Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär. Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar. Gurban baýramy Yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje (Gurban aýy) aýynyň 10-13-nji günlerinde geçirilýän baýramydyr. Kurany Kerimde aýdyly şy ýaly, bu baýram hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär. Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Allahyň emri dogrusynda ähli möminlere bayram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar. Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümlerini kesgitlän baýramy bolan Gurban baýramy, degişli hadyslaryň habar bermegine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bi­len deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda Yslamyň parzlaryndan biri bolan haj ybadatynyň wagtlarydyr. Gurban baýramy, hezreti Ybraýymyň ogly Ysmaýyly (a.s.) gurban etmek islän, Jenaby Hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ybraýym pygambere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olaryň nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar. Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka hem sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we bu berlenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny aýdar eken. Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogapkärçilikdir. Gurban kesmegiň hikmetleri: • Her ybadat Allanyň emri bolandygy üçin berjaý edilýär. Allanyň emridigi üçin amal edilýän her ybadatda bize mälim ýa-da nämälim birnäçe hikmet bardyr. Kurany Kerimde gurban ybadatynyň hikmeti şeýle bildirilýär: “Allanyň özlerine ryzyk hökmünde beren haýwanlaryny soýanlarynda, Allanyň adyny ýatlamaklary üçin Biz her ymmata gurban ybadatyny berdik.” • Gurban ybadatyny amal eden ynsan özüniň Allanyň emirlerine bolan baglylygyny pugtalandyrar, şükür borjuny berjaý etmäge çalşar. • Gurbanlyk jemgyýetde doganlyk, arkalaşyk, pidakärlik we ýardamlaşmak duýgularyny kämilleşdirýär. Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär. • Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýesi üçin münelge boljakdyr. • Ybadatlar Allanyň emridigi üçin, her dürli peýda we hikmetlerinden has möhümi, Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amal edilmelidir. Bu nukdaýnazardan, gurban hem her dürli şahsy, jemgyýetçilik peýdalary bilen bir hatarda, Allanyň hoşnutlygyny we diňe Onuň razylygyny gazanmak maksady bilen berjaý edilmeli ybadatdyr. Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen haýwanlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir. Bu sebäpden, gurban kesmek ýerine, gurbanlyk maly diriligine ýa-da onuň bahasyny bir garyba ýa-da haýyr-sahawat edarasyna bagyşlamak bilen gurban ybadatynyň berjaý edildigi bolmaz. Emma, gurbanlyk malyň bahasy başga birine berlip, öz adyňa gurban kesdirilip bilner. Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Ýagny, gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler. Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir. Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesme giň wagty baýram namazynyň okalmagyndan soňradyr. (zaman gazetinden) Goý, päk ynanjyň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramy mübärek bolsun! Ojaklarda, öýlerde, toýlarda okalan dileg-dogalar Allanyň dergähinde kabul bolsun!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir