Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.

Adym ― beýan yns-u-jynsyň matlabna,
Adym ― pikirlere, pällere hemra.
Adym uzap ýatyr ýyllaň gatlarna,
Oň bilen hüňkarlar, soltanlar gümra.

Şadyhorramlaryň ýüregniň sesi,
Gussalylaň barmagynyň tikeni.
Men ― şu adyň bimynasyp eýesi.
...At adamy bezemeýär ekeni.

09.08.2021ý.

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir