulumsy adamlardyr.

Ebu Dawutda Hariseden (radyýallahu anh) gelen bir rowaýatda Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýipdir: ”Jennete ne husyt baý, ne-de rehimsiz gödek girer.”

Sad Ibnu Ebi Wakkas (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Jennetdäki zatlaryň dyrnak ýaly bölejigi asman bilen zeminiň arasyny bezärdi. Eger Jennet ählinden biri dünýä ähline görünse, onuň elindäki bilezikleriň şuglasy Günüň ýyldyzlaryň yşygyny örtüşi ýaly, Günüň ýagtysyny örterdi.”

Şol sebäpli, jennetiler hem-ä nygmatlaryň iň ýagşysyna eýe bolar, hem-de munuň ebedidigini bilýändikleri üçin, söz bilen beýan ederden has ajaýyp lezzetlerden dadarlar.

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir