Ene-ata öňündäki borçlar Allah we Onuň pygamberiniň soňunda adam öz ene-atasyna köp derejede borçly. Ene-atany her biri özüçe gymmatly- gadyrly, ýöne ene atadan hem has gymmatly. Beýik Allah tagala aýtdy: 14. Biz ynsana ata-enesine (ýagny, olara ýagşylyk etmegi) emr etdik. Enesi oňa (ynsana) ejizlik üstüne ejizlik bilen hamyla boldy (ýagny, garnyndaky hamyla ulaldyk saýyn enäniň saly gowşap, kuwwaty gaçar). Lukman süresi. Adamyň ene-atasyna bolan borçlary şu aşakdakylardan ybarat: Birinji bilen, ynsan öz ata-enesi barada alada etmeli we olar bilen ýagşy gatnaşmaly . Beýik Allah tagala aýtdy: 1. Perwerdigäriňiz ýalňyz Onuň Özüne ybadat etmegiňizi hem-de ata-eneňize ýagşylyk etmegiňizi emr etdi. Eger olaryň biri ýada ikisi-de seniň gol astynda garrylyk ýaşyna ýetseler, olara garap “ah” dartma we olaryň (sözlerini) ýykma! Ýagşy söz aýt! 2.Olaryň öňünde mähribanlyk we ylalaşyk ganatyňy pes tut – we: “Perwerdigärim, meni (olaryň) çagalygymdan ösdürip- terbiýeleýişleri ýaly, sen hem olara rehim-şefagat kylgyn” diýip, (olaryň hakyna doga kyl)! Isra süresi. Bir adam pygamberimizden s.a.w. soraşdylar : “Kim meniň gowy aladalanyp gatnaşmagyma mynasyp” Ol s.a.w. jogab berdi: “Senin eneň” Ol adam sorady: “Ondan soň kim?” Pygamberimiz s.a.w. aýtdylar: “Ondan soňam eneň” Ol adam ýene-de sorady: “Ondan soň kim?” Pygamber s.a.w. ýene-de aýtdy: “Ondan soňam eneň” Ol adam ýene-de gaýtadan sorady: “Ondan soň kim?” Pygamber s.a.w. aýtdy: “Ondan soň ataň” Buhari Ata-eneler barada alada etmek borjy diňe bize däl, öňki geçen kowumlara-da borç bolupdyr. Ikinji bilen, adam öz ata-enesine sögmeli ýa-da sögdürilmek ýagdaýyna getirmeli däl. Pygamberimiz s.a.w. aýtdy: “Öz ata-enesine lagnat etmek – iň uly günäleriň biridir” Pygamberimiz s.a.w.-den soradylar: “Ýa resulullah! Adam nädip öz ata-enesine lagnat eder?” Ol s.a.w. aýtdy: “Haçanda biri biriniň atasyna sögse, garşydaky hem onun atasyna we enesine lagnat etmegidir ” Buhari Üçünji bilen, adam öz ata- enesini yslama çagyrmaly. Abu Hureýre r.a. gürrüň berdi:”Meniň enem jahyl bir aýaldy we men ony yslama çagyrýardym. Bir gezek men ony yslama çagyramda ol pygamber s.a.w. barada gelşiksiz sözler aýtdy. Men aglap pygamberin s.a.w. huzuryna gelip: “Ýa resulullah! Men enemi yslama çagyrýan ýöne ol kabul edenok. Bugün men ony yslama çagyramda ol sen s.a.w hakynda gelşiksiz sözler aýtdy. Onuň dogry ýola duşmekligi üçin onuň üçin Allaha doga et”. Onda pygamber s.a.w. aýtdy: “Ýa Allah! Abu Hureýräniň enesini dogry ýola sal!” Men soň bu doga begenip öýe tarap ugradym. Öýe gelemde gapy ýapyk eken. Meniň ejem meniň ädimlerimiň sesini eşidip şeýle diýdi: “Abu Hureýre, garaş!” Men suwuň sesini eşidipdim. Meniň ejem suwa düşüp, köýnek geýip we kellesini ýapyp, gapyny açyp we diýdi: “Ýa, Abu Hureýre! Men Allahdan başga ybadat ederlik Hudaýyň ýoklugyna we Muhammed Onuň bendesi we ilçisiligine şaýatlyk berýan” Men begenjimden aglap pygamber s.a.w. huzuryna baryp aýtdym: “Ýa resulullah, buşluk! Allah seniň dogaňy kabul edip Abu Hureýräniň ejesini dogry ýola saldy” Bellik: Eger ata-eneler käfir hem bolsalar, biz hemmämiz olaryň öňünde dünýewi tarapdan bolan borçlarymyzy ýerine ýetirmelidiris. Ýagny, olar bilen ýagşy gatnaşmaly , olara kömek etmeli, olary diňlemeli w.ş.m. Ýöne olar bize günä iş etdirjek bolsalar, onda biz olara boýun synmaly däl. Dördünji bilen, eger ene-atalar musulman halynda ölüp giden bolsalar onda olar üçin ýagşy dogalar edip Allahdan olaryn günälerini geçmegini soramaly. Beýik Allah tagala Ibrahimiň a.s. bir dogasyny şeýle gürrüň berýär: 41. Perwerdigär, hasap-kitap edilýän (kyýamat) güni meni, ata-enemi we ähli muminleri magryfet etgin (günälerini geçgin). Ibrahim süresi.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir