Hamd – öwgi Wahyd, Ehad, Hakk we Mubiýn bolan Allahadyr. Ol şeýle bir Allahdyr Onuň şärigi ýokdur. Ondan başgany inkär edýärin. Hezreti Muhammediň (s.a.w.) bolsa Onuň guly we resulydygyna, adamlaryň arasyndan saýlap-seçen habybydygyna we mahlukatyň iň haýyrlysydygyna, owal we ahyr gelenleriň iň keremlisidigine şaýatdyryn. Allahyň rahmeti we salamy, hezreti Muhammede (s.a.w.), iberilen beýleki pygamberlere, Ýýer we Gök ählinden, Allaha mukarreb (ýakyn) perişdelere we salyh gullara bolsun. (Ämin). Deňi-taýy bolmadyk Allah ýar we ýardamçy hökmünde ýeterlikdir. Oňa bil baglaýaryn. Ol Arşy azymyň Rabbidir. Ony tesbih we takdis edýärin. Güýç-kuwwat diňe we diňe Oňa degişlidir. Allahyň isläni bolar, islemedigi hem bolmaz. Şuny berk bil! Allah hemme zada kadyrdyr. Ol her bir zady ylmy bilen gurşandyr. Goý, keremli Allah dinimizi, dünýämizi, Watanymyzy, milletimizi, döwlet ýolbaşçymyzy, ene-atalarymyzy, çagalarymyzy, ussatlarymyzy, gyz we erkek doganlarymyzy öz penasynda aman saklasyn. (Ämin). Çünki Ol ne gözel goraýjydyr.
RAHYM HEM RAHMAN BOLAN ALLAN ADY BLEN
-
ozik
14 years ago
- nauk yazgylan uchin tanry yalkasyn!
-
nauk
14 years ago
- ble yalkasyn! Rahyp sen ucina blaryaly tema acylsa yylan cakan yaly bolyandyr ha
-
unversal
14 years ago
- rahyp sen ozune prikol oglanmykam diyansin yone sen samsyk. Sun yaly tema yazan adamynam bir ustunden gulup bolarmay. Nailay sen
nauk 14 years ago- Bary subut etmek, ýogy subut etmekden hemişe ýeňildir. Almanyň bir görnüşiniň ýer ýüzünde bardygyny, ýeke-täk almany görkezmek bilen subut etmek bolar. Emma onuň ýokdugyny öňe sürýän kişi bütin ýer ýüzüni, hatda älemleri aýlanyp, gözläp, şondan soň subut edip biler. Bu bolsa hiç başa barmajak pişedir. Șonuň üçin, ýok hiç haçan subut edilip bilinmez.
Bir köşgüň 999 gapysy açyk ýeke biri ýapyk bolsa, şol köşge girip bolmajaklygyny aňlatmaýar. Ynha, inkär ediji hemişe ýapyk bolan bir gapyny tutaryk edinmek isleýär. Aslynda şol gapy hem onuň we oňa meňzeşleriň gözüne inen perde sebäpli, ruhy dünýälerine ýapyk görünýändir. Mü’min üçin bolsa, ýapyk gapy ýokdur. Oňa diňe açyk göz bilen seretmek ýeterlikdir. Ynha, şol gapy we delillerden birnäçesi.