Hezreti Isanyň gökden inmegi diňe yslam çeşmelerinde däl, hristian ynanjynda hem bardyr. Meselem: Amerikany açan Hristofor Kolumbyň we o ýerde ýerleşen hristianlaryň ynanjyna görä, hezreti Isa Amerika iner. Şonuň üçin Amerika Isany garşylamaga taýýar bolmalydyr. Şeýle hem käbir Ýewropa halklarynda «hezreti Isanyň ikinji gezek gelmegine garaşýanlar » diýen guramalar hem döredilipdir. Bu mesele barada Kuranda anyk söz açýan aýat ýokdur. Ýöne tefsir alymlary öz ýorgutlarynda muňa yşaratlaryň bardygyny aýdýarlar, (Äli Imran, 46; Nisa, 159). Hezreti Isanyň gökden inmegi bilen baglanyşykly ençeme hadys bardyr. «Deçjal şeýle kuwwatly we güýçli bolar. Ony diňe hezreti Isa öldürer», (Müslim, Ebu Dawud). «Hezreti Isa (a.s.) geler we hezreti Mehdiniň yzynda namaza durar we oňa tabyn bolar», (Buhary, Müslim). «Hezreti Isa Şamda ak mesjide iner», (Müslim). Bu hadyslara göni manysynda düşünip , adamlar hezreti Isanyň Şamda ak mesjide inmegine garaşypdyr. Hatda hezreti Isa müner ýaly ak at taýýarlap goýlan wagtlary hem bolupdyr. Elbetde, bu mesele şeýle aç-açan bolmaz. Häzirki döwrüň yslam alymlary hezreti Isanyň gökden inmegini, Deçjaly öldürmegini we Mehdä tabyn bolmagyny şeýle düşündirýärler: Dinsizligiň, materializmiň güýçli döwründe hezreti Isanyň magnewi şahsyýetinden ybarat bolan hakyky Isaýylyk dini dörär. Ýoýulmalardan, ýalňyşlardan saplanan hristian dini yslam dini bilen birleşer. Kurana we yslama tabyn bolar. Meselem: 1215-nji ýylda Papa III Innokentiniň ýolbaşçylygyndaky konsul hezreti Muhammedi Deçjal, yslamyýeti Deçjal sistemi diýip atlandyrýar, (De La Puasnerie, G. «L ‘Antechriste» Muňa garamazdan, 1965-nji ýylda Watikan II konsuly yslamyň Allah tarapyndan iberilen bir dindigini, hezreti Muhammediň pygamberdigini, hezreti Isanyň Rab däl-de, pygamberdigini aýdyp, musulmanlar bilen hristianlaryň arasyndaky dartgynlylygyň, duşmançylygyň ýatyrylmagyny hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklara ýol açylmalydygy karar edilýär, (Abbott, M.S.Walter, the Documets of Vatican II (1963-65)). Hezreti Isanyň Deçjaly öldürmegi meselesi bolsa, şahsyýeti däl-de, onuň ideýasynyň puja çykarylmagyna, toparynyň dargadylmagyna yşaratdyr. Hristian ruhanylar jemagatynyň ýolbaşçylygynda saplanan hristian dini yslam bilen birleşip, Deçjalyň toparyny düzýän dinsizligiň magnewi şahsyýetini ýeňjekdir. Ýagny, Isanyň hakyky dinini yslam bilen birleşdirmek üçin yhlas eden «Musulman Isaýylar» hezreti Isanyň ýolbaşçylygynda ateizm düşünjesi bilen medeniýet we ruhy gymmatlyklary ýumran Deçjalyň toparyny ýok eder. Adamzat jemgyýetini ateizm düşünjesinden halas eder. Başgaça aýdylanda, hristianlygyň yslamlaşmagy manysyny berýän bu hadysa hezreti Isanyň gelmegi bilen has hem berkär. Onuň gökden inmegi hiç haçan suratlandyrylyşy ýaly dabaraly bolmaz. Bir nurana barlygyň ýa- da melegiň gökden inişi ýaly bolup, az sanly kişi ony tanar. (Ylmyhal 2003)

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir