Alladan näme dilejek bolsaňyz, edil Musa pygamber ýaly boluň. Ol duşmanlaryndan gaçyp gelýärkä "Eý, Allam, seniň edýän her bir ýagşylygyňa mätäçdirin" diýdi. Soň bolsa "Eý, Allam, maňa özüňi görkez" diýdi, ýagny iň ýönekeý zadyňyzam, iň beýik zadyňyzam Alladan diläň" diýilýär. Siz türkmençe nähili dileg-doga edýärsiňiz, Meniň özümä şu sözleri köp gaýtalaýan: "Eý, Allahym, haky hak edip görkez hem ugur ber haka uýarym ýaly. Nähagy nähak edip görkez hem kömek et nähakdan daş durarym ýaly". Magtymgulynyň: "Magtymguly, şer hem bolsa şanymda, Haýra dönder, arman goýma janymda, Owal-ahyr dost-duşmanyň ýanynda, Şermende goýmagyl ýa Züljelalym" diýen setirleri hem iň gowy dogalaryň biri hökmünde görýän.
Türkmençe dileg-dogalar
-
bmw525
14 years ago
- gowy setirler, thanks
-
Han83
14 years ago
- Allahym! Günalerimizi bagyşla we bize rehim et, bizden razy bol, ybadatlarymyzy kabul et, bizi jennete goy, jähennem ataşyndan gutar, dünýä we ahyrýete degişli ähli işlerimizi düzet. Seni aňmak, saňa şükür etmek we govy ybadat etmek uçin bize kömek et Allahym!...
-
umnik
14 years ago
- gowu setirler, 6ulary okap otyrkam bir jana yakymly saz dinlap oturdym...minnetdar temany yazan adama.
bende 14 years ago- Omyn!