Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar
Men ony ýatlaýan güneş
doganda
Ýatlaýan bossanda açylsa güller
Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda
Aý-aýdyň gijeler akar boýunda
Häzirem garaşýan wadaly ýerde
Ýary taşlap ýarsyz barsam
kenara
Tolkunlar näzli ýar nirde diýerler
Arzuwymda adyň aýdym
bolsada
Indi saňa ýar diýmäge çakym
ýok
Syrly bolup galsyn syrly gijeler
Ony ile duýdyrmaga hakym ýok
Ýaşlykdan joş uryp aýdan
aýdymym
Häzirem gaýtalaýar säher şemaly
Ýary ýatlap baksam aýly asmana
Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn
Aldanyp özgäniň mekir alyna
Sen bolduň söygimden ýalňyz
galan ýar
Säherler ýaldyrap güneş
doganda
Meni süýji arzuw bilen oýarýaň
Ilkinji soygim
-
sido
14 years ago
- shu tema kimde soygi suratlary bolsa shu tema goysunlar
-
Batyr1986
14 years ago
- sidojan senem yazypsyn bu aydymy.onem kop yazypdylar.
kabir gyzlar yatdanam bilar eken .(adyny bermayin)
goryan weli menem yat tutjak yaly bolyp duryn
kop yazylyany uchin
-
ruslanjan
14 years ago
- söygi bilen yaşan
-
Ibragimov
14 years ago
- Nadip surat goyup bolyar men dushunemok?
-
sido
14 years ago
- dogurdanam aydymmy
-
agashjan
14 years ago
- shu aydyma menem bilyan elme gitara alsama menem aydarmykam diyyan!
sido 14 years ago- ine sheylerak