Jähennemiň ebediligi
Kuranda ”ebedä” sözi bilen beýan edilýän aýatlarda Jennetiň ebediligi her kime mälimdir. Emma şonuň yz ýanyndan gelýän aýatlarda Jähennem üçin, ”ebedä” sözüniň däl-de, ”halidine fihä” sözüniň ulanylmagy ”Jähennem durmuşy ebedi bolmasa gerek” diýen garaýşyň döremegine sebäp bolýar we bu babatda birnäçe pikir öňe sürülýär. Hanefi mezhebiniň ymamy – Ymamy Agzam (rahmetullahi aleýh) Jähennemiň hem edil Jennet ýaly ebedi boljakdygyny aýdyp, bu jedelli meseläni çürk-kesik edýär we başgaça pikir edeni hem ýazgarýar.
Kuranyň şu aýatynda bolsa, kapyrlaryň Jähennemde ýaşajakdygy aýdylypdyr we ”ebedä” sözi arkaly hem Jähennem durmuşynyň ebediligi nygtalypdyr. ”Alla kapyrlara lagnat edendir we olara alawly ot taýynlap goýandyr. Olar onuň içinde ebedi ýaşarlar we özlerine ne bir halasgär, ne-de kömekçi taparlar” (”Ahzab”, 33/64-65). Mundan başga-da birnäçe ýerde dowzahda ölümiň ýokdugy, şol sebäpli ebedi azaba duçar bolunjakdygy habar berilýär: ”Ol ýerde ne ölerler, ne-de ýaşarlar” (”Taha”, 20/74), ”Ol ýerde şol oda ýanaşan ne öler, ne-de ýaşar!” (”Ala”, 87/11-12).
Olar çekip-çydardan çetin bolan azapdan dynmak üçin ölüme razy bolarlar, emma peýdasy bolmaz. Indi olar ölmezler. Dowamly azap çekerler, emma ölmezler.
Ebu Hureýre (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wessalam) şeýle diýdi: ”Kyýamat güni ölüm getirilip, Syrat köprüsiniň üstünde goýlar we ”Eý Jennet ähli!” diýlip gygyrylar. Jennetiler bu sesi eşidip, şol wagtky ýerlerinden çykarylar gorkusy bilen tolgunyşyp serederler. Soňra bolsa ”Eý, Jähennem ähli!” diýlip gygyrylar. Olar hem şol wagtky ýerlerinden çykarylmakdan umydygär bolup, tamakinçilik bilen serederler. Olara ölüm görkezilip, ”Şuny tanaýaňyzmy?” diýler. Olaryň hemmesi bir agyzdan: ”Hawa! Ol ölümdir” diýerler.”
Resululla (aleýhissalatu wessalam) şeýle diýdi: ”Şondan soňra Allatagala buýruk berer we Syrat köprüsiniň üstünde ölüm öldüriler. Soňra iki tarapa-da birden: ”Şol öňki ýeriňizde ebedi boluberiň, bärde indi ölüm ýokdur” diýler.”