Jähennem Jähennem – çuň, gurruk guýy manysyny berýär. Jähennem ahyretde käfirleriň hemişelik, günäkär mü’minleriň bolsa günälerine görä, jeza çekip ýaşajak azap ýeridir. Jähennemiň ýaradylmagy hakdyr. Allahyň adalatynyň nusgasydyr. Meselem: Bir ülkede zyndan bolmasa, ýöne bir jenaýatkär ençeme jenaýat edip halka, adamlara zor salsa, şol ülkäniň ýolbaşçysy diňe şol bir adam üçin zyndan saldyrmaly bolar. Bu mysalda bolşy ýaly, käfiriň jenaýatynyň magnewi taýdan çäksizligi jähenneme zerurlyk döredýär. Șeýle hem, eger-de käfir dünýäde ebedi ýaşan bolsa hemişe küfür içinde ömür sürerdi. Șol sebäpli ol jähennemde-de ebedi galmaly bolýar. Jähennemde akyla-hyýala gelip bilmejek jebri- sütemleriň görnüşi bardyr. Kurany Kerimde jähennem barada şular aýdylýar: Günäkärler jähenneme baranlarynda jähennem olaryň üstüne ýalyn seçer. Uzakdan görnende onuň gaýnaýan sesi eşidiler. Inkärçiler üçin ebedi zyndan bolan jähennem otdan düşekçeleri bilen jähennemileri hemme tarapdan gurşaýan, ýüzleri ýakyp-gowurýan, derileri soýup-sowurýan, ýüreklere ornaýan gyzgyn otdan doly çukurdyr. Ýangyjy ynsan bilen daş bolan jähennem özüne atylanlardan doýup-dolmaz. Ynsanyň içini ýakyp-ýandyrýan howur we gaýnag suwuň içinde ýakymsyz gara dumanyň kölegesinde galjak jähennemileriň hamlary her gezek ýananda, azaby gutarmazlygy üçin täzeden ham dörär. Olaryň iýjegi zakgum, içjegi gaýnag suw we iriňdir. Șol ýerde salkyn ýeriň bolmaýşy ýaly, içer ýaly zat hem ýokdur. Käbir aýatlarda jähennem şeýle suratlandyrylýar: «Ýok, ol tutaşan ýalynly otdur. Hamlary gowrar we sypyrar. Imana dodak çöwrüp, Hakdan ýüz öwreni, şeýle hem baýlyk ýygnap haýyr işe harçlamaýany ol özüne çagyrar», (Magaryç, 15-18). «Bu ot olary has daşdan görende aýylganç şatyrdar. Olar oduň gahar-gazabyny eşider. Elleri, aýaklary zynjyrlanan halda jähennemiň darajyk bir ýerine zyňylanlarynda şol wagt ölümi çagyryp dat ederler. «Ýetiş, eý, ölüm niredesiň? Gel, bizi öldür- de, bu azapdan gutar» diýerler», (Furkan, 12-13). «Șol ýere atylan wagty olar gaýnap duran jähennemiň aýylganç gümmürdisini eşiderler. Jähennem gazapdan ýaňa ýarylara geler», (Mülk, 7-8). «Jähennem duzak gurup, hemişe eline düşjek awy gözleýär. Azgynlaryň aýlanyp, dolanyp girjek ýeri şol ýerdir. Olar uzak döwüpleriň dowamynda o taýda galar. Ol ýerde ne salkynlyk, ne-de içere zat bardyr. Olaryň içjegi diňe gaýnag suw bilen iriňdir», (Nebe, 21-25). Kuranda jähenneme degişli ýedi at ulanylýar. Jähennem (düýpsüz çukur), nar (ot), jahim (örän uly, ýalynly ot), hawiýe ( gaçanlaryň aglabasynyň yzyna çykarmaýan uçut, sa’ir (çyrpynýan ot), leza (tüssesiz ýalyn), sakar (ot), hutame (doýmaz-dolmaz ot). Käbir alymlar bu atlara esaslanyp jähennemiň ýedi gatlakdygyny aýdypdyrlar.
Jahennem hakda
-
ozik
14 years ago
- yokarda yalnysh yazypdyryn* käfirlar kimler,
we mü’minler kimler
-
ynsan
14 years ago
- ozik
Käfir – Allaha we
pygamberlere ynanmaýan, diniň
anyk hökümlerini inkär edýän
kişidir . Allahy inkär etmezlik bilen
birlikde, başga birini ýa-da bir
zady Allaha şärik goşan kişä
bolsa müşrik diýilýär. Müşrik şol
bir wagtda käfir saýylýar. Mysal
üçin, hezreti Isany Allah, Allahyň
ogly diýip kabul edýän
hristianlar bilen, Üzeýir Allahyň
ogludyr diýen ýahudiler Kurany
Kerimde hem müşrik, hem-de
inkär edijiler diýip
atlandyrylypdyr
-
ynsan
14 years ago
- ozik
Mü'min – yslamyň ygtykat
esaslaryna we hökümlerine doly
ynanyp, olary görkezilişi ýaly
amal etmäge çalyşýan kişidir.
Oňa müslim – musulman hem
diýilýär. Başgaça aýdanymyzda,
«ämentüde» jemlenýän iman
esaslaryna ynanýan kişä Mü'min
diýilýär.
-
ozik
14 years ago
- Ynsan dushundirenin uchin sag bol.
kristianlar kafir bolya onda , men dushunshime gora ha?
-
ynsan
14 years ago
- dine hristiyanlar dal allaha garshy gityanler, on pygamberlerne, kitaplarna ynanmayanlar. Kitaplaryn 5sem pygamberlen 5sem sonky pygamberem muhammet asw ynanmayanlar
-
ozik
14 years ago
- yone hristianlar Hudayyn birdigine ynanyalar, Isa pygamnere bolsa Allatagallanyn ogly diyip hasaplayalar. shon uchin olar kafyrmy?
men munyn yaly sorag beryanimin sebabi hich kim doglan wagty hristian yada musulman bolup doguljagyny saylayan daldirlermika diyyan. howwa hristianlar kop zyna ish edyaler, ichyaler , chekyaler ol zatlary edenok diyemok.
-
ynsan
14 years ago
- hawa dogry pikir etyan adam dogulanda gunsiz bolup dogulya gyzlar 9 oglanlar 12 yashda amala bashlamaly.
Hristiyanlar Isa asw hudayyn ogly diyaler. Isa asw hudayyn ogly dal olam ynsan allan nazary dushen ynsan.
Hristiyanlar dine isa asw ynanyalar galan kitap pygamberleri kabul etmeyaler. Bu bolsa ynanmak bolanok.
Injil utgedilen muna guba gecyan sebabi pygambermiz asw aydyp gecdi. Hristiyanlar oz peydalarna ulanmak ucin arginal injili yok etyaler. Sebabi injilde muhammet asw ahmet ady blen geljekdigi nace yerinde yazykdy.
Bu wagtam isa asw yoly diyip missionerlar dorandir olan hekayalary adamyn yuregine girijidir.
Allajan ozun gora gullanny sho belalardan amin
-
Zafer
14 years ago
- Howwa! Hristianlar allahyñ kitabyny we onuñ dinini ýoýdular. Isa "сынбога" merýeme "богаматери" diýdiler. Isa we injil rasullahyñ geljegini we oñ tabyn bolmagy emr etdi. Emma etmekden geçen ony injilden aýyrdylar. Kuranda bolsa "allahyñ hökümlerine gar$y giden käfirdir" diýilýär. $unlukda olar käfir bolýar. Onsoñam asmany kitaplar 5 däl, 4 sany!
-
ynsan
14 years ago
- hawa 4 men yalnyshdym
Injil hezreti Isanyň üsti bilen
Israil ogullaryna inderilen hak
kitaplaryň üçünjisidir. Kurany
Kerimde Injil we hezreti Isa
barada giň maglumat berilýär.
Injiliň üýtgedilip, ýoýulandygy
bellenýär.
«Geçen pygamberlerden soň,
özünden öň gelen Töwraty
tassyklaýjy hökmünde Merýem
ogly Isany iberdik. Oňa özünden
öňki Töwratyň tassyklaýjysy,
muttakylara hidaýet we öwüt,
içi hidaýet we nurdan doly Injili
berdik» , (Maide,46).
-
ynsan
14 years ago
- Allah Tagala
Pygamberimize:
«Ynha, şonuň üçin sen towhyda
çagyr, emr edilişi ýaly dos-dogry
bol. Olaryň höweslerine uýma
we şeýle aýt: «Men Allahyň
inderen kitabyna ynandym.
Araňyzda adalaty durmuşa
geçirmek emrini aldym...», (Șura,
15), diýip ýüzlenipdir. Mü’minlere
bolsa:
«Eý, iman edenler! Allaha,
Pygamberine, oňa indiren
Kitabyna we has öň indiren
Kitabyna iman ediň. Kim Allahy,
meleklerini, Kitaplaryny,
pygamberlerini we kyýamat
gününi inkär etse, onuň
azaşandygy ikuçsuzdyr», (Nisa,
136) diýmek bilen, kitaplara
ynanmagyň imanyň
esasydygyny belleýär
-
DG
14 years ago
- Ynsan gaty görme sen näçinji ýyl,onsoñam-saña Alla barada jennet,jähennem barada kim öwredýär.
-
Zafer
14 years ago
- Dg! Berýän soragyñ nähiläý. $u ynsana wahý edilmedigi-hä belli. Köpräk okamaly, köpräk alymlary diñlemeli
-
DG
14 years ago
- Diñlemäne alym tapamok.Sen ýaly akyllyny kän tapýan welin.
-
hajy92
14 years ago
- ynsan kefir dal de kapyr mü'mün dalde mömün.
onsanam jahennem dogzahyn bir gatydyr sen barde tutyş dohzah edip gorkezipsin, jannemde esesy ot (ataş) azaby bardyr. ol ot beyleki 6 dogzahynkydan biraz oty beterrak
-
ynsan
14 years ago
- hadysda pygamber
aleyhissalatu wessalam aydan
eken:
Bilen zatlaryňyzy başgalara
öwrediň, ýeňilligi lazym
tutuň, kynçylyk döretmäň,
söýünç beriň, okuwçylary
we başgalary özüňizden
gaçyrmaň, biriňiziň gahary
gelse gürlemän jim dursun.
(Ahmad ibni Hanbal Musnedi, 1j.,
239 sah.)
hajy aga kafir, mumin, jahennem diyip okadym owrendim, owrenenjamem paylashdym. Eger bu dunya garanda olan kan tapawudy yokmyka diyan. Baram bir maksada baryar. Her durli dili ulanyandyrlar. Yone koku birdir kurany kerimden gaytyandyr
ozik 14 years ago- Kahyrlar kimler we mominler kimler?