Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektroenergetikasy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Elektroenergetikanyň netijeli ösüşi ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün edýär. Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan döwletimiz Aziýa yklymynyň energoüpjünçiligine saldamly goşandyny goşýar. Arkadag Prezidentimiziň energetika strategiýasynyň wajyp jähti bolup, energoresurslary dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly infrastrukturasyny döretmeklik çykyş edýär. Çünki, häzirki wagtda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen, Türkmenistan elektroenergiýany eksport edýän döwlete öwrüldi.
Milli energetika pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, dünýä energetika gurluşynda ýurdumyzyň işjeň ornuny berkitmek boýunça çäreler kesgitlenildi. Şeýle-de garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär, şunuň bilen birlikde hem energoüpjünçilik ulgamy ösdürilýär. Şu maksat bilen daşky gurşaw üçin zyýansyz bolan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleri gurşawynda innowasion tehnologiýalar işlenilip taýýarlanylýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwatlylygy 432 MWt bolan ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp ulanylyşa girizildi. Bu ýönekeý dolanşykda işleyän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň “Türkmenenergo” Döwlet Elektroenergetika Korporasiýasynyň buýurmasy esasynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Power Ltd.”, Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy. Gaz turbinaly elektrik stansiýasy ýurdymyzda ilkinji gezek gurnalan her biri 144 MWt bolan Ýaponiýanyň “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň önümi bolan 3 sany gaz turbinalary bilen enjamlaşdyryldy. Bu elektrik stansiýanyň ulanylyşa girizilmegi bilen öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýanyň kuwwatlygy 581,2 MWt çenli ýokarlanar. Bu mönüm waka ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň, şeýle hem tutuş türkmen halkynyň buýsanjyny belende galdyrdy. Bu desganyň gurlup ulanylyşa girizilmegi täze iş orunlary, ykdysady önümçiligiň dürli pudaklarynyň täze tapgyrlaryny döretmekde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan energetika syýasaty ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmaga, ekologik taýdan arassa energetikany, önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda elektroenergiýanyň sarp edilişiniň energonetijeliligini üpjün edýän, ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatdaky işleriniň hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Energiýa çeşmeleriniň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň öndürilmegine döwlet derejesinde üns berilmegi diýseň ähmiýetlidir. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurtda elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmaga we gurmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyryldy, elektro geçiriji ulgamlar, onlarça paýlaýjy desgalar işe girizildi, ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda energoüpjünçilik ulgamy täzelendi.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energetik serişdeleriň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, energetiki serişdeleriň peýdalanyş ýagdaýlarynda ilatyň saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Energetika pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde ýurdumyzda ýangyjyň has netijeli we ekologik taýdan howpsuz görnüşleriniň biri bolan tebigy gazyň uly golary ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmegini, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ätiýaçlandyrylmagyny hem-de pudagyň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz energetika pudagyna maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belläp geçýär. Çünki, bu pudagyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy elektrik energiýamyzyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginde, ilkinji nobatda, ýerli hünärmenlerimiziň, şonuň bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribesi ulanylýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň öňünde ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek we onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin hünärmenleri taýýarlamak wezipesi durýar. Bu möhüm wezipäni berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň agzybir işgärleri iň häzirki zaman elektrik energetikasy desgalarynda işlejek ýokary bilimli energetik hünärmenlerini we milli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda hem-de ykdysadyýetimizi ösdürmekde, energetika pudagynyň ähmiýetini barha artdyrmakda gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Energetika senagatyny ösdürmekde giň gerimli özgertmelere badalga berýän, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy ündeýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir