Salawmaleýkim, bu saýta arkaýyn giribermelimi ýa-da kimdir birinden rugsat almaly? Nähili saýt, nähili zatka bu? Özä türkmen saýty ýaly, ýöne ýerleşýän ýeri diýip Amerikaň baýdagyny görkezýär. nämeler aýdyp, ýazyp bolýar? Maňa kömek etjek tapylarmyka? Ýa iliň ugruna menem bir zatlar eňteribereýinmi?
Maňa ýol görkeziň
-
Akyaply
14 years ago
- nauk, sag bol maslahatyňa, ýöne ýürek dogrusyny diýse-de, göwün köplenç aldaýar. Ýüregiň diýýäni bilen göwnüň diýýän zadyny nädip aýyl-saýyl etmeli?
-
nauk
14 years ago
- men maslahat berip biljekdal hazira ozum agyr halda oz ozume buyrup bilmeyan men yaman pikirde
-
nauk
14 years ago
I "Bu dünýä geldiň, ne amal kyldyň?"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
"İndi huzuryma näme üçin geldiň?"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
II "Iki ýol görkezdim, hem akyl berdim,
Ýoluňy seçmäge erkiňe goýdum;
Rehmetimi zyňdyň, zuluma galdyň!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
III "Remezany berdim, oraza tutmadyň;
Agşam süýji-süýji ybadat etmediň.
Näme üçin dogry ýoldan gitmediň?"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
IV "Günäden gaçmadyň, tutmadyň emrim;
Bihuda ýerlerde geçirdiň ömrüň;
Gör, näçe köpelmiş dünýäde jümrüň!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
V "Azanlar okaldy, näme üçin duýmadyň?
Sen ne üçin Rahmana sežde kylmadyň?
Men hem saňa Jennetimi bermerin!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
VI "Sowuk, yssy diýdiň, täret almadyň;
Men-men diýip gezdiň, namaz kylmadyň;
Günä işlerine garşy durmadyň!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
VII "Gadyr gije berdim, näme üçin duýmadyň?
Ikı rekat bolsun, namaz kylmadyň,
Howaýy işlerden sen utanmadyň!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
VIII "Näme üçin täret alyp kylmadyň namaz,
Ýalbaryp Rebbiňe etmediň nyýaz;
Halk içinde çykmyş adyň 'binamaz'!"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
IX "Näme üçin terk edersiň parzy-sünneti?
Duýmadyňmy, Jähennemi, Jenneti?
Sen dälmisiň Muhammediň ymmaty?"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
X "Men seni ýaratdym hoş güller kimin;
Göz berdim, gaş berdim sümbüller kimin;
Amalyňy sözle bilbiller kimin!"
Diyse, Allahyňa ne jogap berjek?
XI "Uly Pygamberi Men saňa berdim;
Jennetde Men saňa uly ýer goýdum;
Sen pany dünýäde ne üçin boş durdyň?"
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
-
Akyaply
14 years ago
- Tüweleme nauk, Taňryýalkasyn, özüň düzdüňmi bu goşgyny? täsirli ýaňlanýar
-
Leylisa
14 years ago
- Sagbol nauk yaman gowy goshgy yazdyn hezil edip okodym
-
Cwetocek
14 years ago
salawmaleýkim, bu saýta arkaýyn
giribermelimi ýa-da kimdir
birinden rugsat almaly? nähili
saýt, nähili zatka bu?
aleykumessalam! Yok arkayn girmeli dal menden rugsat almalydyn :-) menem rugsat beryan !:-) gowy sayt shu,gowja zatdyr bu!:-)
wi chat temada girenin uchin toleg alyalar shotak jerimani tolede tore gechiber!:-)
hosh geldin!
-
moonguse2
14 years ago
- jerime nace swet?
-
Cwetocek
14 years ago
- gaty gymmat dal! Her has uchin 20 manat hazirki pulda:-)
nauk 14 years ago- yuregine din sal name etmeli. aydar gelipsin hosh geldin