Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geňeşiň barşynda halkyň mälim eden erk-islegini, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamany durmuşa geçirmek maksady bilen möhüm karar kabul etdi. Şol kararda şu aşakdaky iňňän möhüm meseleler öz beýanyny tapdy. 1. Türkmenistan SSR-niň çägini öz içine alýan garaşsyz demokratik döwleti — Türkmenistany jar etmeli. Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Baş Kanunynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki normalarynda göz öňünde tutulan hukuklary, azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär. 2. Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň formasy respublikadyr. Bu respublikada döwlet häkimiýetiniň eýesi halkdyr, ol öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň (Referendumyň), wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar. 3. Türkmenistanyň bütin çäginde Türkmenistanyň Baş Kanuny we kanunlary agalyk edýär. Türkmenistanyň Baş Kanunynda we kanunlarynda görkezilmedik döwletara gatnaşyklary düzgünleşdirilýänçä, hukuk gatnaşyklarynyň kanun çykaryjylyk esasynda reforma edilmegi tamamlanýança SSSR-iň Baş Kanuny we kanunlary öz güýjüni saklaýar. 4. Türkmenistanyň çägi emele gelen serhetlerde eldegrilmesizdir we bölünmezdir. 5. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ony kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölmek prinsipi boýunça amala aşyrylýar. 6. Türkmenistanyň Baş Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary Soweti kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýar. 7. Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy Prezident bolup, ol döwletiň baştutanydyr. Türkmenistanyň Prezidenti ýerine ýetiriji häkimiýete hem baştutanlyk edýär. 8. Türkmenistanyň sudlary garaşsyz sudlardyr, olar diňe kanuna tabyn bolýarlar. 9. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň raýatlygy ýola goýulýar. Türkmenistanyň raýatlygy, ony ýitirmegiň şertleri hem tertibi, raýatlyk meseleleri babatda beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklar Türkmenistanyň Baş Kanuny we kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistan öz çäklerinden daşardaky raýatlaryny goraýar, olara howandarlyk edýär. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Baş Kanunynda we kanunlarynda, döwletara ylalaşyklarynda, halkara hukugynyň normalarynda göz öňünde tutulan hukuklar, azatlyklar kepillendirilýär. 10. Türkmenistanyň çägindäki ýer, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi, suw hem beýleki tebigy resurslar, deňiz ykdysady zonasy halkyň milli baýlygy we eýeçiligi bolup, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýär. Umumysoýuz eýeçiliginde, SSSR-iň almaz, walýuta fondlarynda we altyn gorunda Türkmenistanyň öz paýy bardyr. 11. Türkmenistan ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmegi amala aşyrýar. Döwlet eýeçiligine bolan hukugyň her hili formalaryny ykrar edýär, olary deň derejede goraýar. 12. Türkmenistan özüniň maliýe syýasatyny, pul ulgamyny özbaşdak kesgitleýär, döwlet bank organlaryny guraýar. 13. Türkmenistan SSR Soýuzyna giren respublikalaryň garaşsyzlygyny, olaryň arasynda emele gelen serhetleriň üýtgewsizligini, olaryň çäkleriniň eldegrilmesizdigini, bölünmezdigini ykrar edýär. 14. Garaşsyz döwlet — dünýä birleşiginiň deň hukukly agzasy hökmünde Türkmenistan öz daşary syýasatyny özbaşdak düzýär we durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara guramalaryna gös-göni girýär, diplomatik, konsullyk, söwda we beýleki gatnaşyklary amala aşyrýar, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyşýar, halkara şertnamalaryny baglaşýar. 15. Türkmenistan özüniň harby syýasatyny özbaşdak kesgitleýär, çäginiň bütewiligini, garaşsyzlygyny gorap saklamagy üpjün edýär, ýaragly düzümlerini döredýär. Türkmenistan öz çägini ýadro, himiki, bakteriologik ýaraglardan, köpçülikleýin gyrýan ýaragyň beýleki görnüşlerinden azat diýip yglan edýär. 16. Türkmenistan türkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagy hakda, onuň öz milletlik ähmiýetine düşünişini artdyrmak hakda, halk däplerini ýaňadan dikeltmek hakda, döwlet dili bolan türkmen diliniň giňden ulanylmagy hakda alada edýär. Türkmenistan respublikanyň çäginde ýaşaýan ähli milletleriň, halkyýetleriň wekilleriniň milli-medeni taýdan erkin ösmek hukugyny kepillendirýär. 17. Türkmenistanyň öz döwlet nyşanlary — baýdagy, gerbi, gimni bolýar. 18. Türkmenistan SSR-niň Baş Kanunynyň kanunlarynyň şu Konstitusion Kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyň täze Baş Kanuny, kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýip bellemeli. 19. Türkmenistanyň garaşsyzlyk Gününi ählihalk baýramy diýip yglan etmeli, ony her ýyl 27-nji oktýabrda toýlamaly, şol güni iş güni däl diýip bellemeli. 20. Şu Konstitusion Kanun kabul edilen pursatyndan güýje girýär. Ruhnamadan

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir