Gelin indi Beyik Allananyn bardygy hakynda her kim bir delil yazalyn we imanymyza güç goshalyn
Delil
-
Kuliyevmurad
14 years ago
- men ALLAJANA ynanyan, dayanyan, muna men sebap edip 5 wagt namaz okayan we muny her bir musulman adamsyna maslahat beryan
-
91dasoguz
13 years ago
- gyşdan soň baharyň,garaňky gijeden soň ertiriň gelmegi, bir gün hem pany dünýäň soňy ýada öz ölümim BİR ýaradnyň hökmany suratda bardygyny subut edýä...ýa da YNSAN bolan ýagny;akly bolan ynanar, ynanmak islär
-
ynsan
13 years ago
- Bary subut etmek, ýogy subut
etmekden hemişe ýeňildir.
Almanyň bir görnüşiniň ýer
ýüzünde bardygyny, ýeke-täk
almany görkezmek bilen subut
etmek bolar. Emma onuň
ýokdugyny öňe sürýän kişi
bütin ýer ýüzüni, hatda älemleri
aýlanyp, gözläp, şondan soň
subut edip biler. Bu bolsa hiç
başa barmajak pişedir. Șonuň
üçin, ýok hiç haçan subut edilip
bilinmez.
Bir köşgüň 999 gapysy açyk
ýeke biri ýapyk bolsa, şol köşge
girip bolmajaklygyny
aňlatmaýar . Ynha, inkär ediji
hemişe ýapyk bolan bir gapyny
tutaryk edinmek isleýär. Aslynda
şol gapy hem onuň we oňa
meňzeşleriň gözüne inen perde
sebäpli, ruhy dünýälerine ýapyk
görünýändir. Mü ’min üçin bolsa,
ýapyk gapy ýokdur. Oňa diňe
açyk göz bilen seretmek
ýeterlikdir. Ynha, şol gapy we
delillerden birnäçesi.
-
ynsan
13 years ago
- Älem-jahanda iň ýakyndakydan,
iň daşdaka çenli barlyklar biri-
birine ýardam edýär. Aralarynda
hiç bir baglanyşyk bolmasa-da,
jyns we synp taýyndan
tapawutly barlyklaram bir-
birlerine ýardam etmekde
bütewilige öwrülýärler. Mysal
üçin, bakteriýalar, gurçuklar we
toprak birlikde ösümlikleriň
dadyna ýetişýärler. Aňy we
akyly bolmadyk bu barlyklaryň
adamlaryň akylyny haýran
galdyrýan bu hereketleri,
hadysalaryň perdesiniň
aňyrsyndaky Wajybül Wujud
bolan Zatyň hikmetden doly
işlerini aýdyň görkezýär. Ýagny,
tutuş älem ýardamlaşmak dili
bilen «Allah» diýýär.
esger 14 years ago- beyin gutraty guycli allan bardygna ynanyan sebabi her kim kelebin ujuny yitirende ilki alla yalbarya