FIFA-nyň täzelenen reýtingi: Argentina çür başynda, Ispaniýa üçlüge girdi
Möwsümiň iki ýaryşynyň – Ýewropa çempionatynyň we Kopa Amerikanyň tamamlanmagy netijesinde FIFA milli toparlaryň reýtingini täzeledi.
Kopa Amerikanyň ýeňijisi Argentina öňdebaryjylygyny saklady. Onuň hasabynda 1901,48 utuk bar. Ýewro ýaryşynyň ýarym finalynda Ispaniýadan utulan Fransiýa 1854,91 utuk bilen ikinji orunda saklandy. Angliýany ut...
Tim Szýu sentýabr aýynda IBF-niň saýlama söweşinde ringe çykar
Meşhur russiýaly boksçy Konstantin Szýunyň ogly, awstraliýaly professional boksçy Tim Szýu 22-nji sentýabrda ringe gaýdyp geler. Birinji orta agramda IBF-niň saýlama söweşi Awstraliýada geçiriler.
Tim Szýunyň garşydaşy heniz kesgitlenmedi, ýöne FightSpace telegram-kanalynyň maglumatlaryna görä, ol Erikson Lýubin ýa-da Hesus Ramos bolup biler...
Dias – Maswidal tutluşygynyň petekleriniň satuwy garaşylan netijäni bermedi
Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasy (CSAC) amerikaly söweşijiler Neýt Dias bilen Horhe Maswidalyň arasyndaky boks söweşi üçin petek satuwyndan gazanylan girdejini mälim etdi.
Söweşi gurnaýjylar peteklerden bary-ýogy 1,26 mln dollar gazandylar. Bellenilişi ýaly, diňe bir adam bäş müň dollara petek satyn aldy, ýekeje petek hem 3500 dolla...
Amerikanyň Kubogy – 2024-üň simwoliki topary hödürlendi
WhoScored portaly Amerikanyň Kubogy – 2024-üň simwoliki toparyny düzüp, oňa degişli orunlarda iň ýokary ortaça baly bolan oýunçylary goşdy.
Derwezeban: Rafael Romo (Wenesuela)
Goragçylar: Daniel Munýos (Kolumbiýa), Kristian Romero (Argentina), Ronald Arauho (Urugwaý), Pýero Inkapie (Ekwador)
Ýarym goragçylar: Hames Rodriges (Ko...
“Real” ýene-de dünýäniň iň gymmat futbol brendi boldy
Madridiň “Realy” Brand Finance konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbol brendleriniň reýtinginde “Mançester Sitini” gysyp çykaryp, birinji orna gaýdyp geldi.
Geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan “Realyň” brend bahasy 16% ýokarlanyp, 1,7 mlrd ýewro...
Týago Alkantara “Barselona” dolanýar. Bu gezek tälimçi hökmünde
“Barselonanyň” öňki futbolçysy Týago Alkantara klubuň tälimçiler toparyna goşuldy. Bu barada “Barselonanyň” resmi saýty habar berýär.
“Ýakynda 33 ýaşynda oýun karýerasyny tamamlan Týago Alkantara geljek hepdeleri tälimçi hökmünde tejribe ýygnamak üçin Hans Flikiň toparynyň düzüminde geçirer. Öňki oýunçynyň tomsuň dowamynda esasy toparda galm...
UEFA Ýewro-2024-üň iň gowy goluny saýlady
UEFA Ýewropa çempionaty – 2024-üň iň gowy goluny kesgitledi. Guramanyň tehniki synçylarynyň pikiriçe, ol Lamin Ýamalyň ýaryşyň ýarym finalynda Fransiýanyň derwezesine geçiren goly boldy. Ispaniýaly birinji ýarymda jerime meýdançasynyň daşyndan urandan soň, ilki ştanga degip, soň derwezä giren goly bilen tapawutlandy.
Ikinji orny Jud Bellinge...
Argentina we Ispaniýa “Finalissimada” duşuşar
Indiki “Finalissima” ýaryşynyň gatnaşyjylary belli boldy. Bu gezek 2024-nji ýylyň Ýewro we Kopa Amerika ýaryşlarynyň ýeňijileri duşuşýar.
Şeýlelikde, ýaryşda Ýewropa çempionatynyň finalynda Angliýany 1:2 hasabynda utan Ispaniýa we Amerikanyň Kubogynyň finalynda Kolumbiýany 0:1 hasabynda utan Argentina duşuşar.
Deslapky maglumatlara gö...
Kilian Mbappe "Real" bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglanyşdy
Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe resmi taýdan "Realyň" oýunçysy boldy. Furbolçy klub bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama gol çekdi.
Gol çekmek dabarasy şu gün klubuň prezidenti Florentino Peresiň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaradan fotosuratlar klubuň resmi saýtynda paýlaşyldy.
Şertnama gol çekişenlerinden soň, Mbappe "9-lyk" belgidäki...
Ýewro-2024: Gruziýa Portugaliýany utdy, Türkiýe Çehiýadan üstün çykdy, E toparçada utuklar deň geldi
2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.
E toparçada Ukrainanyň milli ýygyndysy Belgiýa bilen utugy paýlaşdy (0:0).
Slowakiýa we Rumyniýa hem deňme-deň oýnady (1:1). Slowakiýalylardan Ondreý Duda gol geçirdi (24-nji minut), rumyniýalylardan Rezwan Marin tapawutlandy (37, penaltiden).
Topa...
Ýewro-2024: Italiýa soňky sekuntlarda Horwatiýa bilen deňleşip, pleý-off-a çykdy
Leýpsigde Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň Italiýa bilen Horwatiýanyň arasynda üçünji tapgyr oýny geçirildi. Duşuşyk diýseň täsirli boldy we deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy.
Oýnuň birinji ýarymynda italiýalylar artykmaçlyga eýe boldular, ýöne gol girizip bilmediler. 53-nji minutda horwatiýalylar garşydaş toparyň jerime meýdançasynda...
Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner karýerasynda 14-nji titulyny gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner Germaniýanyň Halle şäherinde geçirilen ATP 500 ýaryşynyň finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan üstün çykdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 2,2 mln ýewrodan geçýär.
Duşuşyk 7:6 (10:8), 7:6 (7:2) hasabynda birinji belgide ýerleşdirilen italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Hurkaç ýaryşda bäşinji belgi bilen...
Futbol boýunça Afrika milletleriniň kubogy yza süýşürildi
Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Öň, ýaryşyň 2025-nji ýylyň tomsunda geçmegine garaşylýardy.
Ýaryşyň başlangyç oýny 2...
Türkmen kuraşçylary Eýranda geçirilen Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar
Eýranyň paýtagtynda geçirilen kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 11 medal gazandylar. Bäsleşige 20 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy.
Türkmenistandan 14 türgen gatnaşdy, olaryň 11-i baýrak aldy.
48 kilograma çenli agram derejesindäki Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa ýeke-tä...
Ýewro-2024: Türkiýe Gruziýany, Portugaliýa Çehiýany ýeňdi
Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Türkiýäniň milli ýygyndysy 3:1 hasap bilen Gruziýadan üstün çykdy. Duşuşyk Dortmunda geçirildi.
Türkler Mert Mýulduryň urgusy bilen 25 minutda hasaby açdylar. 32-nji minutda Georgiý Koçoraşwili Gruziýanyň Ýewropa çempionatyndaky ilkinji goluny geçirip, hasaby deňledi.
65-nji minutda...
124 ýyldan soň: 1900-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndaky weloýaryşynyň netijelerine täzeden garaldy
Halkara olimpiýa komiteti 1900-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda 25 kilometrlik welosiped ýaryşynyň netijelerine täzeden garady diýip, “Çempionat” sport çeşmesi ýazýar.
Şol ýaryşda ikinji orny Beýik Britaniýa üçin bäsleşen Lloýd Gildebrand (beýleki çeşmelerde - Lui Gildebrand) eýeledi. Şeýle-de bolsa, Halkara olimpiýa...
Ýewro-2024: Ispaniýa, Şweýsariýa we Italiýa ynamly ýeňiş gazandylar
15-nji iýunda Germaniýada badalga alan futbol boýunça Ýewropa çempionatynda üç oýun oýnaldy. A we B toparlardan ýygyndylar duşuşdylar.
Ilki bilen Kýoln şäherinde A topardan Şweýsariýa bilen Wengriýa duşuşdy. Duşuşykda şweýsariýalylar 3:1 hasap bilen ýeňiş gazandylar. Ýeňiş gazananlaryň düzüminde Kwadwo Dua, Mişel Ebişer we Brel Embolo tapawu...
Albaniýaly futbolçy 22-nji sekuntda Italiýa gol geçirip, rekord goýdy
Albaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Nedim Baýrami Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda iň çalt goly geçirdi. Ol Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesine duşuşygyň eýýäm 22-nji sekundynda gol geçirdi.
Ondan öňki rekord 20 ýyl saklandy. Russiýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dmi...
Adidas Ýewro-2024 mynasybetli Jud Bellingem bilen reklama kampaniýasyny hödürledi
adidas kompaniýasy motiwasiýa we töwerekdäkileriň basyşyna garşy göreşmäge bagyşlanan mahabat kampaniýasyny çykardy. Ýewro-2024-e bagyşlanyp çykarylan ruhlandyrýan wideoroligiň baş gahrymany Angliýanyň milli ýygyndysynyň we "Realyň" ýaş ýarymgoragçysy Jud Bellingem boldy diýip, Buro247 habar berýär.
Rolikde futbolçy maksatlary we tejribesi b...
Ýewro-2024 taryhda tehnologiýa taýdan iň ösen çempionat bolar: çipli top, emeli aň we akylly bilezik
14-nji iýunda, anna güni 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlar. Bu ýyl Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriljek bu ýaryş taryhda tehnologiýa taýdan iň ösen ýaryş bolup biler.
UEFA oýny çaltlaşdyrmak we eminleriň ýalňyşlyklaryny azaltmak üçin birnäçe täze çözgütleri ornaşdyrýar.
Şeýlelik bilen, ýaryşyň resmi topy – Adidas...