Jynlar «Jyn» sözi – örtülgi, ýapyk, gizlin manylary berýär. Bu sözden döreýän ençeme söz bar. Olaryň käbirleri: Jenan – gije diýmekdir. Gije garaňkylygy bilen ähli zady örtýändigi üçin bu at berlipdir. «Garaňky düşende (Ibrahim) bir ýyldyz gördi», (En‘am, 76). Bu aýatdaky «jenne» işligi bu manyda ulanylypdyr. Bu sözüň kalp diýen manysy hem bardyr. Ençeme manylar onda, ol bolsa bedende gizlenendigi üçin kalba hem jenan diýlipdir. Jenan – ynsany örten eşik, gizlin edilen iş manylaryny hem berýär. Jenen – gabyr, kepen manysyny berýär. Ölini örtýändikleri üçin bu at berlipdir. Galkan, örtgi, jennet, mejnun sözleri hem «jyn» sözünden dörän sözlerdir.
Jynlar hakda jynlara iman
-
Cwetocek
14 years ago
- salam ynsan! Gowy yazgy! Yone mende birnache sorag emele geldi. Hazirki dowurde-de jynlar barmy ? Olaryn dash sypaty nahilika? Jyn we dow bular ayry zatlarmy? Jynlar nirde yashayarka? Biz olary name uchin goremzok?
-
Astronom
14 years ago
- Jyn, dow aýratyndyr. Kuranyñ aýdy$yna görä, jyn adama görünmeýär, allahdan birugsat adama zyýan ýetirip bilmeýär. Olar häzirki döwürde-de bar. Anyk bilemok ýöne rowaýata görä Jynlaram adam ýaly köpelýär.
-
Astronom
14 years ago
- Jyn ynsana ýakynla$anda ynsan asla duýmaz.Jynlardan gorkmak gerek däl, sebäbi olaryñam köpüsi musulmandyr. Hz.Muhammed Taifden (da$lanan ýeri) gelýärkä, ýolda oturyp namaz okaýar, namazdan son kurany owazly okap ba$laýar. $ol wagt allah birnäçe jyny ony diñlemäne iberýär. Jynlar kurany diñläp islamy kabul edýarler. Soñ beýleki jynlara ýetirýärler. Kopüsi kabul edýär, etmediklerem $eýtana kömekçi bolýar. (bu kuranyñ jyn suresiniñ 1,2 aýatynyñ teswiridir)
-
didar27
14 years ago
- ynsan jynlara iman diyipsin! Jynlara ynanmak hokmanmy? Yene bir sorag, her adamyn oz jyny bolyarmy,yagny yanynda yada ozunde?
-
ynsan
14 years ago
- salam agzalar!Jynlaryň
temessüli
Jynlar madda älemine degişli nar
we märiçden ýaradylan barlyk
bolmak bilen birlikde, edil
ynsanyňky ýaly ruha eýedir we
olaryň aňy bardyr. Olar melekler
ýaly temessül edip bilýär.
Ynsanyň düýşüne girip, hatda
bile ýaşap hem bilýärler. Jynlar
hemişe temessül edip ynsana
görnüp bilseler-de, bu olaryň
asyl görnüşleri däldir. Olar her bir
adama dürli keşpde görnüp
bilýärler. Pygamberimiz,
sahabeýi kiramdan hezreti Omar,
Ebu Hureýre, Ibni Mesud, Ebu
Zerr, Muaz b. Jebel we käbir
weliler jynlaryň temesülleri bilen
görşüpdir.
Jynlar ynsan keşbinde temessül
edişleri ýaly, dürli janly-
jandarlaryň (ýylan, içýan, sygyr,
eşek, guş...) şekilinde hem
temessül etmek ukybyna eýedir.
Hatda hapysa jynlar ynsanyň we
haýwanyň içine girip, ganynda
aýlanyp, olary azaşdyryp, öz
islegine tabyn edip bilýärler.
Pygamberimiz käbir
hadyslarynda öýde görlen ýylan
we şuňa meňzeşlere ilki üç
gezek: «Jyn bolsaň, Allahyň
razylygy üçin çyk» diýmegi
maslahat berip, eger çykman
zyýan berjek bolsa, onuň
öldürilmegini emr edipdir,
(Müslim, Ymam Mälik
«Muwatta»). Käbir hadyslarda
jynlar Pygamberimize ýüzlenip:
« Ymmatyň her gezek besmele
aýdyp, her zadyň üstüni örtüp
saklasa, biz olaryň iýjek-
içjeklerinden iýip-içmeris» diýip
söz beripdirler. Ýöne olaryň biziň
iýmitimizden nähili şekilde
peýdalanýandygyny bilmeýäris.
Belki, howasyndan, ysyndan
peýdalanýandyrlar. Başga bir
hadysda-da: «Tezek we süňkleri
ulanyp istinja kylmaň. Çünki, olar
jyn doganlaryňyzyň iýmitleridir»
diýilýär.
Jynyň kowumyndan bolan
şeýtan hem ynsan keşbine girip
biler. Meselem: Bedir söweşinden
öň, şeýtan Nejitli garry
görnüşinde kureýşleriň ýanyna
gelip, olara maslahat beripdir.
Șeýle hem, bir gezek Ebu Hureýre
olja goraýarka, oljadan aljak
bolan şeýtany tutup, soňra
ýalbarany üçin dözmän
goýberendigi barada aýdylýar.
Bu hadysa üç gezek
gaýtalananda, şeýtan özüni
Resulullahyň ýanyna äkitjek
bolan sahaba «Meni goýber,
saňa şeýtandan goranmagyň
ýoluny öwredeýin» diýýär. Ebu
Hureýre: «Nähili ýol, aýt»
diýende, ol: «Aýatel Kürsi» diýip
jogap berýär. Bu waka
Pygamberimize gürrüň berlende
ol: «Habis ýalançydyr, emma bu
gezek dogrusyny aýdypdyr»
diýýär, (Buhary, Müslim).
-
ynsan
14 years ago
- Hapysa ruhuň we
jynyň şerinden
goranmagyň ýoly
Rentgen şöhlesi ynsanyň
bedeninden arkaýyn geçýär,
käbir şöhle bolsa, maddany
eredip, onuň durkuny üýtgedip
bilýär. Bu şöhleden has latif
bolan şeýtan we jyn ynsanyň
gan damarynda arkaýyn
aýlanyp, onuň fiziologik
gurluşyna göni täsir edýäp.
Șeýlelikde, olar ynsan bedeninde
dürli keseliň döremegine hem
sebäpkär bolup bilýär. Meselem:
garaguş , şizofreniýa ýaly
kesellere bu hapysa ruhlar täsir
edýär. Häzirki döwrüň
medisinasy şunuň ýaly kesele
uçranlara çäre tapyp bilmeýär.
Ýöne olaryň doga bilen
bejerilenleri sanardan köpdür.
Hapysa ruhuň we jynyň
şerinden goranmak üçin şu
zatlara üns berilmeli.
1. Yslamyň kada-
kanunlaryny doly berjaý etmek.
2. Hemişe agzy dogaly
gezip, şeýle kesellere uçradyp
biljek ýagdaýdan daş durmak.
3. Arassa, salyh kişileriň
doga-dilegini almak.
4. Dine ynanýan psihiatr
wraçyň gözegçiliginde bolmak.
5. Allaha sygynylmalydyr.
Kurany Kerimde: «Saňa
şeýtandan bir was-was geljek
bolsa, derrew Allaha sygyn»,
(Fussilet, 36) diýilýär. Ýagny,
«E ’uzübillähimineşşeýtanirrajim»
diýmelidir. Șeýle hem, şu
dogalary okamak maslahat
berilýär:
a) Mü’minun suresiniň 97-98-nji
aýatlaryny, Aýatel Kürsüni,
Muawwizeteýn (Felak we Nas)
surelerini okamak. Hezreti Äşäniň
gürrüň bermegine görä,
Pygamberimiz ertir-agşam üç
gezek Felak we Nas surelerini
okap, owujynyň içine üfläp, her
gezeginde bedenine sürter eken.
b) Pygamberimiz ertir-agşam üç
gezek:
«Bismillähillezi läýazurru me’a-
ismihi şeý’ün fil-arzy welä
fissemä-i wehuwes-Semi’ul-
Aliým» (Ebu Dawud, Tirmizi)
diýer eken.
w)
«E’uzü bi-kelimätillähit-ta:mmeti
min kulli şeýtanin we ha:mmetin
we min kulli aýnin we
la:mmetin» (Buhary) diýmek
maslahat berilýän we tejribeden
geçen dogalardyr.
Ymamy Gazaly bu meselede: Bir
gezek
«Bismillähirrahmanirrahim», on
gezek «Allahu Ekber»,
on dokuz gezek
«Läýuflihus-sahiru haýsu eta»
we
«Min şerrin-neffäsäti fil ukad»
(Taha, 69; Felak, 4) okamagy
maslahat berýär.
-
ynsan
14 years ago
- salam ynsan! gowy yazgy! yone
mende birnache sorag emele
geldi. hazirki dowurde-de jynlar
barmy ? olaryn dash sypaty
nahilika? jyn we dow bular ayry
zatlarmy? jynlar nirde
yashayarka? biz olary name
uchin goremzok?
cwetocek | 2010-12-01
1. Hawa hazirki dowurde bar kiyamata cenli bolaram.
2. Olan dash keshbini yokardaky yazylanlary okap gor.
3. Jynlar hakyky zat dowler hyyaly zat.
4. Bu soragynada jogap yokardan okap blersin.
5. Sebabi biz ynsan olar jyn bolannygy sebabi gorup bilmeyas. Olar ynsana gornubem bilya islan wagty yone ynsan islan wagty gorup bilmez
-
Astronom
14 years ago
- Ýok ynsan ýalñy$ýañ!
-
ynsan
14 years ago
- ýok ynsan ýalñy$ýañ!
astronom | 2010-12-02
yalnyshan yerimi bilip bolmazmyka
ynsan 14 years ago- Jynlaryň
ýaradylyş maksady
we aýratynlyklary
Bir maksat bilen ýaradylan jyn
we ynsan barada Kurany
Kerimiň ençeme aýatynda
giňişleýin düşündirilýär.
Meselem:
«Allah ynsany kerpiç ýaly bişen
palçykdan ýaratdy. Jyny-da tüýs,
ýagny, tüssesiz we gorsuz otdan
ýaratdy» , (Rahman, 14-15). Bu
aýatdaky tüýs ot manysyny
berýän «märiç» we « naryň»
nämedigi barada anyk maglumat
ýokdur. Ýöne onuň radiasiýa ýa-
da, ion, ýa-da antimaddadan
emele gelen bir garyndy
bolmagy mümkin. Emma jynlar
ne fotondyr, ne-de atomlary
emele getirýän elektron, proton
we neýtron bölejiklerdir. Başga
bir aýatda:
«Kasam bolsun, biz ynsany
palçykdan, jyny bolsa,
(ynsandan) has öň zäherli,
gowrujy otdan ýaratdyk», (Hijr,
27).
Ynsan protein garyndysyndan,
jyn bolsa nary semumdan
ýaradylandyr. Naru semum –
bedene täsir edýän ot, ýa-da
zäherleýän ot diýen manyny
berýär. Ýöne munuň nähilidigi
biziň üçin näbelli. Belki, jynlar
efirden ýaradylan barlyklardyr.
Jynam edil ynsan ýaly dogulýar,
iýýär, içýär, öýlenýär, köpelýär,
ýaşaýar , garraýar, ölýär. Aýal-
erkeklik hem olara mahsusdyr.
Ymam Șibli olaryň müň ýyl
töweregi ýaşaýandygyny
belläpdir.
Jynlar ýaradylyş taýyndan
ynsanyň elinden gelmejek agyr
işleri etmäge ukyplydyr. Kuranda
Süleýmanyň (a.s.) guşlardan we
jynlardan goşunynyň
bolandygy, jynlaryň galalar,
howuzlar gurandygy, aralarynda
jaý ussalarynyň bolandygy we
deňziň düýbünden merjen
çykarandyklary, şeýle hem,
müňlerçe kilometr uzaklykdan
Belkysyň tagtyny sähel salymda
getirip biljekdikleri habar
berilýär, (Enbiýa, 82; Neml, 39;
Sebe, 12; Sa ’d, 37).
Jyn hem edil ynsan ýaly gulluk
üçin ýaradylandyr. Bu babatda
Kurany Kerimde Allah Tagala:
«Men jyny we ynsany «Maňa
gulluk etsin» diýip ýaratdym»,
(Zariat, 56) diýýär. Jyn hem
ynsan ýaly, erk iradeli barlykdyr.
Ynsan ýaly namaz okamak, oraza
tutmak, zekat bermek, haja
gitmek bilen mükellefdir. Olar
hem mü ’min ýa-da käfir bolup
biler. Ýer ýüzünde musulmanlar
üstünlik gazanan wagty, jynlar
älemine hem göni täsir edýär.
Ýagny, musulman jynlar hem
üstünlik gazanýar.
Ynsana pygamber iberilişi ýaly,
jynlara hem pygamber
iberilendir.
«Eý, jyn we ynsan topary!
Içiňizden size aýatlarymy
düşündirýän we bu gün
(kyýamat, ahyret) bilen
duşuşjakdygyňyzy aýdyp, sizi
oýarýan ilçiler gelmedimi?!»,
(Engam, 130). Ynsan
ýaradylmazyndan öň ýer
ýüzüniň halifesi jynlardy. Olara
öz biri-birinden pygamber
iberilendir. Hezreti Adam
ýaradylandan soň, jynlar ynsana
tabyn edildi. Ynsana iberilen
resullar, ýagny, özlerine sahypa
we kitap berlen pygamberler, şol
bir wagtda jynlaryň hem
pygamberidir. Pygamberimiz
muňa anyk mysaldyr. Jynlaryň
bir topary Nahle diýlen ýerde
Pygamberimizden Kuran diňläp
musulman bolupdyrlar. Bu waka
barada Jyn suresiniň ilkinji
aýatlarynda habar berilýär.
Pygamberimiz hem: « Maňa
jynlardan bir çakylykçy geldi.
Onuň bilen gidip, olara Kuran
okadym», diýip, gürrüň berýär,
(Kurtubi). Șonuň üçin
Pygamberimize: «Rasulüs-
Sakaleýin», ýagny ynsyň-jynyň
Pygamberi diýilýär.