Gechmishimize ser salanymyzda turkmenin dap-desrurlary,milli yorelgelerinin kabirleri yrym derejesine yetipdir. Ol yrymlarda watansoyujilik,ene-ata,il-yurda bolan soygi,arassachylyk,sylag- hormat bar. Bu yrymlar halkymyzyn milli hasiyetinden gelip chykypdyr. Yrymlaryn mazmunynda tebigata golay durmak,topragy,choregi mukaddes saymak yaly hasiyetler bar. Sheyle yrymlaryn kopusi bizin gunlerimize-de gelip yetipdir. *uzak yola gidilende toprak seni gaytarsyn,gorasyn diyip bir gysym gumy duwunchege duwup akidyarler. *yolagchy yola dushende 'chorek yoldash bolsun', 'choregi bitin bolsun'diyip gapdalyna chorek salyarlar. *yash chaga yeke ozi oyde yatyrlanda basyrganmaz yaly, gapdalynda yada yassygynyn ashagyna bir dowum chorek goyyarlar yada sheyle niyet bilen yorite kicijik koke bishirip goyyarlar. *choregi bir elin bilen dowek guna hasaplanyar. *hamyr yugrup otyrkan bir bolejigi uchsa,'myhman gelyar' diyyarler. *sachagyn bashynda ayna gormek we ozune timar bermek guna hasaplanyar. *choregin iki tarapyndan bolsen oyde agzalalyk bolyandygyny aydyarlar. *sachagyn,tamdyryn bashynda gybat etsen,ryshalyn gidyandigini aydyarlar. *oyi irden supursen sogap,agsham supursen, rysgalyn gidyar diyyarler. *ak zady, hamyrmayany agsham dilap gelene berilmeyar.' agsham dilegcha beqen malyn suydi kesilyar,adamyn hem rysgaly gidyar' diyyarler. *bendeden chekinsen elin dyrnagyny, Alladan gorksan hemishe ayagyn dyrnagyny almalydygyny garry eneler aydyar. *dushen sachy gommeli. Eger sachyn gushun ayagyna cholashsa,kellagyryly bolyar,oda dushse,ishin rowach bolmayar diyyarler. *charshenbe guni ahli rowachlyklaryn bashy hasaplanyar. Taze jaya gochulyar,sawchylyga gidilyar we sh.m.

Köneler, Cwetocek tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir