abdulaziz agzadan alla razy bolsyn sheyle temalary tapyp halka yetiryanine Hormatly agzalar we okyjylar. aşakda size hödür etjek ýazgym, ýewropalaşmak we ýalaňaçlanmak döwrümiziň ýaş musulman gyzlaryna ýüzlenip ýazylan. Ýazyjy Şamly (siriýaly). emma bu ýazgydaky mesele diňe Şamyň gyzlaryny däl, biziň gyzlarymyzyň ýagdaýyny hem gozgaýar. şol sebäpden biziň hem bu ýazgydan peýdalanmagymyz gerek.
Ey menin gyzym
-
idealman
14 years ago
- dine bir zat,her kim oz islanini etmeli.sen beyle zatlary diyip hemme adama tasir edip bilmersin
-
nauk
14 years ago
- idealman dost dogry her kim ozuni bilip yashaya shon ucinem dunyade azgyncylyklar artya! Tasir edene eder etmedige ol oz gunasi. Biz musulman aytmak bizin borjumyz. Galanam adamyn ozune bagly akyly ozunde!
-
ruqaya
14 years ago
dine bir zat,her kim oz islanini etmeli.sen beyle zatlary diyip hemme adama tasir edip bilmersin :)
-
Jereen
14 years ago
- yone herkim oz islegini etseler onda bu dunya nahili bolar...?
-
nauk
14 years ago
- ruqaya | 2010-
:-):-)
-
best
13 years ago
- mana gaty tasir etdi bu mowzuk, gowy edipsin yazyp dogan, bilmeyan zatlarymyzy owrenelin amal edelin dostlar, joralar!!!
-
Gapyrjak
13 years ago
- Bäh... dogry aýdylan zat nauk!
-
DG
13 years ago
- Mañada täsir etdi.Nauka sag bol gowy zatlar ýazypsyñ.Ýöne käbir adamlar seniñ dù$ùndirjek bolýan zadyñy dú$ùnenokmyka diýýän
-
ozik
13 years ago
- nauk gowy zatlar yazypsyn bashyny okadym azajyk, kop zat yazylan bu wagt okamaga yaltanyan :-) yuregim gysan wagty arkayyn doly okaryn dost.
nauk 14 years ago- Eý meniň gyzym!
«Eý meniň gyzym, men elli
ýaşlarynyň çäklerine golaýlan adam. Ýaşlygym geçmişde galdy. Onuň bilen
bilelikde ähli arzuw-hyýallarym hem uçup gitdi. Men öz ömrümde dürli ýurtlara
köp syýahat etdim, köp adamlar bilen duşuşdym we bu dünýä öz şahsy tejribämde
akyl ýetirdim. Şonuň üçin hem, meniň ýaşym we durmuş tejribämden süzülip çykan,
başga hiç kimden eşitmedik, dogruçyl we açyk sözlerime gulak as.
Biz özleriniň ahlaklaryny
düzetmekleri we azgynlygy ýok etmekleri, şeýle hem özlerindäki pes duýgylary
basyp ýatyrmaklary üçin adamlara şeýle köp ýazyp-ýüzlenmekden ýaňa,
galamlarymyz kütelip, dillerimiz ýadady. Munuň netijesinde, biz hiç zat gazanyp
bilmedik we ýamanlygy ýok edip bilmedik. Gaýtam tersine erbet hereketler
köpelip, azgynlyk has gorkunç häsiýete eýe boldy. Teniňi açmak we adamlara
güjeňlemek ýaly gorkunç gylyk-häsiýetler güýjäp, jemgyýetiň giň gatlaklaryny öz
içine aldy we bir ýurtdan beýleki ýurda ýaýrady. Meniň pikirimçe, häzirki
döwürde bu howpyň abanmaýan hiç bir Yslam döwleti galan däldir. Hatda tenini
bütinleýin ýapýan, däp bolup giden uzyn örtgileriň geýilýän, ahlagyň berk
goralýan we ýapmaly ýerleriň pugta ýapylýan ýurdy bolan Şamda-da, aýallar
döşleriniň üstüni açyp, adamlaryň arasyna çykyp başladylar.
Şeýlelikde, biz üstünlik gazanyp bilmedik, men
ony gazanjagymyza-da ynanamok. Bilýäňmi, näme üçin? Sebäbi şu günlere çenli, biz reformasiýa
(jemgyýeti üýtgetmek) ýolyna düşmedik, çünki ol ýoly biz bilemizok. Reformasiýanyň gapysy
seniň öňüňde, açary bolsa gyzym, seniň eliňdedir. Eger sen şuňa ynansaň we
şunuň ugrunda zähmet çekseň, onda ýagdaý gowulyga tarap üýtgär.
Azgynçylyga tarap gidýän
ýola ilkinji ädimi hut erkek adamyň özi ädýändigi örän dogrydyr, çünki gyz hiç
gaçan beýle işi ilkinji bolup etmez. Ýöne, seniň hoşamaýlygyň bolmasa, erkek
hiç haçan öz diýenini etdirip bilmez. Sen açylýarsyň, erkek adam bolsa girýär.
Haçan-da ol seni talanda, sen: "Kömek ediň! Eý adamlar, meni taladylar...!" diýip gygyrarsyň. Eger sen ähli erkekleriň,
tebigaty boýunça möjekdigine, seniň bolsa guzujykdygyňa akyl ýetirsediň, onda
guzujygyň ýyrtyjydan halas bolmak üçin gaçyşy ýaly aýak aldygyna gaçardyň. Eger sen hemme erkekleriň ogrudygyny bilsediň,
onda husydyň ogrulardan ätiýaçly boluşy ýaly örän seresap bolardyň.
Eger möjege guzudan diňe onuň eti gerek bolsa,
erkek adam senden has gymmatly zady almak isleýär. Eger guzy üçin iň erbet zat
ölüm bolsa, bu seniň üçin ölümden has beter bolar. Erkek adam seni sendäki iň
gymmatly zat bolan, seni akýürekli, dogruçyl edýän, seniň guwanyp, gorap-aýaýan
zadyňdan – päkligiňden mahrum etmek isleýär. Erkek adamyň mekirligi we
ähdiýalanlygy bilen päkliginden mahrum edilen gyzyň durmuşy, möjegiň tike-tike
eden guzujygynyň ölüminden 100 esse beter bolar. Alladan ant içýärin, bu
hakykatdan hem şeýledir!!! Islendik ýaş ýigit gyzy gören dessine, hyýalynda onuň
eşiklerini çykarýar, soň ol gyzy ýalaňaç halynda göz öňüne getirýär.
Seniň öňüňde ýene Alladan ant içýärin we saňa,
diňe sendäki ahlak we edebi görýändiklerini, seniň bilen diňe ýoldaş hökmünde
gatnaşýandyklaryny we seni diňe dosty ýaly gowy görýändiklerini aýdýan erkek
adamlara hiç haçan ynanmazlygyňy senden haýyş edýärin. Alladan ant içýärin,
barysy ýalan!!!
Eger sen ýaş
ýigitleriň ýeke galanlarynda öz aralarynda edýän gürrüňlerini eşitsediň, onda
elhenç we eýmenç zatlary bilerdiň. Ýigidiň islendik
ýylgyryşy, islendik öwgüsi we islendik kömegi, mekir maksadyna ýetmeklige
taýýarlykdan başga hiç zat hem däldir, ýa-da iň azyndan, ol ýigit
uzaga gidýän maksatlaryna taýýarlykdyr öýdüp pikir edýändir.
Gyzym, munuň soňy nähili
bolar? Özüň pikirlenip gör. Siz bir göz açyp-ýumasy
salymlyk ikitaraplaýyn keýpde geçirersiňiz, soň ol ähli zady unudar,
sen bolsaň, eden etmişiň jezasyny ömür boýy çekmeli bolarsyň.
Ýigit keýpini köklär gider we ýene
ryswa etmek üçin başga bir garamaňlaý, akmak pidasyny gözläp başlar. Seniň
göwräňde emele gelen düwünçegiň bar agramy bolsa, saňa düşer we seniň ýüregiňi
howsala gaplap alar, seniň maňlaýyňa masgaraçylyk tagmasy basylar. Adalatsyz
jemgyýet: «Bolanda näme, ýaş oglan ýalňyşlyk
edipdir, ýöne soňundan ökündi ahyryn» diýip, ýigidiň günäsini bagyşlar.
Sen bolsa, bütin ömrüňe batgalykda we masgaraçylykda gezersiň, jemgyýet seni hiç haçan
bagyşlamaz.
Wah, eger sen şeýle adama duşanyňda mäkäm saklansadyň we
öz aýgytlylygyňy, üzül-kesil garşylygyňy görkezip, oňa seretmesediň. Eger ol öz
binamyslygy bilen seniň garşylygyňa garamazdan, el ýa-da söz bilen saňa kast
etmäge het etse, onda aýagyňdaky köwşi çykar-da, bar güýjiň bilen onuň samsyk
kellesine ur. Eger sen şeýtsediň, islendik ötegçi saňa arka çykyp, kömek
ederdi. Ondan soň ol beýle ýeňilkellelige milt edip bilmez we utanç, puşmandan
ýaňa (eger ol akýürekli bolsa) kanuny gatnaşyk etmek we guda bolmak üçin seniň ýanyňa ötünç sorap
geler.
Islendik gyzyň (ol nähili meşhur, baý we abraýly bolsa bolsun) iň mukaddes arzuwy hem bagtly durmuş gurmakdyr
we ol göreldeli aýal, hormatlanýan ene, abraýly ojakbaşy bolmagy ýüregi bilen
isleýändir. Şu tarapdan ähli aýallar (şol sanda ýalpyldysy bilen köp
aýal-gyzlaryň gözüni gamaşdyryp ýalňyşdyrýan şaaýallary, şagyzlary we
Golliwudyň meşhur aktrisalary) öz aralarynda meňzeşdirler. Hut meniň özüm
Müsürde we Şamda iki sany meşhur aýal ýazyjylary tanaýaryn. Söz sungatynyň
ussatlary hökmünde olar ägirt köp maddy serişdeler gazanyp, edebiýat äleminde
şöhrata eýe boldylar. Emma ärsiz galyp, olaryň ikisi-de akyllaryny ýitirdiler
we psihiki taýdan näsaga öwrüldiler.
Gyz üçin, ol mejlisiň agzasy bolup, uly häkimiýete eýe bolsa-da, hemişe iň
mukaddes umydy – durmuşa çykmak bolar. Ýeňilkelle
ahlaksyz gyzy bolsa, hiç kim aýal edinmez.
Hatda «saňa öýlenerin» diýip, wada berip, päk gyzlaryň başyny aýlap
ýören aldawçy, haýyn hem, eger gyz onuň ýalbar-ýakaryna razy bolup, azgynçylyk
edäýse, ol gyzy taşlap gaçyp gider. Sebäbi, ahlaksyz ýigit hem öýlenmek islese,
özüne başga, dogruçyl, päk gyzy saýlar. Çünki oňa-da hojalygyň eýesi we
gyzlarynyň ejesi boljak gelin hökmünde, ýerde ýatan aýal gerek däl.
Hatda keýp bazarynda namysyny onuň aýagynyň aşagyna taşlajak we onuň elinde
oýunjak, şeýtanyň dini boýunça onuň bilen birleşmäge razy boljak ýoldan çykmyş
ýa-da samsyjak gyzy tapyp bilmeýän ahlaksyz erkek adam-da, öýlenjek bolanda
Yslam kanunlaryny doly berjaý edýän, arassa gyzy almak islär.
Hut siziň özüňiz, gyzlar, köp gyzlaryň durmuşa çykyp bilmeýändigine
günäkärsiňiz. Çünki siziň araňyzda ýoldan çykan ahlaksyzlar bolmasady, onda
gelin bolup bilmän öýde oturanlaram bolmazdy, azgynlygam beýle giň ýaýramazdy... Näme üçin siz şu ugurda zähmet çekeňizok? Näme üçin asylly we ahlakly aýal-gyzlar şu bela garşy
göreşmeýärler? Sizden başga bu meseläni kim çözsün? Çünki bize
garanyňda, bu işjeňlige siz has laýyk gelýärsiňiz, sebäbi gyzlaryň diline we
olary ynandyrmagyň usullaryna siz has gowy düşünýärsiňiz. Üstesine-de, şeýle
azgynlygyň pidasy köplenç dogruçyl, asylly, ahlakly we imanly gyzlar, ýagny hut
özüňiz bolýarsyňyz. Bütin Şamyň territoriýasynda her öýde diýen ýaly, özlerine
är tapyp bilmeýän ýetişen gyzlar bar. Sebäbi ýaş ýigitler kanuny, nikaly gelin
almagyň deregine oýnaşlar bilen gatnaşyk etmegi saýlap alýarlar. Şeýle ýagdaý,
megerem, Şamdan başga döwletlere-de häsiýetlidir.
Azaşan uýalarymyzy dogry (hak) ýola salmak
üçin, içinde mekdep mugallymlary we talyplar
hem bolan, ylymly-bilimli aýal-gyzlardan ýörite toparlar dörediň. Olara Allanyň
gazabyny ýatladyň, eger olar Ondan gorkmasalar, ýokuşyp biläýjek keselleri,
gündelik keselleri ýatladyň. Eger keselden hem gorkmasalar, onda olar bilen adaty,
durmuşy gürrüňler ediň, olara: «Siz, daşyňyzda ýalym-ýulum edip ýören ýaş ýigitleri özüne
çekýän ýaşajyk we owadan gyzlar. Ýöne siziň owadanlygyňyz we
ýaşlygyňyz uzaga çekermikä? Şu dünýäde gyzlaryň ýaşlygyndan we gözelliginden çalt
geçip gidýän zat barmyka? Ýüzleri ýygyrt-ýygyrt, bukur garry kempir bolanyňyzda
siziň halyňyz niçik bolar? Sol wagt siz kime gerek bolarsyňyz? Kim siz hakda alada eder? Garry aýallar
hakda alada edip, olara iýmit we öýi kimiň berýändigini bilýäňizmi? Olar garry
wagty – ogullary we gyzlary, ogul agtyklary we gyz agtyklary. Solaryň arasynda
aýal ýaşuly we maşgala meselelerini çözýän abraýly adam bolar. Ol maşgala
tagtynda buýsanç bilen oturan wagty, beýleki gyz... aý siziň özüňiz oňa näme
boljagyny bilýänsiňiz!» diýiň.
Bir gezek Brýusseldekäm, şäheriň bir
çatrygynda men şu wakanyň şaýady boldum. Adamlara geçmäge rugsat berýän ýaşyl
çyra ýandy, adamlar köçeden geçip başladylar. Pyýadalaryň biri, aýaklarynda
durup bilmeýän, garrylygyndan ýaňa bedenine diýenini etdirip bilmeýän,
lagşan garry kempirdi. Köçeden geçjek bolanda, gapdalyndan wazlap, zordan
kakman geçýän maşynlaryň okgunly akymynyň arasynda galypdy. Muny görüp, men
gapdalymdaky ýaş ýigitlerden garry aýala kömek etmeklerini haýyş etdim. Şonda
aramyzan Brýusselde 40-dan gowurak ýyl ýaşan, dostum proffessor Nadim Zabýan
şeýle diýdi: «Bir wagtlar şu garry kempiriň, köp erkegiň başyny aýlan, şäheriň
iň owadan gözeli bolandygyny bilýäňmi? Olaryň ählisi onuň hoşamaý garaýyşyny
gazanmak ýa-da elini eline çalaja degirip görmek üçin baýlyklaryny we
ýüreklerini onuň aýagyna zyňýardylar. Haçan-da ýaşlyk geçip, owadanlyk göçende,
oňa elini uzadyp kömek edýän hem ýok.»
Eýsem, bir göz açyp-ýumasy salymlyk keýp bilen şu
jebri-jepalary deňäp bolarmy? Şeýle agyr horlukly netije şeýle başlangyç
edeniňe degýärmi? Munuň ýaly gürrüňleri dowam etmesek-de bolar, sebäbi siz
mensiz hem olary gowy bilýärsiňiz. Terstäleýli, azaşan uýalaryňyzy dogry ýola
ugrukdyrmak üçin hiç hili mümkinçilige biperwaý garamaň, gaýtam tersine, ähli
serişdeleri (onuň ýaly serişdeler sizde az däl) ulanyň. Eger siz muny edip
bilmeseňiz, onda iň azyndan, ähli güýjiňizi heläkçilik ýolyna düşmeli däl bolan
päk gyzlary we ýaşajyk samsyjaklary erbet göreldeden goraň we azgynlyk
keselinden halas ediň.
Men sizi, şu günki musulman gyzyny, birbada
biziň şöhratly geçmişimiziň hakyky musulman gyzyna öwürmäge çagyramok. Asla!
Men erbet endigi birbada üýtgedip bolmaýandygyna düşünýärin.
Gije garaňky we gözedürtmedir, gündiz
bolsa, ýagty we parlak. Emma Alla bizi tümlükden ýagtylyga birbada geçirmeýär, kem-kemden gijeden gündize
geçirýär. Sagadyň minut görkezýän diline meňzeýän bu geçişi biz duýmaýarys.
Sagadyň minut görkezýän diline seretsek, ol hereketsizdir. Emma birnäçe wagtdan
ýene seretsek, onuň ýeriniň üýtgändigini görýäris. Edil şonuň ýaly, adam hem
çagalykdan ýaşlyga, ýaşlykdan garrylyga geçýär. Edil şonuň ýaly, halk hem bir
ýagdaýdan beýleki ýagdaýa ýuwaş-ýuwaşdan geçýär.
Edil ýamanlyga tarap ädim-ädim
gidişimiz ýaly, indi ädim-ädim ýagşylyga dolanmalydyrys. Zolak-zolakdan siz
ýalyklaryňyzy açdyňyz, sapak-sapakdan köýnekleriňizi ýukaltdyňyz, aňrysy görnüp
başlady. Ummasyz köp wagtyň içinde siz bu geçişi etdiňiz, dindar erkekler bolsa, muny
duýmadylaram. Ahlagyň şeýle pese düşmegine pornografiki (bihaýaçylykly)
žurnallar ýardam etdi, näletkerdeler bolsa, muňa
şatlandylar. Netijdede, biz Yslam dinine-de, hristiançylyga-da sygyşmaýan
ýagdaýa geldik. Taryhy rowaýatlara görä, hatda otparazlaram muňa rugsat
bermeýän ekenler, hatda haýwanlaram muňa garşy.
Hatda horazlaram, öz towuklaryny
gabanyp, onuň üstünde uruşýarlar ahyryn. Edil şol bir wagtyň özünde bolsa,
Aleksandriýanyň we Beýrutyň kenarýakalarynda musulman erkekler öz musulman
aýallaryny, olaryň el, ýüz, boýun däl, ähli ýerlerini görýän erkek adamlardan
gabananoklar.
Gijeki klublarda we «öňdebaryjy» oturyşyklarda ýokary gatlagyň ''musulman''
erkekleri ýat erkeklere öz musulman aýallary bilen tans etmäge, olary
gujaklamaga we olary şeýle derejede özlerine gysmaga rugsat berýärler welin,
erkegiň döşi aýalyň döşüne süýkenýär, garny garnyna galtaşýar, erkegiň dodaklary
aýalyň ýaňaklaryna degýär, elleri bolsa, aýalyň tenini gurşap alýar. Hiç kim
muny görenok. Musulman uniwersitetleri musulman ýigitleri ýarym ýalaňaç
musulman gyzlary bilen bile oturdýarlar, muňa bolsa, ne musulman erkekler,
ne-de musulman aýallar garşy çykýarlar we ş.m.!!!
Şu we şuňa meňzeş aýyp hadysalary birbada ýok
edip bolmaýar. Erbetlige nähili gelen bolsak, edil şonuň ýaly edip, hatda bu
ýol biziň üçin gaty uzak görünse-de, yzymyza dolanmalydyrys.
Biz ilkinji nobatda, iki jynsyň gatnaşmagyna
garşy göreşmelidiris. Medeniýetlilik şygary astynda deňlige we jynslaryň
garyşmagyna çagyrýanlar iki esse ýalançydyrlar: birinjidem, olar bu zatlary diňe özleriniň ten
keýpine höwesi sebäpli, nejis meýillerini kanagatlandyrmak üçin isleýärler.
Emma munuň tarapdarlary öz ýaman pällerini aç-açan mälim etmäge milt edip
bilmeýärler we öz ymtylyşlaryny her hili lakgyldy we boş sözler bilen bukmak
isleýärler. Muňa progress, siwilizasiýa, sungat, uniwersitet durmuşy, sport
ruhy ýaly şygarlar girýär. Bu boş, ýöne gaty çykýan sözler depregiň gümürdisi
ýaly düýbinden manysyzdyr. Ikinjiden, olar ýalançy, sebäbi 'ähli hakyky zatda
Ýewropanyň tagmasy bolmalydyr' diýip ýewropalylara öýkünip, olaryň göreldesine
eýerýän şol ''dogruçyllardan'' şol ýewropalylaryň özleri hem has dogruçyldyr.
Sebäbi, olar üçin hakykat, ýalanyň garşylygy däl-de, şol ýerlerden: Parižden,
Londondan, Berlinden, Nýu-Ýorkdan gelýän zatlardyr, hatda ol zatlar tans, azgynlyk, bozuklyk,
stadionlarda eşiklerini çykarmaklyk, deňiz kenarlarynda ýalaňaçlanmaklyk ýaly
zatlar bolsa-da.
Biziň okan zatlarymyza görä we şol ýerlerde
bolup gören şaýatlaryň hut özleriniň gürrüň bermegine görä, hatda Ýewropa we
Amerikada-da jynslaryň beýdip garyşmagyny halamaýan we munuň ýaly zatlar bilen
razylaşyp bilmeýän maşgalalaram az däl eken. Hatda Parižde, ynanyň, hut Parižiň özünde öz
ýetişen gyzlaryna ýaş ýigitler bilen güýmenmäge we olar bilen kinoteatrlara
gatnamaga rugsat bermeýän ene-atalar bar
eken. Onuň üstesine-de, bu ene-atalar öz gyzlaryna diňe özleriniň bilýän
we azgynçylykdan, bozuklykdan, ahlaksyzlykdan saplanan filmleri görmäge ygtyýar
berýän ekenler.
Jynslaryň garyşmagynyň tarapdarlary şeýle
diýýärler: «Jynslaryň garyşygy jynsy islegi ýok edýär, ahlagy
terbiýeleýär we jynsy aladalylykdan halas edýär.»
Muňa jogap bermegi, dini bir gyra taşlan, ne Yslam
şeýhiniň, ne-de hristian ruhanysynyň sözlerine gulak asýan Russiýa ýaly
döwletleriň mekdeplerinde oglan-gyzy bilelikde garyşdyryp okatmagy girizenlere
goýýarys.
Ýene-de mysal hökmünde Amerikany alyň. Onuň
öňünde duran bir topar meseleleriň içinde ýokary klasdaky gyzlaryň we talyp
gyzlaryň arasyndaky göwreliligiň sanynyň artmagy durýar. Edil şonuň ýaly
meseläni biziň ýurtlarymyzyň uniwersitetlerinde ýüze çykmagy kime gerek!
Men ýaş ýigitlerden we jahyllardan ýokarda
aýdylan zatlary berjaý etmegi towakga edemok. Çünki olaryň maňa gulak asjagyny
umyt hem edemok. Men olaryň meniň pikirimi akmaklyk hasaplap, ýüz ugruna ret
etjekdiklerini bilýärin. Sebäbi men olara (hamala, olaryň entek ýetip bilmedik) lezzetlerini we keýplerini gadagan edýärin.
Men size ýüzlenýärin, eý meniň gyzlarym!
Eý meniň imanly we dindar gyzlarym!
Eý meniň dogruçyl we päk gyzlarym!
Ähli ýagdaýda-da, pida
boljak ýene-de sizsiňiz. Şonuň üçin şeýtana özüňizi gurban etmäň! Azatlyk, siwilizasiýa,
öňdebaryjylyk, sungat we uniwersitet durmuşy ýaly şygarlary galkan edinip,
oglan-gyz garyşan jemgyýetçilik durmuşyny owadanlap suratlandyrýanlara hiç
haçan gulak gabardaýmaň!